"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Täsinlikler dünýäsinde

Öň hiç görmedik ýerine taşlanan kepderi 2 müň 400 kilometrden öňki höwürtgesini tapyp bilýär. ***

Hikmetli gürrüň

Paýhas mugallymy her sapagyň soňunda bir tymsal aýdýar eken, ýöne okuwçylar, köplenç, olaryň hikmetine düşünmeýän ekenler. Agşam okuwçylaryň biri oňa ýüzlenip:

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga

Ählihalk işiniň ähmiýeti Hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýollarymyzyň ak, ömrümiziň rahat bolmagyny gazanmak maksady bilen, möhüm meselä uly üns berýär. Muňa döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, her ýylyň sentýabr aýynda döwlet derejesinde geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygam doly şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda bu çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen taýýarlyk çäreleri işjeň häsiýete eýe bolýar.

Muny bilmek gyzykly

Atlaryň görüş ukyby Atyň gözleri hemişe özüniň çuňlugy we mähremligi bilen haýrana goýup beýleki jandarlardan tapawutlanýar. Atlaryň görüş ukyby, olaryň özüni alyp barşy we ýyndamlygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Atyň gözi köp sanly iri jandarlaryň — gözlerinden has uludyr. Atlar arka tarapyndaky hereketi ýa-da zatlary hem görüp bilýärler. Atlaryň bu aýratynlygy olara duşmanyň daş keşbini öňünden duýmaga we halas bolmaga mümkinçilik berýär. Atlaryň gijelerine aýyl-saýyl görüp, güneşli günlere garanyňda, bulutly günlerde has gowy görýändigi bellenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

27-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi, şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny dikeltmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler bilen gyzyklandy. Ir säher bilen Milli Liderimiz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde bina edilen täze şähere geldi. Häzirki döwürde bu ýerde döwrebap şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bir hatarda, türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgelerine laýyklykda, ynsanperwer ähmiýetli işlere-de möhüm üns berilýär. Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň rowaçlyklara beslenmegini şertlendirýär.

Ilçiler işe başladylar

27-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Mawrikiý Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Heswar Jankeden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

27-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda iki ýurduň üstaşyr ulag kuwwatynyň doly derejede ulanylmagynyň möhümdigine üns çekildi.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan Arkadag şäherini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek, hususan-da, «akylly» şäherleriň «World Smart City Expo» atly Bütindünýä sergisine gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin Koreýa Respublikasy bilen saglygy goraýyş ulgamynda tejribe alyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 1 — 7-nji sentýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Ilçi işe başlady

26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kamboja Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sok Çeadan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti «Dragon Oil» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 26-njy awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Dragon Oil» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ikiçäk söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi. Garaşsyz Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri Milli Liderimiziň ady bilen berk baglanyşyklydyr.

Magtymguly Pyragy — şygryýet äleminiň ussady

Ýakynda etrap merkezi kitaphanasynda TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşiniň hem-de etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda “Magtymguly Pyragy — şygryýet äleminiň ussady” atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşiniň hem-de etrap merkezi kitaphanasynyň işgärleri we dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Aýgül Agajyýewa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Guwanç Ýazhanow, Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşiniň başlygy Atamyrat Ýagşyýew, etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Ogulsenem Muhadowa çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga goýulýan belent sarpa hem-de onuň goşgularyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde alnyp barylýan işler barada giňişleýin bellediler. Şonuň ýaly-da, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň diňe halkymyz tarapyndan öwrenilmän, daşary ýurtlarda hem giňden öwrenilýändigi dogrusynda duru

Wagyz-nesihat çäresi

Maşgala mukaddesligi — halkymyzyň milli terbiýesiniň gönezligi Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Baýramaly şypahanasynda şäher häkimliginiň, TZB-niň şäher bölüminiň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de ýokarda ady agzalan şypahananyň bilelikde guramagynda “Maşgala mukaddesligi — halkymyzyň milli terbiýesiniň gönezligi” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä TZB-niň şäher bölüminiň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de şypahananyň işgärleri we ýaşlar gatnaşdylar.

Bildirişler

Mary şäheriniň Hydyr Derýaýew köçesinde ýerleşýän Eziz Batyrgeldiýewiç Ýakubowa degişli bolan 32-nji jaýyna berlen tehniki tükelleýiş işiniň ýitendigini habar berýäris. ***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Arçman» şypahanasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenilýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Arçman» şypahanasyna geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli garşylanyldy.

«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

24-nji awgustda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda her ýyl geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. ...Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, bu döredijilik bäsleşigi milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge, zehinli ýaş bagşy-sazandalary ýüze çykarmaga, olary goldamaga uly ýardam berýär. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän zehinli dutarçy bagşy-sazandalaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geljekde ýurdumyzyň ýaş bagşy-sazandalarynyň şirwan perdelerde ýaňlanýan aýdym-sazlary bilen bagşyçylyk sungatymyzyň has-da ösdürilmegine uly goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli bagşyçylyk we saz sungatyny ösdürmek, kämil aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, ajaýyp döwrümiziň beýik ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny wasp etmek, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan dutarçy bagşy-sazandalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy: Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy Mähri Agaýusupowna Hommetnazarowa;

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz! Ýurdumyzyň dutarçy bagşy-sazandalarynyň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyňyz we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagşyçylyk, aýdym-saz sungatynyň has-da kämilleşmegi, dünýä ýaýylmagy ugrundaky uly aladalaryňyz üçin Size çäksiz alkyş aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, umumadamzat bähbitli tutumly işleriňiziň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.

Maslahat geçirildi

Halk Maslahaty — milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy Golaýda etrapdaky medeniýet öýünde TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrapdaky medeniýet öýüniň bilelikde gurnamagynda “Halk Maslahaty — milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. Maslahata ýokarda ady agzalan guramalaryň işgärleri, işjeň agzalary, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäresi

Maşgala mukaddesligi — halkymyzyň milli terbiýesiniň gönezligidir Ýakynda şeýle at bilen şäherimizdäki 3-nji saglyk öýünde TMÝG-niň şäher geňeşiniň, welaýat enäniň we çaganyň saglygy goraýyş merkeziniň hem-de ýokarda ady agzalan saglyk öýüniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa TMÝG-niň şäher geňeşiniň we şäherimizdäki saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli Aşgabatda ilkinji gezek geçirilen «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu giň möçberli çäräniň ýokary derejede geçirilmegi üçin döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.