Bilelikdäki ösüşlere täze badalga
Obany ýa-da şäheri wasp edip görensiňiz. Ýyldyzly gijäni ýa-da säheri wasp edip görensiňiz. Güýzi ýa-da bahary wasp edip görensiňiz. Ýöne bularyň hiç biri Watany wasp etmek ýaly datly, lezzetli däldir. Her kim bir zatdan ylham alýar. Biziň ylham çeşmämiz — Watana bolan yşkymyz. Dünýäniň dört künjünde, ýedi yklymynda eziz ýurdumyzyň adyna aýdylýan, şanyna ýaňlanýan hoşamaý jümleler jümle-jahanyň jemalyny özünde jemleýän gudrat deýin täsirli. Ýaňy-ýakynda bir döwletli nesibe bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Malaýziýa döwletine ilkinji resmi saparynyň düzüminde bolmak bagty miýesser etdi. Bizden ýüzlerçe menzil uzaklykda ýerleşen, ekwatory erňekläp oturan Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäheri Gündogaryň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biri. Şäheriň adynyň «Läbik çaý» ýa-da «Batgalyk kenar» ýaly manylarynyň bardygyna garamazdan, bu wagt bu şäher özüniň syýahatçylyk, işewürlik we ykdysady mümkinçilikleri bilen dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Aslynda, her birimiziň aňymyzda bir ýer ýa-da bir söz barada nähilidir bir ornap galan düşünje bar. Her gezek şol söz agzalanda ilki bilen şony ýatladýan we aňladýan düşünjelerimiz ör-boýuna galýar. Malaýziýa diýlende gür tokaýlyklara basyrnyp oturan, ajaýyp tebigatly, dag-dereli, çeş- me-çaýly, aýlaglary, şypahanalary, taryhy mesgenleri hem-de häzirki zaman şäherleri bilen adygan, syýahatçylygyň merk