"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Ýeňijilere üstünlik arzuw edýäris

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döredijilik bilen meşgullanýanlaryň sany günsaýyn artýar. Eziz Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň, bagtyýar halkymyzyň, ene topragymyzyň, gözel tebigatymyzyň waspyny ýetirýän ýazyjy-şahyrlaryň erkin döretmegi üçin ähli mümkinçilikler bar. Döredijilik dünýäsinde gulaçlap ýüzýän galamdaşlarymyz bu günki günde joşgunly zähmet çekýärler. Biziň «Maru — şahu jahan» welaýat gazetimiz bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýan ildeşlerimiziň döredijiliginde ukyp-başarnyk bar. Makaladyr hekaýalary, goşgulary bilen gazetimizde yzygiderli çykyş edýän döredijilik adamlary üçin ýörite bäsleşikler guralýar.

Senenamalar hakynda

Biziň döwrümiz ylmyň, tehnologiýalaryň ösen döwri bolup, geçen wakalaryň ýyllaryny, islendik eseriň ýazylan wagtyny, bizi gyzyklandyrýan taryhy şahsyýetleriň, isle, ýazyjy bolsun, isle, alym, olaryň doglan, ýaşan wagtlaryny bilmek iň aňsat zatlaryň birine öwrüldi. Bu zatlary bilmek hem-de bellemek üçin örän oňaýly bolan kalendarlar (senenamalar) ulanylýar. Häzirki ulanylýan senenamalarymyzyň hasaby nireden gelip çykypdyr? Adamzat taryhynda ulanylan we ulanylýan senenamalarynyň sany onlarçadyr we dürli-dürlidir. Taryhy çeşmeleriň habar bermegine görä, 6 müň ýyldan gowrak taryhy bolan senenamalar öz gözbaşyny gadymy Müsürden alyp gaýdypdyr. Biz makalamyzda giňden ýaýran we uzak ýyllaryň dowamynda ulanylyp gelýän Milady we Hijri senenamasy barada durup geçmekçi.

Giň mümkinçilikleriň ulgamy

Garaşsyz döwletimiziň ykdysadyýetini ösüş--özgerişli döwrümiziň talaplaryna laýyklykda depginli ösdürmekde Gahryman hem mähriban Prezidentimiz wajyp wezipeleri öňe sürýär. Şol wezipeleriň birem sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyryp, ýurdumyzy çalt depginlerde ösdürmekdir. Halk hojalygyna we beýleki ulgamlara öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary ornaşdyrmak şu günüň wajyp wezipesi bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlarynda sanly ykdysadyýet giň gerime eýe bolup, Arkadag Prezidentimiz kämil ulgama geçilmegi bilen bagly giň möçberli işler barada möhüm wezipeleri öňde goýýar. Milli Liderimiziň “Türkmenistanda 2019 — 2025--nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekmegi bilen ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda uly işler durmuşa geçirilip başlandy. Sanly ykdysadyýetiň ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde, onuň netijeliligini ýokarlandyrmakda ähmiýeti uludyr. Muny institutymyzda alnyp barylýan işlerem doly subut edýär. Biz, talyplara bilim berip, hünär öwretmekde kämil ulgamdan peýdalanylmagy gowy netijeleri berýär.

Kitaphana ulgamy ösdürilýär

Zähmet üstünlige ýetirýär Eziz Arkadagymyzyň saýasynda Diýarymyz günsaýyn ösýär, özgerýär. Ýurdumyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, kitaphana ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly, döwrebap bilim-terbiýeli bagtyýar ýaşlar bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda hereket edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp saglygy goraýyş işgärleri yhlasly zähmet çekýärler. Şolaryň hatarynda welaýat çagalar hassahanasynyň rewmokardiologiýa bölüminiň müdiri Gülbahar Nepesowa bilen şepagat uýasy Tawus Permanowany hem agzamak bolar. Olar ýaş nesilleriň saglygyny gorap saklamak ugrunda irginsiz alada edip, hassahananyň dünýä ülňülerine kybap gelýän ýokary tehnologiýaly enjamlarynyň üsti bilen körpeleriň saglygyny bejerýärler.

Halypa hakynda söz

Gahryman Arkadagymyzyň sowgat beren mekdebiniň — Murgap etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň ilkinji müdiri Gapur Baýramalyýew bu mekdebiň agzybir mugallymlarynyň arasynda ykrar edilen halypa. Onuň dowamly kyrk bäş ýyllyk zähmet ýoly mekdep bilen baglanyşykly. Gapur Baýramalyýew 1976-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh bölümini tamamlap, öz okan mekdebinde — Murgap etrabyndaky 10-njy orta mekdepde ilki başlangyç synp, soňra taryh mugallymy bolup işledi.

Sport syýasatynyň gadamlary

Aýdyň ýol Bagtyýarlyk zamanamyzyň ýyllarynda Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly il-günümiziň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadag Prezidentimiziň öňe süren sport syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň halkara abraýy täze belentliklere çykýar. Gahryman Prezidentimiziň görkezmelerinden ugur alyp, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlar, sport mekdepleridir sport desgalary ýaşlaryň gelim- -gidimli ýerine öwrüldi. Indi şol sport mekdeplerinde ýaş türgenleriň uly topary sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik geçýärler.

Fizika boýunça nobel baýragyna mynasyp bolanlar

2020-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda nobatdaky Nobel hepdeligi öz işine başlady. Bu hepdelik üstümizdäki ýylda Nobel baýragyna mynasyp bolanlary äşgär etmek üçin geçirildi. Şwed himigi Alfred Nobeliň adyny göterýän Nobel baýragy dünýäde iň abraýly halkara baýrakdyr. Ol baýrak fizika, himiýa, lukmançylyk we fiziologiýa, edebiýat hem-de parahatçylyk ugurlary boýunça halkara derejede ýerine ýetirilen has ähmiýetli işler üçin berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

30-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň öňüsyrasynda Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýyl üçin bilelikdäki soňky mejlisini geçirdi. Şeýle hem mejlise Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri çagyryldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G. Mämmedowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada maglumat berdi. 2021-nji ýyly “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan etmek hakyndaky teklip öňe sürüldi hem-de Täze ýylyň nyşanynyň taslamasy milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.

Türkmenistanyň mejlisiniň karary

2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakynda Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli ýyl boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany 2021-nji ýyly geljege ynam bilen garşylady

31-nji dekabr — 1-nji ýanwar. Türkmenistanlylar tutuş dünýä iň gowy geljegi sowgat edip, gadam urýan Täze ýyly hoş niýetler we ajaýyp umytlar bilen garşyladylar. Ýurdumyzyň Baş arçasy oturdylan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança esasy Täze ýyl dabaralarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Şatlyga besleýip ojak-öýleri, hoş gelipsiň, arzuwlaryň baýramy!

Welaýat merkezinde 2020-nji–— Türkmenistan —–Bitaraplygyň mekany ýylymyz bilen, hoşlaşyp ony taryha ugradyp, täze — 2021-nji —–Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny uly şatlyk-şowhun bilen garşylamak dabarasy boldy. Welaýat kitaphanasynyň öňündäki giň meýdança baýramçylyk röwşünde bezelip, Täze ýyl arçasynyň dürli reňkdäki yşyklary bu ýere gelenlerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Hemmeleriň, aýratyn-da çagalaryň uly söýgi bilen garşylaýan baýramy bolan Täze ýyl köňüllerde ruhubelentlik duýgusyny oýardy. Çünki, Täze ýyl — sowgatlaryň baýramy, Täze ýyl —–maşgala baýramy, Täze ýyl — süýji arzuwlaryň baýramy. Arçanyň dürli öwüşgindäki yşyklary şäher merkezine has-da üýtgeşik bezeg berdi. Baky bagtyýarlygyň senasy bolup ýaňlanýan aýdym-sazlar baýramçylyk dabarasyna şowhun çaýdy. Aýdymlarda parahat, asuda, eşretli, bagtyýar durmuşymyzyň, gözel Diýarymyzyň, Arkadag Prezidentimiziň waspy ýetirildi. Şeýle ýatdan çykmajak şatlyga beslenen pursatda Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň arasynda guralan teleköprä biziň ildeşlerimiz hem goşuldy. Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Duşak Annagulyýew, şeýle-de, kalplary şatlykdan püre-pür baýramçylyk lybasyndaky ýaş nesillerimiz gözel Diýarymyza, her bir öýe bagt, şatlyk, gülki, rysgal-döwlet getirjek Täze ýyla bolan buýsanç duýgularyny, şeýle ajaýyp durmuş üçin Gahryman Arkadagymyza bolan çuňňur hoşallyklaryn

Belende galdyryp ýaşyl tugumy, garşylaýas täze dogan her güni

Täze —–2021-nji —–Türkmenistan — parahatçylyyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzyň ilkinji gününiň ir säherinde uly ruhubelentlige beslenen ildeşlerimiz welaýat merkezindäki Baş baýdak meýdançasyna ýygnandylar. Bu ýere welaýat, etrap, şäher häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri geldiler. Täze ýylyň täze säherinde Baş baýdak meýdançasynda Döwlet senamyz belentden ýaňlanyp, berkararlygyň, asudalygyň, baky bagtyň nyşany bolan ýaşyl Tugumyz al-asmana galdyryldy. Baky bagtyýarlygyň güwänamasy bolup, asuda asmanymyzda parlaýan ýaşyl Tugumyz bu ýere ýygnananlarda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Soňra welaýat häkimi Döwranberdi Annaberdiýew, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Durdy Saparow baýramçylyk gutlaglaryny, bagtyýar durmuşa buýsançlaryny, Arkadag Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler. Soňra bu ýerde belentden ýaňlanan aýdym-sazlar baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny artdyrdy.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Antibiotik derman serişdeleri Antibiotik derman serişdeleri XX asyrda alymlar tarapyndan açylyp, ulanylyp başlanylmagy dürli bakterial keselleriň bejergisinde täze basgançak boldy. Ylmyň öňe gitmegi bilen bu derman serişdeleriniň her dürli täze görnüşleri ýüze çykaryldy we dürli keselleriň bejergisinde giňden ulanylýar.