"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Şanly ýylyň buýsanjy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly taryhy wakalara beslenip tamamlanyp barýar. Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreleri bilen şöhratlanýan ýylymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Üstümizdäki ýylda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmekde, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda belent sepgitlere ýetilýär. Şeýle döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli işleriň dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly toýuny toýlamak bilen utgaşdyrylmagy şanly ýylymyzda guwanjymyzy goşalandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýy diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, halkara derejesinde-de giňden bellenilip geçildi we geçilýär. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň dürler hazynasy bolan edebi mirasynyň belent sarpasynyň ýaňy bolup alyslara aşýar.

Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi

Bagtdan paýly nesiller Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda başy başlanan beýik işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ählitaraplaýyn pajarlap ösýär. Şeýle bolansoň bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar.

Oba hojalygy: gyş-meýdan işleri

Guramaçylykly barýar Şu günler ekerançylyk ýerlerinde gyş-meýdan işleri gyzgalaňly dowam edýär. Gallaçylar kadaly boý alýan ak ekine ideg etseler, şugundyrçy kärendeçiler ýetişdirilen hasyly ýygnamak bilen meşgul bolýarlar. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna görä, toprak bejergisiniň özeni bolan sürüm işleri utgaşykly dowam etdirilýär.

Gant şugundyry ýygylýar

Yhlasly zähmetiň höziri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalyk ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiz her gektar ýeriň düşewüntliligini artdyrmak, hasyllylygyny ýokarlandyrmak, bir ýylda ýerden iki hasyl almagyň hasabyna öndürilýän önümleriň mukdaryny köpeltmek babatynda ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanýan önüm öndürijiler gowaçadyr bugdaýyň, gant şugundyrynyň bol hasylyny ýetişdirmäge çalyşýarlar. Welaýatymyzyň zähmetsöýer kärendeçileri şu günler bugdaýdan boşan meýdana ekilip, bol hasyly ýetişdirilen gant şugundyryny ýygnamak bilen meşgullanýarlar.

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

Iri pudagyň gadamlary Döwlet Baştutanymyz halk hojalygynyň möhüm pudagy bolan elektroenergetika pudagynyň durnukly ösüşiniň gazanylmagyna örän uly üns berýär. Çünki, elektroenergetika pudagynyň ösdürilmegi diňe bir halk hojalygymyzyň beýleki ugurlarynyň döwrebap ösdürilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlanmagyna-da oňyn täsirini ýetirýär. Hut şonuň üçinem elektroenergetika pudagynyň depginli ösüşini gazanmak wajyp wezipe bolup durýar.

Telekeçilige — giň ýol

Ýeňişli sepgitler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Telekeçiler — ýurdumyzyň altyn gaznasydyr” diýen sözlerinden ugur alýan türkmen telekeçileri Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde giň möçberli işleri durmuşa geçirýärler. Hususyýetçileriň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tagallalary tamamlanyp barýan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da rowaçlyklara beslenýär.

Sözüň güýji

Göwün aldamaýar, göwün aldanýar Bir halypa şägirtlerinden:

Goňşy welaýatdan hat

Halk mirasynyň howandarlary Şu ýazgyma şeýle sözbaşy goýup, ýalňyşandyryn ýa-da öteräk gidendirin öýdemok. Sebäbi, Mary welaýatynda halkyň gymmatly medeni mirasynyň howandarlary az däl. Özem ýalňyşmasam, munuň gözbaşynda ýurdumyzda meşhur mirasgär Ümür Esen durdumyka diýýärin. Bu günki günde onuň başlan başlangyjy ýurdumyzyň ähli ýerinde işjeň dowam etdirilýär. Şu setirleriň awtory hem özüne Ümür Eseniň şägirdi diýilmegini uly mertebe hasaplaýar.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Tebigat gözelliginiň waspçysy XVIII asyr türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejesinde geçirilýän çäreler, dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, bütin Gündogaryň beýik şahyry we akyldarydyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi adamzadyň geçmişini, şu gününi we geljegini öwrenmekde egsilmez hazynadyr, düýpsüz ummandyr.

Ol surata düşürmegiň ussadydy

Ussat fotosuratçylar hakynda söz açylsa, Sapargeldi Rozyýewiň ady ilkinjileriň hatarynda tutulýar. Elbetde, bu ýöne ýerden däl. Men ussat fotosuratçy Sapargeldi aga bilen ýakyndan tanyş bolup, onuň adamkärçiliginiň belentdigine, işine jany-teni bilen berlendigine, durmuşyň täsin pursatlaryny ussatlyk bilen surata düşürip bilýändigine anyk göz ýetirdim. Ýeri gelende aýtsam, men şol wagtlar Ýolöten şäherindäki 1-nji orta mekdebiň 9-njy synpynda okaýardym. Türkmen dili we edebiýaty dersinden bizi Sapargeldi mugallym okadýardy. Sapargeldi aganyň iş otagynda dürli döwürlerde düşürilen suratlaryň ençemesi diwarda asylgy durardy. Suratlar biri-birinden täsirli bolansoň, suratçy olaryň iň täsirlilerini, naýbaşylaryny saýlap asyp goýan bolmaly diýen pikir kalbyňda peýda bolýar. Suratlaryň birinde döşi gapak ýaly pälwanyň billeşen garşydaşynyň arkasyny ýere degrip barýan pursady suratlandyrylýan bolsa, ýene bir suratda Pendi çölünde gül-gülälege meňzäp duran gözelleriň nagma kakyp oturan mahaly olaryň ýokarsynda owaza maýyl bolup gaýmalaşýan guşlar görünýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Ýaş nesillerimizi bilimli, terbiýeli edip ýetişdirmekde jan aýaman zähmet çekýän mugallymlaryň biri Ogulşat Saýlyýewadyr. Ol Baýramaly etrabyndaky 11-nji orta mekdepde taryh mugallymy bolup işleýär. Şeýle-de, ol synp ýolbaşçysy hökmünde okuwçylaryň tertibine, bilimine gözegçilik edýär. Ýaşlygyna garamazdan, Ogulşat mugallym il arasynda ökde mugallymlaryň hatarynda tanalýar. Ol ýaşlara taryh dersi boýunça sapak berip, okuwçylaryň sowatly bolup ýetişmegi ugrunda irginsiz aladalanýar. O. Saýlyýewa birnäçe görkezme esbaplaryň üsti bilen okuwçylara sapagy oňat düşündirýär. Şeýle-de, Ogulşat mugallym özüniň geçýän synp sagatlarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren kitaplaryndan giňden peýdalanýar.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Şu günüň talaby Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda öňümizde jogapkärli wezipeler durup, olaryň durmuşa geçirilmegine her birimiz mynasyp goşandymyzy goşýarys. Raýat jemgyýetimiziň demokratik ýol-ýörelgeler bilen ynamly öňe gitmeginde, ösüşli döwrümiziň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginde tutumly işler ýaýbaňlandyrylýar. Döwrebap kanunlar kabul edilip, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň milli kanunçylygyny pugtalandyrmakda ýokary netijeler gazanylýar.

Düşündiriş çäreleriň ähmiýeti

Bölümimiziň gözegçileri welaýatymyzyň ýollarynyň we köçeleriniň hadysasyz bolmagy ugrunda aladalanýarlar. Köçe-ýollarda ulaglaryň mukdarynyň artyp, gatnawyň ýokarlanmagy işimiziň jogapkärçiligini artdyrýar. Gözegçilerimiz ýollara berk gözegçiligi ýola goýmak bilen, düşündiriş çäreleriniň talaba laýyk alnyp barylmagyna-da uly ähmiýet berýärler. Sebäbi, bu işiň gowy guralmagy welaýatymyzyň ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň azalmagyna netijeli täsirini ýetirýär. Şeýle çäreleriň çagalar bilen baglanyşykly ýol-ulag hadysalaryny aradan aýyrmakdaky ähmiýetini aýratyn nygtamalydyrys. Şonuň üçinem biz welaýatymyzdaky mekdeplerde, çagalar baglarynda düşündiriş işini göwnejaý ýola goýýarys. Çagalar bilen duşuşyklarymyzda diwarlyklardyr beýleki görkezme esbaplarynyň kömegi bilen köçäni ýa-da ýoly kesip geçmegiň, gatnawly köçeleriň gyrasyndan ýöremegiň, çatryklardaky ýolyşyklaryň, ýol belgileriniň olara degişlileriniň talaplaryny düşündirýäris.

DEGIŞMELER

Pul karz alyp, soňam bermeýän ýakasy gaýyşly biri goňşusynyň ýanynda zeýrenýär: — Adamlaryň tüýs husytlygy çykypdyr. Mämmetden 500 manatjyk karz diledim welin, ýüzüme garany çekip, hakyt bermedi-dä:

Arzuw

Ownujak zatlary agzap durmalyň, Aýlar geçip, ýyllar aýlanyp dursun.

Halkyň hazynasyndan

ROWAÝAT, GÖNEZLIGI — HAKYKAT Ýetginjek döwrümiz hyşa, ýylgyn ýygmaga Temriniň oýuna giderdik. Ýogsa, şeýle jeňňellik Gäwürgalanyň aşak ýüzündäki Welnam ýatan oýda-da bardy. Ýöne ol ýerden näme üçindir birhili, üýşenerdik.

Syntgylanan setirler

Arkaňa alyp biläýjek dagyňa arka berseň gowy. Arzuw azalansoň ýatlama köpelýär. Arzuw edip bilmeýän ýatlamalara berilýär.

Sport syýasatynyň gadamlary

RUHUBELENTLIGIŇ GÖZBAŞY Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan sport syýasatynyň gadamlary batlanýar. Türkmen türgenleriniň dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda gazanýan ýeňişleri soňky ýatlanymyza doly şaýatlyk edýär. Türgenlerimiziň halkara ýaryşlaryndaky şowly çykyşlary Türkmenistan döwletimiziň halkara sport abraýynyň täze belentliklere çykmagyna bähbitli täsirini ýetirýär.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Peýdaly maslahatlar Gyş paslynda ýagyş-ýagmyrly aşa sowuk howada kiçi ýaşly çagalaryň we gartaşan adamlaryň ýeke özüniň köçä çykmagyna ýol bermeli däl.

Durmuşda gazy howpsuz ulanmagyň kadalaryny berjaý edeliň we tygşytly ulanalyň!

“Marygazüpjünçilik” müdirligi welaýatymyzyň tebigy gazy sarp edijilerine ýüzlenýär Tebigy gaz amatly we tygşytly energiýa çeşmesidir hem-de biziň milli baýlygymyzdyr. Tebigy gazy tygşytly hem-de howpsuz ulanmak biziň borjumyzdyr. Ýöne onuň nädogry ulanylmagy howply netijelere getirip biler. Şonuň üçin heläkçilikleriň öňüni almak we özüňiziň hem-de ýakynlaryňyzyň saglygyny goramak üçin durmuşda gazy howpsuz ulanmagyň düzgünlerini berk berjaý etmek möhümdir.