"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Käselere dil bitiren sazanda

Ol wagtlar biz Ýolöten şäherindäki 1-nji orta mekdebiň IX synpynda okaýardyk. Biziň mekdebimiz bilen etrap sazçylyk mekdebi howlynyň içinde bir ýerde ýerleşýärdi. Şol döwürde Bally atly ýaş ýigit Türkmengala etrabyndan “Ýawa” kysymly motosikleti bilen gatnap, çagalara aýdym-saz ugrundan sapak berýärdi. Wagtyň geçmegi bilen dürli saz gurallarynda saz çalyp, aýdyma hiňlenip ýören ýigit bilen tanyşdyk. Görüp otursak, ol käselerde saz çalyp, meşhurlyk gazanan kompozitor Bally Rejebow bolup çykdy. Bally Rejebow Türkmengala etrabynyň häzirki Serdarýap geňeşliginiň Rahat obasynda önüp-ösen, tüýs sähraýy ýigit diýdirýän oba oglanydy. Ol şu obada ýerleşýän 4-nji orta mekdepde okap, bilim aldy. Bu mekdepde aýdym-saz, tans gurnagy işleýärdi. Bally hem dokuz-on ýaşlaryndan şol gurnaga gatnap, sazyň ilkinji notalaryny, tans etmegiň ilkinji hereketlerini öwrendi. Gurnak ýolbaşçysy çepiksije oglanda aýdym-sazdan tebigy üşügiň bardygyny duýup, Bally bilen goşmaça işlemäge wagtyny gysganmady. Dutar, gyjak, baýan, akkordeon, deprek, üflenip çalynýan saz gurallary ýetginjegiň gündelik oýnagy boldy. Mekdepdäki çeper höwesjeňler toparynyň hatarynda pagtaçylaryň, maldarlaryň öňünde çykyş edip, aýdylyşy ýaly, onuň kem-kemden “ýüzi açyldy” gidiberdi.

Biziň ruhy dünýämiz

Geçmişimiz — buýsanjymyz Türkmen halkynyň şöhratly taryhy biziň her birimiziň buýsanjymyzdyr, milli guwanjymyzdyr. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda şöhratly taryhymyzy öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde gadymy, taryhy binalarymyz öwrenilýär we dikeldilýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde hormatly Prezidentimiziň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly dürler hazynasy ajaýyp kitaby Türkmenistan Watanymyzyň çäklerinde şeýle gadymy taryhy medeniýete eýe bolan ýadygärlikler barada gymmatly edebi çeşme bolup bize ruhy goldaw berýär.

Kitaphana ulgamy ösýär

Döwrebap işleriň ugrunda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaphana ulgamynda döwrebap işler alnyp barylýar. Munuň şeýledigine eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde hereket edýän döwrebap kitaphanalarda innowasion tehnologiýalaryň gerim almagy doly güwä geçýär. Hut şonuň üçin hem kitaphana işlerini döwrebap guramakda täze iş usullaryna ýüzlenilýär. Olaryň iň esasysy kitaphana işinde täze tehnologiki işleri durmuşa geçirmekdir. Munuň özi bolsa kitap hazynalaryny dünýä kitaphanalarynyň giňden peýdalanýan iş usullaryndan ugur almakdyr.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Miras edinmegiň kadalary Türkmenistanyň Raýat kodeksi döwrebap kanunlaryň biri bolmak bilen, Kodeksiň 1096-njy maddasyna laýyklykda, kanun boýunça miras edinilende mirasdar bolup, deň paýly hukuga, birinji nobatda, çagalar (şol sanda ogullyga alnanlar), äri-aýaly we aradan çykanyň ene-atasy (ogullyga alyjylar), şeýle-de aradan çykandan soň doglan çagasy; ikinji nobatda — aradan çykanyň doganlary we uýalary, onuň atasy we enesi, babasy we mamasy durýarlar.

Asudalygyň goragynda

Sagdyn durmuşyň höziri — ýaşaýyş Dana halkymyz geçmişde-de neşekeşligi, çilimkeşligi, naskeşligi ýazgarypdyr. Bu hakykata nusgawy şahyrlarymyzyň, aýratynam, şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy toýlanylýan Magtymguly Pyragynyň eserlerindenem göz ýetirmek bolýar. Sebäbi, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerilýän maşgala agzybir, bagtly bolup, rysgal-döwleti artýar. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň berkararlygyny üpjün etmäge gönükdirilen degerli çäreler yzygiderli alnyp barylýar.

Ak ýollar — ömrümiziň rahatlygy

Köçe-ýollarymyzyň hadysasyz bolmagy üçin bölümçämiziň gözegçileri uly tagallalary edýärler. Şeýle tagallalaram köçelere we ýollara berk gözegçiligi ýola goýmakdan ybaratdyr. Awtoulaglaryň mukdarynyň ýylsaýyn ýokarlanmagy köçe-ýollarda hereketiň has artmagyna getirýär. Bu ýagdaý sürüjilerdenem, gözegçilerimizdenem jogapkärçiligi talap edýär. Biz düşündiriş çäreleriniň talaba laýyk geçirilmegine-de uly üns berýäris. Sebäbi, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň düzgünleriniň düşündirilmegi geljekde ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda ähmiýeti örän uly bolýar. Şonuň üçinem etrabymyzyň edara-guramalaryň sürüjileri bilen duşuşyp, howpsuzlyk kadalary hakynda düşündiriş işlerini geçirýäris. Abadan ýollar hakda edýän aladalarymyzyň ýerine düşýändigini ýatlamak ýakymly duýgulary döredýär.

Hoja BATYRYŇ degişmeleri

BAGTYNY GARALTJAK-DA? Şahyr Amandurdy Annadurdy (Sary bilbil) belli bir edarada mekan tutman, ol işden ol işe göçer ýörer ekeni. 1980-nji ýylda ol Aşgabatdan gelip, Maryda welaýat radiokomitetinde işe başlap, 1-2 aýdan soň Aşgabada baranda degişmek üçin Hallygözel ýeňňä şeýle diýipdir:

Başda bellidir

Bolajak ýigit ýaşlykdan, Ol owwal başda bellidir.

Hakyda

Durmuş durşuna synag Meniň ilki talyp boljak bolşum öňem bir äheňgiriň ýaramaz gyrkylyk ýasap “Ýa demrinden, ýa kömründen» diýip öz emelsizligini boýnuna almaýşy ýaly boldy.

Orazberdi ylýasy ýatlap...

Öz döwrüniň tanymal medeniýet işgärleriniň biri Orazberdi Ylýasow köp ýyllaryň dowamynda Murgap etrap medeniýet öýüniň, halk teatrynyň ýolbaşçysy bolup işlemek bilen sungata höwesjeň ýaşlaryň onlarçasyna halypalyk etdi. Onuň döreden maşgala ansambly hem welaýat, döwlet derejesindäki bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, daşary ýurtlaryň hem birnäçesinde geçirilen çärelere gatnaşdy. Orazberdiniň özi sazam çalardy, aýdymam aýdardy, sahnada keşplerem dörederdi, baýramçylyk dabaralaryny, toýlary şowhunly alyp barardy.

Bileniň — baýlygyň

Dünýä çöllükleri √ Siriýa çöllügi — Siriýanyň, Iordaniýanyň, Yragyň we Saud Arabystanynyň çäklerinde ýerleşýär. Umumy meýdany 1 million inedördül kilometr. Ortaça temperaturasy: gyşyna -70 С, tomsuna +300 С. Siriýa çöllügi esasan çägelik ýerlerdir. Ir döwürlerde düýe kerwenleri Ortaýer deňzi bilen Mesopotamiýanyň arasynda gatnaw edipdirler. Häzir bu çöllügiň üstünden goňşy ýurtlary birleşdirýän ýokary tizlikli awtoýollary geçýär.

“01” gullugynda

Pagta ýygymynda ýangyn howpsuzlygy Habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Mary şäher ÝHB-niň müdiri, içerki gullugyň maýory Şamyrat HONNAKOW bilen duşuşyp, pagta hasyly ýygylanda, daşalanda we saklananda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary barada gürrüň bermegini haýyş etdi.

Peýdaly maslahatlar

Günüň ýiti şöhlesinden goranyň! Açyk reňkli, nah matadan tikilen ýeňil eşikleri geýiň!

Wagyz-nesihat çäresi

Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, welaýat prokuraturasynyň, welaýat polisiýa müdirliginiň, welaýat kazyýetiniň bilelikde guramagynda “Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa welaýat prokuraturasynyň, welaýat polisiýa müdirliginiň, welaýat kazyýetiniň, TDP-niň welaýat komitetiniň hem-de TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri gatnaşdylar.

Bildirişler

Aýsoltan Baýramowa Batyrowa berlen № 0211376 hususy telekeçiniň bellige alyş, № 0137287 şahsy tarapyň salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamalaryň ýitendigini habar berýäris. ***

Maslahat geçirildi

Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň kämil nusgasy TDP-niň Baýramaly şäher, etrap komitetleriniň, TKA-nyň şäher, etrap birleşmeleriniň, TMÝG-niň şäher, etrap geňeşleriniň bilelikde guramagynda Baýramaly şypahanasynyň medeniýet öýünde “Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň kämil nusgasy” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata ýokarda ady agzalan guramalaryň işgärleri, işjeň agzalary, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Üns beriň, bäsleşikli söwda!

Adam hakynda alada — durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş maksady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow bilen duşuşdy we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklandy. Lukman Arkadagymyz gür baglyga bürenen, ekologik taýdan amatly howa gurşawy bolan şypahananyň çäginde agtyjaklary hem-de çowlugy bilen gezelenç etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşmak bagtynyň miýesser etmeginiň özi üçin belent mertebedigini aýtdy we häzirki döwürde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle-de oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy boýunça geçiriljek halkara foruma, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli dabaralaryň çäklerinde guralmagy meýilleşdirilýän «Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy — häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady» a

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

AMANMYRADOW K. hakynda Amanmyradow Kakamyrady, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkimi wezipesinden boşatmaly.

«Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara

Hormatly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar!