"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanyna baýramçylyk dabarasy

12-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow konsertiň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi

TOÝLARY-TOÝLARA ULAŞÝAN, DIÝARYM Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkymyzyň her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere, toýdur baýramlara beslenýär. Şeýle bagtyýarlygyň saýasynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň bolelin, eşretli ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Okuw-maslahat geçirildi

Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň, “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň bilelikde guramagynda onlaýn okuw-maslahaty geçirildi. Okuw-maslahata TDEI-niň, Mary nebitgaz orta hünär mekdebiniň, S.A. Nyyazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň, Aşgabat şäherindäki we Lebap welaýatyndaky orta hünär mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Maslahatda “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni Begenç Çaryýew, TDEI-niň mugallymlary Arslan Agaýew, Maksat Gurbansähedow çykyş etdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamyna aýratyn üns berilýändigi, ýaş nesilleriň geljekde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup kemala gelmegi ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada täsirli gürrüň edildi.

Wagyz-nesihat çäreleri

EDEP-TERBIÝELILIK — ÝAŞLARYŇ ÝARAŞYGY Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajap eýýamymyzyň mynasyp neslini kemala getirmäge gönükdirilen wezipelerinden ugur alnyp terbiýeçilik çäreleri geçirilýär. Golaýda şeýle çäreleriň biri etrapdaky 10-njy orta mekdepde geçirildi. Çäräni TKA-nyň etrap birleşmesi TDP-niň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurady. Oňa ýokarda atlary agzalan guramalaryň işgärleri, 1,15-nji orta mekdepleriň mugallymlary, 10-njy orta mekdebiň mugallymlary we ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekilini kabul etdi

Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hökmünde wezipesini tamamlaýan hanym Teri Hakalany kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şunda Ýewropa Bileleşiginde sebitde we dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar!Hormatly adamlar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da artdyrýan şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Belent ruhy ýörelgeleriň dowamatlylygy — Watanymyzyň rowaçlygynyň binýady

Ahal welaýaty, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda hajy Arkadagymyzyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna sadaka berildi. Munuň özi halkymyzyň köpasyrlyk ýörelgeleriniň, maşgala gymmatlyklarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Sadaka Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç KAMILOWA Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, milli däp-dessurlary ösdürmekde hem-de ruhy ýakynlyk gatnaşyklary bilen bagly iki doganlyk halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç Kamilowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daşary syýasy üstünlikler bilen garşy alynýan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bagtyýar geljegi, türkmen halkynyň abadan, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Halkara Bitaraplyk güni

Dünýä doldy şanly toýuň baýramy, Parahat parlaýar Döwlet baýdagy Şu gün ir säher bilen Mary şäheriniň merkezindäki Baş Baýdak meýdançasy şatlyk-şowhuna beslendi. Bu ýerde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaraly baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabara welaýat häkimligi we welaýat medeniýet müdirligi, syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralyp, oňa welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň KARARY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmekde, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy, parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny dünýäde dabaralandyrmakda, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň görnükli nusgawy şahyry pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny toplamakda, ylmy esasda öwrenmekde, türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer ruhy-ahlak garaýyşlarynyň esasynda terbiýelemekde, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde, dana şahyryň edebi mirasyny kanun esasynda ebedileşdirmekde bitiren görnükli hyzmatlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynas

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy dekabry) Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bitewi suw» sammitindäki ÇYKYŞY

Hormatly sammite gatnaşyjylar! Hanymlar we jenaplar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Arkadag şäheri, 2024-nji ýylyň 7-nji dekabry) Hormatly müdiriýetiň agzalary!

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda maksatnamalaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde, dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmakda, halklaryň arasynda parahatçylyk, dost-doganlyk köprülerini gurmakda, medeni diplomatiýany üstünlikli ösdürmekde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany dünýäde abraýly döwletleriň hataryna goşmakda, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden we toplan ruhy we maddy gymmatlyklaryny, durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalaryny ylmy taýdan esaslandyrmakda, dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň bütindünýä medeni gymmatlyklarynyň hatarynda, dünýä halklarynyň edebiýatynda, jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny, onuň milli döwletlilik taglymatyny, öwüt-nesihat, dünýewi häsiýetli ynsanperwer garaýyşlaryny öwrenmek boýunça ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň alymlarynyň, döredijilik işgärleriniň, dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmekde, halkara ylmy maslahatlary geçirmekde, ýurdumyzda ylmy, medeniýeti, edebiýaty ösdürmekde, öz ýiti zehininden we jöwher paýhasyndan dörän e

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA Magtymguly adyndaky halkara baýragy bermek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ýola goýan syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Ajaýyp kitaby okap...

ŞÖHRATLY GEÇMIŞIMIZIŇ BEÝANY Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz okyjylaryna peşgeş berýän gyzyldan gymmatly kitaplary uly gyzyklanma döredýär. Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen iline gymmatly sowgady bolan ýene bir täze kitaby — “Hakyda göwheri” atly kitaby çapdan çykdy. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen bu kitabyň halkymyzyň ýankitabyna öwrüljekdigi we Milli Liderimiziň ozalky döreden ajaýyp kitaplarynyň hatarynda mynasyp orny eýelejekdigi guwandyrýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy

MIZEMEZ ASUDALYGYŇ KEPILI Bu şanly sene — 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, hakykatdan-da, altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmenistan ýurdumyz häzir diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, tutuş dünýäde ylalaşdyryjy merkezleriň biri hökmünde ykrar edildi. Garaşsyz Türkmenistan özüniň oňyn Bitaraplyk syýasatyna hemişe wepaly bolup galýar.

Sylaglaryňyz gutly bolsun

KÖŇÜLLERI BUÝSANDYRDY Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dabaralary älem içre ýaň salýar. Adyndan belli bolşy ýaly, bu ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde dabaralanýar. Bu bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dana şahyrymyzyň baý döredijiligine goýýan belent sarpasynyň aýdyň nyşanydyr.

Şa serpaýynyň eýelerine söz berýäris

ŞATLYKLY WAKANYŇ GUWANJY Asly Oguz handan gaýdýan merdana türkmen halkynyň toýdur baýramlary goşa-goşadan gelýär. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda meniň durmuşymda ýatdan çykmajak şatlykly wakalaryň biri boldy. Has takygy, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna — Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly aladalary netijesinde ujypsyzja zähmetimize, şeýle uly baha berilmegi örän buýsandyrýar. Bu bolsa, gije-gündiz arman--ýadaman halal zähmet çekmäge, ýaşlarymyzy watançylyk we millilik ruhda terbiýelemäge ruhlandyrdy.