"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Goşgular

ÝAŞA, TÜRKMENISTAN, ÝAŞA, ARKADAG! Bizi sowulmajak bagta ýetiren,

Rowaýat. Tymsallar

Ýagşy niýet — ýarym döwlet Türkmen halkymyzda «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýlen bir pähim bar. Bu pähimiň döreýşi şeýleräk bir rowaýat bilen beýan edilýär.

Bileniň baýlygyň

Çopanyň eşegi ýaly Aňzakly, garly gyş gijeleri çöl dym-dyrslyk bolýar. Şeýle agşamlarda gijegezer guşlaram yňkyny çykarmaýar. Çopan aga sürini kaşara, agyla, juda bolmasa, ykyşak oýtaga gabap, oduny belentden gallar. Açlyga, aýaza çydap bilmeýän möjekler ýogyn-ýogyn uwlaşyp, ilki süriniň itlerini barlar. Özlerine jogap edip üýrýän itleriň sesinden olaryň sanyny, ýaşyny-ýortmanlygyny, garrylygyny, gorkaklygyny-mertligini, «aldajyň” barlygyny-ýoklugyny biler. Onsoň “ölsem-öleýine” salyp hüjüme geçer. Gurduň ýakyn gelenini ilki çopanyň eşegi biler. Ýatan ýerinden tapyrdap howlukmaç turar-da, aňňyrmaga gorkup, hynçgyryp ýa süriniň ortasyna özüni urar, ýa çopanyň çertegine kellesini sokar. Turjak söweşden gorkup özüni nirä urjagyny bilmän özem aljyrar, töwereginem ýaga salar. Başga wagt ümsümje, gulagyny sallap duran eşek, şeýle wagt ot gapdyrar.

Türk nakyllary we atalar sözleri

It gara bolsa-da, ak bolsa-da — itdir. Ýagşylyk edenleriňden ägä bol!

Söz manysyn aňar bolsaň

Çapar Çapar sözüniň “Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde” habar ýetirýän atly habarçydygy aýdylýar. Ýene bir manysy:

Garry gaýa gaçar, ýigit — düze

Atam möwritinde bir ýolbars güýç--gurbatdan galyşyna awunam alybilmän, güneşläp ýatan ekeni. Şol mahalam onuň ýanyna bir dyzmanak möjek geläýmezmi? Olar hal-hözir soraşanlar. — Ýör, ýolbars aga, seni bir hezil etdireýin. «Hoş» diýip, yzyma düşseň bolany.

Bekgi daýynyň degişmeleri

Obadaşlarynyň arasynda Bekgi daýy ady bilen tanalýan, belli žurnalistler Annadurdy hem-de Gurbandurdy Baýramowlaryň körpe inisi Bekdurdy aganyň degişmelerini söýgüli gazetimiziň okyjylarynyň dykgatyna ýetirmek isleýärin. ***

Dograma

Halkyň arasynda dürli tagamlar taýýarlanylyp, olar halk köpçüligine hödürlenilýär. Şol naharlaryň arasynda dograma nahary meşhurlygy bilen ir wagtdan bäri bize mälimdir. Dograma naharynyň düzüminde adam bedenine zerur bolan witaminleriň esasylary bar. Ony iýen adam gurply we sagdyn bolup, iş ukyby beýleki adamlaryňkydan has ýokary bolýar. Dograma nahary, esasan, öý şertlerinde goýun malynyň kellebaşaýagyny arassalap, gazana salyp, gowy bişenden soň onuň etlerini sylap alyp, petir nany we ýeterlik mukdarda düýp sogany dograp, oňa goşup, mazaly garyşdyrylyp, gazanda gaýnap, gowy bişen kellebaş-aýagyň çorbasy guýlup iýilýär. Dograma nahary öý şertlerinde we toýdur sadakalarda ähli kişä etiň, soganyň, dogralan petir nanyň we çorbanyň deň derejede bolmagyny doly üpjün edýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

8-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýylda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem gatnaşdy. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Pudaklary ösdürmegiň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary, şeýle hem şanly senäniň — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we şu ýylyň şygary mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamalary üns merkezinde boldy.

Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ylym--bilim, ösen tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak, ýaşlary sanly ulgama geçmek boýunça geçirilýän işlere giňden çekmek, zähmete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, döwletiň, jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin şertleri döretmek hem-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Daýhanyň ygtybarly daýanjy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimizde oba hojalyk pudagy belent sepgitleri eýeledi. Daýhana zähmet çekip toprakdan bol hasyl almak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda daýhanyň ygtybarly daýanjy hasaplanýan tehnikalaryň birnäçe tapgyrlary ýurdumyza getirilýär. Olar kuwwatly, ýokary iş öndürijilikli bolup, daýhanyň ýakyn ýardamçysyna öwrülýärler. Şu günler hem ýerlerde ak ekini iýmitlendirmek, täze ekilmeli hasyl üçin sürüm, tekizleşik işleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Bu işleri ýerine ýetirmekde tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň tehnikalary hem giňden ulanylýar.

Röwşen geljege sary

Parahatçylygyň, agzybirligiň, bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistanyň bagtyýar halky Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly ynam, egsilmez hyjuw, bimöçber joşgun bilen mukaddes arzuwlaryň wysal bolýandygyna guwanyp ýaşaýar we her bir ýyly uly üstünlikler bilen jemleýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, eziz halkymyz uly joşgun bilen döredýär, gurýar, her bir güni, ýyly, guwandyryjy zähmet ýeňişlerine, rowaçlyklara, belent sepgitlere besleýär. Bu günki gün türkmen jemgyýetiniň we türkmen döwletiniň agzybirlik hem-de parahatçylyk arkaly öňe çykaran iňňän kämil döwlet syýasaty, ylmy-filosofik jähetden taraşlanan we esaslandyrylan aýdyň hem röwşen ýörelgesi çuňňur many-mazmun bilen baýlaşýar. Halkymyz watançylyk we ynsanperwerlik duýgusyna belent sarpa goýýar. Halkyň nesilden-nesle geçirip, baýlaşdyryp, rowaçlandyryp gelen sözleriniň hatarynda parahatçylyk we ynanyşmak sözleriniň mynasyp orny bar. Sebäbi, bu sözlere adamyň bir-birini tanamagynyň, hyzmatdaşlygy ýola goýmagynyň, düşünişmeginiň açary hökmünde garamak bolar.

Maslahat geçirildi

Geçen hepdäniň şenbe güni TDP-niň welaýat komitetiniň, welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde guramagynda «Mary» myhmanhanasynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, TDP-niň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň jogapkär işgärleri, welaýat medeniýet müdirliginiň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Kakageldi Gurbanow, welaýat medeniýet müdirliginiň başlygy Öwez Gylyjow, TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew, welaýat medeniýet müdirliginiň hünärmeni Gözel Begliýewa, TDP-niň Türkmengala etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Muhammetnazar Täşliýew, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Töre Nobatow, «Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň uly habarçysy Aýparça Akymowa çykyş etdiler.

Şanly ýylyň wajyp wezipeleri

Türkmen halky hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçen —– Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylyny uly üstünliklere besläp, Täze — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna uly ynam bilen gadam basdy. Ýaňy başlanan ýylda öňümizde jogapkärli wezipeler durup, olaryň ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalar edilmelidir. Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler zalynda geçirilen maslahat hem 2021-nji ýylyň meseleleriniň çözgütlerine bagyşlandy. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde “2021-nji ýyl —– Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen bu maslahat Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölümi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komiteti tarapyndan guraldy. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna – maksatly ädimler” atly bu maslahata TSTB-niň welaýat bölüminiň işgärleri, TSTP-niň welaýat komitetiniň işgärleri, işjeň agzalary, telekeçiler gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçen maslahatda TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa, telekeçi Berdimuhammet Çaryýew, “Gök böri” hususy kärhanasynyň direktory Kerim Seýidow çykyş etdiler. Olar milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda geçen ýylda ýetilen belent sepgitler, taryhy wakalar dogrusynda buýsançly gürrüň berd

Döredijilik bäsleşigi

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Diýarymyzda gysga döwrüň içinde asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň giň halkara hyzmatdaşlygyny, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyny hem-de TDP-niň döredilmeginiň 30 ýyllygyny dabaralandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, Türkmenistan –— parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda amala aşyrylýan ägirt uly işleri, özgertmeleri beýan edýän eserleri ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komiteti „«Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde döredijilik işgärleriniň arasynda publisistika, çeper döredijilik we goşgular toplumlary boýunça bäsleşik yglan edýär. Bäsleşigiň maksady:

Il saglygy – ýurt baýlygy

Ýiti respirator keseliniň öňüni alalyň! Pasyl çalşanda howanyň sowamagy bilen ýiti respirator wirus keselleri ýüze çykýar. Durmuşda bu kesel adaty ýagdaýda “sowuklama” diýlip atlandyrylýar. Keseliň esasy alamatlary burnuň akmagy ýa-da dykylmagy, bokurdak agyrynyň peýda bolmagy, sesiň gyrylmagy, üsgülewük döremegi, gyzgynyň ýokarlanmagy, kelläň agyrmagy, umumy ysgynsyzlygyň peýda bolmagy, myşsalaryň, bogunlaryň agyrmagy, kä halatlarda bir-iki gezek iç geçmegi ýaly alamatlar ýüze çykyp bilýändir. Keseliň alamatlary ýüze çykanda özbaşdak bejergi geçirmän ýaşaýan ýerleriňiz boýunça maşgala lukmanlaryna ýüz tutmalydyr. Eger-de, dürli sebäplere görä näsag öý şertlerinde bejergi almaly bolsa, ol hökmany ýagdaýda maşgaladan aýratyn otagda bolmalydyr. Köpçülik ýerlerine barmakdan, jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmakdan saklanmalydyr. Näsag gutulýança öý şertlerinde bolsa-da, agyz-burun örtügini dakynmalydyr, howpsuz aralygy (2 metr) saklamalydyr, näsagyň ulanýan gap-gaçlary, süpürgiçleri aýratyn bolmalydyr we wagtly-wagtynda zyýansyzlandyrylmalydyr.

Aýdym bilen adygan

Agşamara obanyň merkezinde ýerleşýän ýangyn jaňy üznüksiz kakylyp başlandy. Küren oba şol bada garynjanyň öýjügine öwrüldi. Öýlerinden okdurylyp çykan oba adamlary «Kimiň öýi ýanýarka?» diýip, ellerine suwly gaplary alyp ylgaşdylar. Daş-töwerege garanjaklaşdylar. Emma, ne ýangyn görünýärdi, ne-de tüsse. Az salymyň içinde äpet jaňyň töweregine üýşen jemende, hiç ýerde ýangyn döremändigine göz ýetirdi. Jaňy kakan bolsa, şol obanyň paýhasly gojalarynyň biridi. Ondan ýangyn ýok ýere näme üçin jaňy kakandygy soralanda, ol obadaşlaryna şeýle jogap berdi: — Obamyzda şeýlebir ussat bagşy döräpdir. Onuň aýdymlaryny diňledigiňçe diňläsiň gelýär. Men ol aýdymlary diňläp lezzet alýaryn. Öz obadaşlarymyzyň hem bir gezek bolsa-da, gerekli-gereksiz işlerini, dynuwsyz hysyrdylaryny bir gapdala goýup, şol bagşyny diňläp, ruhy lezzet almagyny isledim. Jaňy kakyp, sizi bu ýere jemlemegiň sebäbi şudur...

Gyzyl. Sary. Ýaşyl.

Gyş günleriniň jogapkärçiligi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli wezipeleriň birine öwrüldi. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak hemişe-de zerur welin, gyşyň ygally, sowuk günlerinde bu meselä has jogapkärli çemeleşmeli.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, şu gün ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçen, 2020-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijeleriniň jemleniljekdigini, olaryň öňünde ýakyn geljek üçin durýan wezipeleriň kesgitleniljekdigini belledi.

Buýsanjymyzyň çägi ýok

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen belent sepgitlere eýe bolýar. Ýurdumyzda her bir ýylymyz şanly wakalara, ösüşlere beslenýär. 2021-nji ýylymyz hem hormatly Prezidentimiziň makullamagy esasynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyryldy. Munuň şeýle atlandyrylmagy ýöne ýerden däl. Ol biziň ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasatynda parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň öňe sürülýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu ýylda hem ähli ulgamlarda uly ösüşlere, belent sepgitlere ýetiler. Bu ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagyna buýsanjymyzyň, begenjimiziň çägi ýok. Biz — mugallymlara işlemäge, şeýle abadan durmuşda ýaşamaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!