Täze kitaba buýsanç

1 gün öň
31

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň guramagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Oňa bilim işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler ajaýyp kitabyň milli medeniýetimiziň aýratynlyklary barada anyk maglumatlara salgylanýandygy, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, taryhy medeni-mirasyna  bolan buýsanjynyň artmagynda, taryhymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy, edebi däp-dessurlarymyzy, ruhy mirasymyzy ýakyndan öwremmekde uly ähmiýete eýedigi, onuň  ýaşlar üçin hem uly gollanma, terbiýe mekdebi bolup durýandygy dogrusynda biýsanç bilen giňişleýin durup geçdiler. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

Resul Atajanow,
TKA-niň Esenguly etrap birleşmesiniň başlygy.