"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmeniň beýik akyldar ogly we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy jöwher sözüň gudraty bilen şygryýet äleminde öçmejek yz galdyrdy. Onuň juda giň mazmunly şygyrlary kalbyňy heýjana salyp, ajaýyp durmuşy söýmäge, ynsan mertebesini belent tutmaga, adalatlylyga çagyrýar. Ähli döwürleriň nusgawy şahyrynyň il-ýurt, durmuş, adam ykbaly, söýgi baradaky örän düýpli pelsepä ýugrulan ölmez-ýitmez şygyrlary diňe bir türkmen halkyna däl, eýsem, külli adamzada ençeme asyrlaryň dowamynda ruhy lezzet berip gelýär. Şoňa görä-de, milli şahyrymyz we buýsanjymyz her bir türkmeniň öý-ojagynda, kalbynda we aňynda hemişelik ýaşaýar. Häzirki döwürde ynsanperwer beýik söz ussadynyň düýpsüz döredijilik dünýäsi hemmetaraplaýyn içgin öwrenilýär hem-de halk köpçüligine giňden ýetirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýä ýaýmaga, ösüp gelýän ýaş nesilleri halkymyzyň asyrlaryň dowamynda emele gelen milli gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna hormat goýmak ruhunda, watançylyk, ýokary ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemäge goşan uly şahsy goşantlaryny nazara alyp, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy dekabry) Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmekde, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy, parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny dünýäde dabaralandyrmakda, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň görnükli nusgawy şahyry pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny toplamakda, ylmy esasda öwrenmekde, türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik, ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer ruhy-ahlak garaýyşlarynyň esasynda terbiýelemekde, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde, dana şahyryň edebi mirasyny kanun esasynda ebedileşdirmekde bitiren görnükli hyzmatlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynas

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanylmagyňyz mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent bolmagyny, beýik ösüşlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli başlangyçlaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, 12-nji dekabrda uly baýramyň — Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilip geçiljekdigini aýtdy hem-de ýygnananlary we ähli halkymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady. Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris. Olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirip durýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Resmi habarlar

Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy. * * *

Ilçiler işe başladylar

9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýaap Oradan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde we Türkmenistan bilen Estoniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Şa serpaýynyň gowşurylyş dabarasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dabaralary älem içre ýaň salýar. Adyndan belli bolşy ýaly, bu ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz beýik söz ussadynyň adyny göterýän Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşan bilen sylaglanylmagy halkymyzyň buýsanç duýgusyny belende göterdi. Bu şatlykly habar hemmeleriň göwün guşuny ganatlandyrdy. Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, ynsanperwer işleriň alnyp barylmagy ugrunda beýik tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Oba hojalygy: täze hasylyň aladasy

Armalary ýetirildi Golaýda TDP-niň we TAP-nyň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň işgärleri bilelikde welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda boldular. Täze hasylyň aladasy babatynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, mehanizatorlar bilen özara söhbetdeşlik geçirdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň daýhanlara zähmet çekmek üçin döredip berýän mümkinçilikleri, satyn alyp berýän kuwwatly tehnikalary dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuwladylar.

Söhbetdeşlik geçirildi

Bitaraplyk — bagtyýarlygyň aýdymy Golaýda welaýat kitaphanasynda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen söhbetdeşlik hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyna bagyşlanyldy. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň işgärleri, kitaphanaçylar gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasy

Bitaraplyk — şöhradymyz-şanymyz Her bir güni toýdur baýramlara şanly senelere, taryhy wakalara beslenýän Diýarymyzda şonuň ýaly-da, biziň welaýatymyzda hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary uly şatlyk-şowhuna beslenýär.

Bildirişler

Pena Amanberdiýewiç Kowusowa berlen № 0085965 şahsy tarapyň salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň ýitendigini habar berýäris. ***

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň wekillerini kabul etdi

Aşgabat, 7-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Abbas Aliabadini we Merkezi bankynyň başlygy Mohammad Reza Farzini kabul etdi. Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyklaryny bildirip, özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga Eýranda möhüm ähmiýet berilýändigini bellediler hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Prezident Masud Pezeşkianyň iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdiler.

Resmi habar

Türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda elektroenergetika pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek barada Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy bilen ozal baglaşylan şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi. TDH.

Ösüp gelýän nesillerimiz baradaky alada beýik we ýagty geljegimiz baradaky aladadyr

7-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Oňa müdiriýetiň agzalary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň Garaşsyz döwletimiziň hem-de mähriban halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak köp sanly wakalara beslenendigini belläp, bu üstünlikleriň, syýasy, jemgyýetçilik, halkara ähmiýetli wakalaryň halkymyzy belent maksatlara ruhlandyrýandygyny, Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzy has-da artdyrýandygyny nygtady. Milli Liderimiz taryhy wakalara beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň birnäçe mejlisleriniň üstünlikli geçirilendigini hem-de gazna tarapyndan birnäçe dostlukly döwletlere ynsanperwerlik kömekleriniň iberilendigini aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mejlise gatnaşyjylary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Arkadag şäheri, 2024-nji ýylyň 7-nji dekabry) Hormatly müdiriýetiň agzalary!

Halk bähbitli beýik tagallalar

6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk toýuna barýan günlerimizde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýynyň beýgelmegi, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriniň dabaralanmagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.

«Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy dekabr (TDH). Şu gün daşary işler ministrliginde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda ileri tutulýan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Birleşen Milletler Guramasy bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Uzak ýyllaryň dowamynda bu abraýly halkara guramanyň agentlikleri hem-de düzümleýin edaralary ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uzak möhletli, strategik hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär. Bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek we utgaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goldaw bermegi esasynda şu ýylyň martynda «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi. Geňeş däp bolan dialogy giňeltmäge gönükdirilen täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança öwrüldi.