"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Hikmetli gürrüňler

Şunuň ýaly... — Men özümi hiç haçan, şol günki ýaly şeýle utançly ýagdaýda görmändim. Bir gün bir aýal meni tutdy-da, galypda heýkel guýujynyň (ýasaýanyň) ýanyna alyp bardy we “Şunuň ýaly” diýdi. Men haýran galdym we näme bolandygyny ol heýkel ýasaýandan soradym. Ol maňa:

Tymsallar

At bilen itiň söhbedi At bir gezek itiň göwnüne degipdir: “Sen aç-hor bolsaň, gapy-gapy aýlanyp, seňkildäp ýörsüň”. Şonuň üçin adamlar “It arrygy bolma, at arrygy bol” diýýärler. At aç- -hor bolsa-da öz eýesiniň gapysynda durýar. Düşündiňmi?

Çäçdepe gürrüňleri

Seň diliňden çekinip — Aga Arrygyň häli-şindi köçämizden geçäýmesi bardy welin, soňky döwürde gabat gelemok-la? — diýip, goňşularynyň biri Meret Öwezden sorapdyr.

Rowaýat

Ynsan ömri Bir gün Musa pygambere Alladan owaz gelýär: “Eý, Musa, Günüň dogýan tarapyna ýöre!”.

Iki hekaýat

Gözüň görenine ynanmalymy?! Gadym döwürlerde uly bir şäheriň adalatly, parasatly hany bolupdyr. Ol durmuşda gabat geläýmegi mümkin bolan ýagdaýlar bilen baglanyşykly meseleleri orta atyp, köşk emeldarlaryndan ýeke-täk dogry çözgüdi tapmaklygy talap eder eken.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

1-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ýetip gelen Täze, 2021-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we türk halklarynyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Täze ýylda täze sepgitler

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjyndan gözbaş alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl tamamlandy. Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň özüne mahsus at bilen gelýän ýyllary Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürilmeginiň zamanasy bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyz ösüş-özgerişleriň ýeňişli menzillerini külterleýär. Ýap-ýaňy tamamlanan 2020--nji — Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly hem Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň şan-şöhrata beslenen taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Geçen ýylda Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň uly toýunyň buýsançly dabarasy dünýä doldy. Şu taryhy senäniň dabaraly bellenilen ýylynda ýetilen belent sepgitlere, şanly wakalara ser salanyňda ýap- ýaňy jemi jemlenen ýylda milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli ägirt uly işleriň bitirilendigi guwanjyňa guwanç goşýar. 2020-nji ýylda ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýokary görkezijiler gazanyldy. Senagatda, oba hojalygynda gazanylan üstünlikler ösüş-özgerişli ýolumyzyň rowaç alýandygyny subut etdi. 2020-nji ýylda dänäniň we “ak altynyň” bereketli hasylyny ýygnap döwlete tabşyrmakda guwançly netijeler gazanyldy. Elektroenergetika, nebitga

OBA HOJALYGY: işler utgaşykly barýar

Halal işläp, haýyr tapan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, oba hojalyk pudagynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Milli Liderimiziň saýasynda daýhanlaryň zähmeti, ýaşaýyş-durmuş şertleri üns-alada bilen yzygiderli gurşalýar, çeken zähmetine mynasyp baha berlip, Watan harmanyna tabşyran hasyly üçin hasaplaşyk işleri wagtynda geçirilýär. Özleri barada aladalanylýan her bir kärendeçi daýhanlara berilýän mümkinçiliklere jogap edip, jogapkärli zähmet çekip, bol hasyl ugrunda aladalanýar. Şeýle kärendeçileriň biri hem Çarymyrat Nurmämmedowdyr.

Ajaýyp kitaplary okap...

Okanyňda dünýä açar dünýäňden Bize şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halky üçin edýän taýsyz tagallalary sanardan köp. Ömürlerimizi bagtdan serpaýlaýan mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen “Paýhas çeşmesi” atly ajaýyp kitap halkymyzyň ýankitabyna öwrüldi.

Täze ýyl arzuwlary

Täze ýyl baýramçylygy örän üýtgeşik baýramçylyklaryň biri. Sebäbi, Täze ýyl ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, adamlary uly-uly umytlara, owadan arzuwlara besleýär. Täze ýyl ajaýyp baýramçylyk bolup, dünýäniň ähli künjeklerinde baýram edilýär. Bu baýramçylyk maşgala baýramy hökmünde hem giňden bellenilip geçilýär. Öz senenamalarynda milli däplere ýykgyn edýän halklaryň köpüsinde Täze ýyl baýramçylygyny bellemek örän möhüm çäreleriň biri bolup durýar.

Ýeňijilere üstünlik arzuw edýäris

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döredijilik bilen meşgullanýanlaryň sany günsaýyn artýar. Eziz Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň, bagtyýar halkymyzyň, ene topragymyzyň, gözel tebigatymyzyň waspyny ýetirýän ýazyjy-şahyrlaryň erkin döretmegi üçin ähli mümkinçilikler bar. Döredijilik dünýäsinde gulaçlap ýüzýän galamdaşlarymyz bu günki günde joşgunly zähmet çekýärler. Biziň «Maru — şahu jahan» welaýat gazetimiz bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýan ildeşlerimiziň döredijiliginde ukyp-başarnyk bar. Makaladyr hekaýalary, goşgulary bilen gazetimizde yzygiderli çykyş edýän döredijilik adamlary üçin ýörite bäsleşikler guralýar.

Senenamalar hakynda

Biziň döwrümiz ylmyň, tehnologiýalaryň ösen döwri bolup, geçen wakalaryň ýyllaryny, islendik eseriň ýazylan wagtyny, bizi gyzyklandyrýan taryhy şahsyýetleriň, isle, ýazyjy bolsun, isle, alym, olaryň doglan, ýaşan wagtlaryny bilmek iň aňsat zatlaryň birine öwrüldi. Bu zatlary bilmek hem-de bellemek üçin örän oňaýly bolan kalendarlar (senenamalar) ulanylýar. Häzirki ulanylýan senenamalarymyzyň hasaby nireden gelip çykypdyr? Adamzat taryhynda ulanylan we ulanylýan senenamalarynyň sany onlarçadyr we dürli-dürlidir. Taryhy çeşmeleriň habar bermegine görä, 6 müň ýyldan gowrak taryhy bolan senenamalar öz gözbaşyny gadymy Müsürden alyp gaýdypdyr. Biz makalamyzda giňden ýaýran we uzak ýyllaryň dowamynda ulanylyp gelýän Milady we Hijri senenamasy barada durup geçmekçi.

Giň mümkinçilikleriň ulgamy

Garaşsyz döwletimiziň ykdysadyýetini ösüş--özgerişli döwrümiziň talaplaryna laýyklykda depginli ösdürmekde Gahryman hem mähriban Prezidentimiz wajyp wezipeleri öňe sürýär. Şol wezipeleriň birem sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyryp, ýurdumyzy çalt depginlerde ösdürmekdir. Halk hojalygyna we beýleki ulgamlara öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary ornaşdyrmak şu günüň wajyp wezipesi bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlarynda sanly ykdysadyýet giň gerime eýe bolup, Arkadag Prezidentimiz kämil ulgama geçilmegi bilen bagly giň möçberli işler barada möhüm wezipeleri öňde goýýar. Milli Liderimiziň “Türkmenistanda 2019 — 2025--nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekmegi bilen ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda uly işler durmuşa geçirilip başlandy. Sanly ykdysadyýetiň ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde, onuň netijeliligini ýokarlandyrmakda ähmiýeti uludyr. Muny institutymyzda alnyp barylýan işlerem doly subut edýär. Biz, talyplara bilim berip, hünär öwretmekde kämil ulgamdan peýdalanylmagy gowy netijeleri berýär.

Kitaphana ulgamy ösdürilýär

Zähmet üstünlige ýetirýär Eziz Arkadagymyzyň saýasynda Diýarymyz günsaýyn ösýär, özgerýär. Ýurdumyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, kitaphana ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly, döwrebap bilim-terbiýeli bagtyýar ýaşlar bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda hereket edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp saglygy goraýyş işgärleri yhlasly zähmet çekýärler. Şolaryň hatarynda welaýat çagalar hassahanasynyň rewmokardiologiýa bölüminiň müdiri Gülbahar Nepesowa bilen şepagat uýasy Tawus Permanowany hem agzamak bolar. Olar ýaş nesilleriň saglygyny gorap saklamak ugrunda irginsiz alada edip, hassahananyň dünýä ülňülerine kybap gelýän ýokary tehnologiýaly enjamlarynyň üsti bilen körpeleriň saglygyny bejerýärler.

Halypa hakynda söz

Gahryman Arkadagymyzyň sowgat beren mekdebiniň — Murgap etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň ilkinji müdiri Gapur Baýramalyýew bu mekdebiň agzybir mugallymlarynyň arasynda ykrar edilen halypa. Onuň dowamly kyrk bäş ýyllyk zähmet ýoly mekdep bilen baglanyşykly. Gapur Baýramalyýew 1976-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh bölümini tamamlap, öz okan mekdebinde — Murgap etrabyndaky 10-njy orta mekdepde ilki başlangyç synp, soňra taryh mugallymy bolup işledi.

Sport syýasatynyň gadamlary

Aýdyň ýol Bagtyýarlyk zamanamyzyň ýyllarynda Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly il-günümiziň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadag Prezidentimiziň öňe süren sport syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň halkara abraýy täze belentliklere çykýar. Gahryman Prezidentimiziň görkezmelerinden ugur alyp, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlar, sport mekdepleridir sport desgalary ýaşlaryň gelim- -gidimli ýerine öwrüldi. Indi şol sport mekdeplerinde ýaş türgenleriň uly topary sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik geçýärler.

Fizika boýunça nobel baýragyna mynasyp bolanlar

2020-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda nobatdaky Nobel hepdeligi öz işine başlady. Bu hepdelik üstümizdäki ýylda Nobel baýragyna mynasyp bolanlary äşgär etmek üçin geçirildi. Şwed himigi Alfred Nobeliň adyny göterýän Nobel baýragy dünýäde iň abraýly halkara baýrakdyr. Ol baýrak fizika, himiýa, lukmançylyk we fiziologiýa, edebiýat hem-de parahatçylyk ugurlary boýunça halkara derejede ýerine ýetirilen has ähmiýetli işler üçin berilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

30-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň öňüsyrasynda Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýyl üçin bilelikdäki soňky mejlisini geçirdi. Şeýle hem mejlise Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri çagyryldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G. Mämmedowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada maglumat berdi. 2021-nji ýyly “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan etmek hakyndaky teklip öňe sürüldi hem-de Täze ýylyň nyşanynyň taslamasy milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!