"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Resmi habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi. * * *

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Täsirli geçdi Golaýda Mary etrabyndaky 8-nji orta mekdepde TDP-niň etrap komiteti etrap bilim bölümi bilen bilelikde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Dabara etrapdaky 3-nji, 24-nji, 17-nji we 29-njy orta mekdepleriň mugallymlary gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabaralary

Täze ýyl gelýär Wekilbazar etrabynyň gözel künjeginde ýerleşýän “Belent” toý mekanynda täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Wekilbazar etrap häkimligi Mary etrap häkimligi, TMÝG-niň Wekilbazar hem-de Mary etrap geňeşleri, Wekilbazar etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde «Arkadagly Gahryman Serdar bilen, eziz Diýar bagta ýar, ak arzuwlara beslenip Täze ýyl gelýär» ady bilen baýramçylyk çäresini geçirdi.

Wagyz-nesihat çäresi

Tertip-düzgün ündeldi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şan-şöhrata beslenen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň tamamlanmagyna sanlyja gün galdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda uludan bellenilip geçilýän Täze ýyl baýramyna taýýarlyk çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şu baýramçylygyň şatlykly toýlanylmagyny üpjün etmek bolsa, özümize bagly.

Türkmenistan — Malaýziýa: dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa

19-njy dekabrda Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda gepleşikler geçirildi. Şol gün ir bilen döwlet Baştutanymyz motosikletçiler kerweniniň ugratmagynda Putrajaýa şäherinde ýerleşýän Hökümet binasyna — Perdana Putra geldi.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA

1. Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri hormatly Dato Seri Anwar bin Ibrahimiň çagyrmagy boýunça 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda Malaýziýa resmi sapary amala aşyrdy. 2. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa ilkinji sapary Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky berk gatnaşyklaryň tassyklanmasy bolup durýar. 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan başlap, iki döwlet gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Nebitgaz senagaty babatda hyzmatdaşlygyň netijesinde gatnaşyklar has-da pugtalandy. Bu bolsa iki ýurt üçin hem örän möhüm bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy

19-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gyş paslynyň säheriniň irki pursatlarynda Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri gyş paslynyň tenekar howaly ir säherinde Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumynyň gurulmagy meýilleşdirilýän ýerine geldi. Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Hydyrow Gahryman Arkadagymyza Awtomobil sport toplumynyň binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky ÇYKYŞY

(Putrajaýa şäheri, 2024-nji ýylyň 19-njy dekabry) Hormatly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri!

Wagyz-nesihat çäresi

Kitap — bilimleriň çeşmesi Golaýda Murgap etrap merkezi kitapahanasynda TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda “Kitap — bilimleriň çeşmesi” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa etrapdaky edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy

18-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Malaýziýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Malaýziýanyň paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä paýtagtymyza sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary-da çagyryldy.

Täze ýyl baýramyna

Ýüreklere şatlyk paýlady Toýlary-toýlara ulaşýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň goýny ýene-de şatlyk-şagalaňa beslenýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde Täze ýyl baýramy mynasybetli guralýan aýdym-sazly dabaralara giň orun berilýär. Agzybir il-günümiziň, aýratynam, şadyýan çagajyklaryň ýürek joşgunlaryny, baýramçylyk gutlaglaryny diňläniňde, asuda, toý-baýramly mekanda ýaşaýandygyňa buýsanjyň artýar.

Ak nura beslenip gel, sen Täze ýyl!

Golaýda TDP-niň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň guramagynda Mary şäherindäki «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkeziniň ýanyndaky toý mekanynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabara geçirildi. Dabara TDP-niň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýaşuly nesliň wekilleri, gatnaşdylar. Dabarada welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlar ýaňlandy. Köňülleri buýsançdan doly ildeşlerimiz bilen söhbetdeşlikler geçirildi. Dabaranyň dowamynda TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Kakageldi Gurbanow dabara gatnaşyjylary geljek — 2025-nji ýyl bilen gutlap, welaýatymyzda dürli ugurlarda zähmet çekýän partiýanyň işjeň agzalaryna TDP-niň Syýasy Geňeşiniň we welaýat komitetiniň Hormat hatlaryny, ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdy.

Şatlyk-şowhuna beslendi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly belent sepgitleri, şanly wakalary bilen tamamlanyp barýar. Güneşli Diýarymyz toý-baýramlary bilen bagtyýarlygyň mekanyna öwrülýär. Şanly ýylymyzyň ýene bir baýramçylygyna — Täze ýyl baýramyna taýýarlyk çäreleri giň gerime eýe bolýar. Etrabymyzdaky “Bagtyýar türkmen” toý mekanynda geçirilen baýramçylyk dabarasam şeýle çäreleriň biri boldy. TKA-nyň etrap birleşmesiniň TDP-niň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi bilen bilelikde guran baýramçylyk çäresine ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, önümçiligiň öňdebaryjylary, ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada TDP-niň etrap komitetiniň hünärmeni Fatima Ibragimowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hünärmeni Ogulbagt Amanmyradowa, etrap medeniýet bölüminiň işgäri, KA-nyň işjeň agzasy Enejan Kadyrowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar ýygnananlary ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap, tamamlanyp barýan ýylda döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler dogrusynda gürrüň etdiler. Täze ýylda öňümizde durýan täze wezipeler hakynda, şeýle hem Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamak maksady bilen görülýän çäreleriň üstünde durup geçdiler. Aýdymçy-sazandalaryň we tansçylaryň şowhu

Tertip-düzgün ündeldi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly uly ýeňişlere, şanly wakalara beslenip tamamlanyp barýar. Şu günler Täze ýyl baýramçylygyny taýýarlykly garşylap, şatlyk-şowhunly geçirmek bilen bagly çäreler giň gerime eýe bolýar. Golaýda şu maksat bilen TMÝG-niň Garagum etrap geňeşiniň etrap prokuraturasy, etrabyň polisiýa we bilim bölümleri bilen bilelikde guramagynda Garagum etrabyndaky 20-nji orta mekdepde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa ýokarda ady agzalan edaralaryň we jemgyýetçilik guramasynyň işgärleri, etrapdaky 3,4, 20-nji orta mekdepleriň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar. Çärede Garagum etrap prokurorynyň uly kömekçisi Didar Elýasow, etrabyň polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-niň işgäri, polisiýanyň maýory Juma Apbakow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hünärmeni Ýazmyrat Annagurbanow, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Baýram Agajanow we beýlekiler çykyş etdiler. Olar okuwçylara baýramçylyk günleri tertip-düzgüni berk berjaý etmelidigini, Täze ýyl baýramyny maşgala agzalary bilen şatlykly belläp geçmelidigini nygtadylar. Partlaýjy jisimleri ulanmakdan daşda durmalydygyny aýratyn belläp geçdiler.

Bildiriş

Kakamyrat Öwezmyradowiç Ballyýewe berlen № 0007107 hususy telekeçi hökmünde döwlet belligine alnandygy baradaky, № 0020053 fiziki şahsyň salgyt töleýji hökmünde hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamalaryň ýitendigini habar berýäris. ***

Möhüm işleri ýokary hilli geçirmeli

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda ilki bilen welaýatlaryň häkimleriniň özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabatlaryny diňledi.

Beýik başlangyçlar rowaç alýar

Parahatçylyk — adamzadyň bähbidi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan durnukly ösüş depgini halkara giňişligindäki ýylsaýyn ýokarlanýan abraýynyň täze belentliklere çykýandygy bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu guwançly ýagdaý hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýöredýän parasatly we öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändigini doly subut edýär.

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Şöhratly taryhyň we milli mirasyň ýaňy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni guwandyryjy wakalara beslenip, halkymyzy zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Bu taryhy ýylda il-günümize ýapylýan sowgat-serpaýlar köňüllere ylham paýlaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan döreýän ajaýyp kitaplaryň halkymyza peşgeş berilmegi türkmen edebiýatynyň sarpasyny has-da beýgeldýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygynyň toýunyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň neşir edilen «Taryhy syýahat» we «Ruhy miras» diýlip atlandyrylan iki bapdan ybarat «Hakyda göwheri» atly täze kitaby hem il-günümiz üçin toý sowgady boldy.

Beýik başlangyçlar dabaralanýar

Türkmenistan — parahatlyk mekany Hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň ygtybarly kepilidir. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolup galýar. Gahryman Arkadagymyz özüniň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly kitabynda şeýle diýýär: “Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynda ata-babalarymyzyň adamzadyň şöhratly taryhyna ýazan durmuş hakykaty ýaşaýar”. Çünki, Bitaraplyk düşünjesiniň aňyrsynda adamzadyň parahatlygy, dostluk gatnaşyklary, dawa-jenjelden azat durmuş, ynsan mertebesi durýar.