"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Üstünlige beslenýän zähmet

Bahry-Hazar bilen Jeýhunyň aralygynda, ummasyz giňişlige ýaýylyp ýatan Garagum çöli edermen maldarlarymyzyň ikinji öýi. Olaryň ýaşaýşy, durmuşy çöl meýdany, howasy, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşykly. Çöl durmuşy, maldarçylyk kesp--käri, çarwadarçylyk däp- -düzgünleri adam saýlaýar, onda-da merdi-merdanalary aýyl-saýyl edýär. «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýleni. Kyrk çilläniň başynda ýagan gar özüniň aýazly howasy bilen geldi. Galyň düşen gar meýdany ak dona büräp, esli wagt eremän ýatdy. Öz bereket-bolçulygy bilen ýagan ýagyn welaýatymyzyň edermen, merdana, zähmetsöýer maldarlaryny has-da tijenip işlemäge, gyş aladalarynyň artmagyna getirdi. «Malym — janym» diýip işleýän maldarlarymyz gyşyň gamyny ýaz iýensoňlar dowarlary dok we ýyly gyşlatmak işlerinde bökdençlik döremedi.

Halkymyzyň saglygynyň goragynda Türkmenistan “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy

18-nji ýanwarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi. Şeýlelikde, Türkmenistan Merkezi Aziýada bu sanjymy öz çäginde ulanmagy resmi taýdan makullan ilkinji döwlet boldy hem-de ony hasaba alan döwletleriň birinji onlugyna girdi.

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

Şu günler ýerleri sürmek, tekizlemek, ýapdyr-salmalary arassalamak işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bol hasyl almak üçin her bir işiň wagtynda ýerine ýetirilmegi gerek. Muňa oňat düşünýän kärendeçi daýhanlar wagtyň her bir minudyny işe sarp edýärler. Işine ökde, ezber kärendeçileriň biri hem Türkmengala etrabynyň «Ruhnama» daýhan birleşiginden Patma Ballyýewadyr. Onuň bir gektar kärende ýeri bolup, bol hasyl almagy başarýar. Ol şu günki herekediň ertirki bereketdigine örän oňat düşünýär. Patma Ballyýewa şu günler gelni Gymmat bilen kärende ýerinde gowaça ekişine taýýarlyk işlerini alyp barýar.

Belent sepgitleriň ýyly bolar

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly üstünliklere beslenen ýyllaryň biri boldy. Bu ýylda Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuny uly dabara bilen belledik. Halkara derejesinde maslahatlar geçirildi. Şeýle ruhubelentlik bilen Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda halkymyz 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna gadam basdy. Bularyň özi biziň halkymyzyň bagtyýarlygynyň, Watanymyzyň rowaçlygynyň nyşany. Elbetde, 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly hem Diýarymyz üçin uly ösüşleriň ýyly bolar. Çünki, hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda ýokary derejedäki arzuwlar bilen ýüzlendi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny bellejek ýylymyzda-da şeýle üstünlikleriň boljakdygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistan döwletimiziň ösüşlerinde, esasy iki sany sütün bolan mukaddes Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz esasy orun tutýar.

Ykdysady ösüşleriň ýoly bilen

Kämil tehnologiýalaryň eýýamy Garaşsyz döwletimiz milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly bolan üstümizdäki ýylda-da ykdysady ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Bu ýol milli ykdysadyýetimize, beýleki ulgamlara kämil tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň, öňdebaryjy tehnologiki kuwwatlyklaryň giň ornaşdyrylýan üstünlikleriň ýoludyr. Şu ýerde döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösüşi giň gerime eýe bolup, ähli ugurlaryň sanlylaşdyrylmagynda aýgytly ädimleriň badynyň artýandygyny bellemelidiris.

Şa serpaýynyň eýesi

Guwanjymy goşalandyrdy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyz ösýär we özgerýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen badalga berlen düýpli özgertmeler ýurdumyzyň ykdysady-durmuş taýdan depginli we durnukly ösdürilmegine itergi berdi. Ajap eýýamymyzda ýurdumyzda rowaç alan düýpli özgertmeler Garaşsyz döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna kuwwatly itergi berdi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň düýpli ýokarlanmagynda gowy netijeler gazanyldy.

Ýaşlar — biziň geljegimiz

Ajaýyp döwrüň guwanjy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz ýylsaýyn ösýär, özgerýär. Şol ösüşleriň gözbaşynda bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary durýar. Halkymyz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe eşretli günlerde ýaşap, eşretli günleriň hözirini görýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar» diýen sözleri bagtyýarlyk döwrüniň tutumly işlerinde beýanyny tapýar. Ýurdumyzda ýaşlar barada alada bizi aýratyn guwandyrýar.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Gawun-garpyzyň dermanlyk häsiýetleri Türkmen topragynda näçe diýseň rysgal-bereket, bolçulyk bar. Pederlerimiziň gadymy topragynda önýän gawun-garpyzdyr, erik, alma diýjekmi, ähli ir-iýmişler öz süýjüligi, tagamy bilen tapawutlanýar.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Döwrebap bilim berilýär Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzda ýaş nesillere döwrebap bilim bermekde giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ulgamda hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladasy netijesinde möhüm işler amala aşyrylýar. Şeýle şertlerden peýdalanýan halypa mugallymlar tarapyndan okatmagyň täzeçe usullary ornaşdyrylýar. Şol usullar bilen okadýan ýaş mugallymlaryň hem orny uludyr. Çünki, halypa mugallymlar degerli maslahatlary berseler, ýaş hünärmenler sanly ulgama esaslanyp, täze usullary durmuşa ornaşdyrýarlar.

Asudalygyň goragynda

Goşandymyz bolmalydyr Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan täze taryhy eýýamynyň ýyllary jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň dabaralanýan ýyllary boldy. Munuň özi milli Liderimiziň ýadawsyz aladasy bilen maşgalalarymyzyň agzybirligini, abadanlygyny, jemgyýetimiziň jebisligini, mäkämligini gazanmakda aýgytly ädimiň ädilendigini aňladýar. Bilşimiz ýaly, ajap eýýamymyzda neşekeşligiň, neşe serişdeleriniň bikanun söwdasynyň öňüni almakda, ýowuz bela bolan neşekeşligiň halkymyzyň durmuşyndan ýok bolup gitmeginde uly üstünlik gazanyldy.

“01” gullugynda

Söwda nokatlarynda ýangyn howpsuzlygy Söwda nokatlarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine şol edaranyň ýolbaşçylary jogap berýär. Ol ýerde ýerleşen söwda nokatlarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň ýerine ýetirilmegine (jaýlar, ammarlar işden soň ýapylyşyna, ot işleriniň geçirilişine, elektroenjamlaryň öçürilişine we ş.m) gözegçilik edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk hatyny iberdi

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji jenap Maýkl Iranä mähirli salamyny we minnetdarlyk hatyny ýollady. Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde türkmenistanly türgen Ýulduz Jumabaýewanyň itekläp götermekde altyn medalyň we silterläp götermekde kümüş medalyň eýesi bolandygy baradaky hoş habary ýazan Maýkl Iraniniň hatyny uly kanagatlanma we şatlyk duýgusy bilen kabul edendigini belledi.

Türkmenistanyň kanuny

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda 1-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adyny döretmeli.

Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar

Bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Köp sanly dabara gatnaşyjylar eziz Diýarymyzyň iň täze taryhyna altyn sahypalar bilen ýazyljak bu waka sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň dikuçary täze desganyň öňündäki meýdança gonýar. Ýygnananlar milli Liderimizi ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Halkara ähmiýetli desgalar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly şanly wakalara, toý-dabaralara beslenýär. Ýap-ýaňy tamamlanan Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly hem şeýle wakalara baý boldy. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň belleniljek ýyly bolan 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bolup geçen wakalar Garaşsyz Watanymyzyň taryhy senenamasyna altyn harplar bilen ýazylýar. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasynda 30 kilometrlik demirýoly ulanylmaga berildi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamy, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara aragatnaşyk ulgamy dabaraly ýagdaýda işe girizildi.

Uly joşgun bilen

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlar boýunça ajaýyp ýeňişlere beslenýän ýurdumyz ösüşleriň täze tapgyryna ynamly gadam basdy. Jemgyýetimizde ykbal kesgitleýji düýpli özgertmeleriň sazlaşykly we tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegi, olaryň kanunçylyk binýadynyň döwrebap kämilleşdirilmegi, ýurdumyzyň syýasy- jemgyýetçilik durmuşynda demokratik ýörelgeleriň barha çuňlaşdyrylmagy agzybir we jebis halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny ygtybarly üpjün edýär. Döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagy, her ýyl zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleriniň ýokarlandyrylmagy ilatymyzyň durmuş goraglylygyny we maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrýar. Ilatymyzyň erkana ýaşaýşy, asuda dynç almagy, saglygyny berkitmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Taryhy wakalara beslener

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda halkymyz belent ösüşlere we üstünliklere beslenen “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen 2020-nji ýyly şanly Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýy bilen dabaralandyryp, uly ynam hem ruhubelentlik bilen täze taryhy wakalara baý boljak “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň uludan belleniljek ýylyna gadam basdy. Bitarap döwletimiziň jemgyýetçilik we döwlet-syýasy gurluşyny kämilleşdirmek, bazar ykdysadyýetine geçilýän döwürde her bir raýatyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýany mundan beýläk hem ýaýbaňlandyrmak, döwlet häkimiýet edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek üçin maksadalaýyk işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, milli Parlamentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň palatalary bolsa Halk Maslahaty we Mejlis diýlip atlandyryldy. Bu bolsa jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň bähbitlerini goramak üçin netijeli gural bolup hyzmat eder.

Täze jaýyň açylyş dabarasy

Belent sepgitlere beslenip, dabarasy dünýä dolan taryhy wakalaryň ýyly bolan Türkmenistan —–Bitaraplygyň mekany ýyly taryhyň gatyna siňdi. Türkmen halky hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna gadam goýdy. Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toýy uludan tutuljak üstümizdäki ýylyň ilkinji günlerinden guwançly wakalara beslenýändigi il-günümiziň kalbyna nur çaýýar. Bilşimiz ýaly, ajap eýýamymyzda döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy giň gerime eýe bolýar. Şol binalardyr desgalaryň gurlup, ulanmaga berilmegi bolsa, Garaşsyz döwletimiziň gülläp ösmegine, il-günümiziň ýaşaýyş- -durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Bökdençsizlik gazanylýar

Ajap eýýamymyzda milli Liderimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasatyndan ugur alnyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Il-gün bähbitli bu wezipelerde edara-kärhanalaryň we ilatyň tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegi derwaýysdyr. Şeýle wezipäniň çözgüdi gyş aýlarynyň häzirki günlerinde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şu günüň ýokary talabyndan ugur alýan “Baýramalyşähergaz” gaz hojalyk edarasynyň işgärleri tebigy gazyň sarp edijilere bökdençsiz akymyny üpjün etmekde ýadawsyz aladalanýarlar. Gyş aýlarynyň sowuk we ygally günleri edaranyň işgärlerinden ýokary jogapkärçiligi talap edýär. Möwsümiň ýokary talabyna düşünýän ady agzalan edaranyň işgärleri Baýramaly şäheriniň sarp edijilerini mawy ýangyjyň akymy bilen üpjün etmekde ähli tagallalary edýärler. Olar dürli basyşly gaz geçirijileriň, olaryň ugrundaky gaz paýlaýjy we sazlaýjy desgalaryň gurat işlemegine yzygiderli gözegçiligi ýola goýýarlar. Gaz hojalyk edarasynda sargytlary kabul edýän bölümiň işgäri Azat Çolukow, ussa Geldimyrat Pyryýew, sürüji Alty Meretdurdyýew ýaly işine ezber zähmetsöýer adamlar has tapawutlanýarlar. Bu ýerde gyş günleriniň çylşyrymly wezipelerine abraý bilen hötde gelmek üçin degerli çäreler görülýär. Jogapkärçilik duýlup, işiň guramaçylykly ýola goýlan ýerinde bolsa gowy netijeler gazanylýar.

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Geljegi aýdyň ulgam Arkadag Prezidentimiziň başda durmagynda her ýylymyz döwrümiziň ösüşlerine mynasyp at bilen atlandyrylýar. Ählimiziň bilşimiz ýaly, bu ýylymyzyň hem “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagy hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, biziň bagtyýar Watanymyzyň at-abraýynyň bütin dünýäde dabaralanýandygyny açyp görkezýär.