"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýeleri

Zehinli körpeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak, ýokary döredijilik başarnygyny ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýan zehinli çagalardyr çagalar döredijilik toparlaryny ýylyň-ýylyna Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy bilen sylaglaýar.

Zähmetiň joşýan ýerinde

Ahmet Berdiýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Ýolöten etrabynyň „«Ýeňiş» daýhan birleşigi etrapda öňdebaryjy hojalyklaryň hatarynda tanalýar. Hojalykda ak ekiniň idegi, gant şugundyryny ýygnamak, gowaça ekmeli ýerleri ekişe taýýarlamak işleri yzygiderlilikde alnyp barylýar. Daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynyň orak möwsümini üstünlikli tamamlap, ýerlerini ekişe irgözünden taýýarlap goýdular. Şeýlelikde, güýz paslynyň ilkinji günlerinde 1100 gektar ýere «Biriň müňlesin!» diýen ýagşy umytlar bilen topraga tohum sepdiler. Ekişden soň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda suw tutmak, iýmitlendiriş işlerini geçirmek işlerini yzygiderlilikde ýerine ýetirýärler. Şonuň netijesinde bu günki günde meýdan ýaşyl mahmala bürendi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden soňky oýlanmalar

Milli kanunçylygymyza buýsanç Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş kanunlarynyň esasy özeni, ýol-ýörelgesi halallyk, adalatlylyk düşünjeleridir. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda asudalygy, agzybirligi üpjün etmek, ýurdumyzyň ykdysady we syýasy durnuklylygyny gazanmak hakyndaky aladalary eziz Diýarymyzy ygtybarly özgertmeler arkaly öňe gitmegini üpjün edýär.

Öňdebaryjy ulgamyň uly geljegi

Islendik döwletiň ösüşli ýoluny ykdysadyýetiň depginli we durnukly ösdürilmegi kesgitleýär. Döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasaty Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna kuwwatly itergi berýär. Milli Liderimiziň badalga beren düýpli özgertmeleri öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň uly orna eýe bolmagy bilen sazlaşykly utgaşýar. Aýratynam, bu babatda sanly ykdysadyýetiň jemgyýetimizde durmuşa ornaşdyrylmagy uly ähmiýete eýedir. Arkadag Prezidentimiziň 2019 — 2025- -nji ýyllarda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi bilen gürrüňi edilýän meselede giň möçberli işler amala aşyrylyp başlandy. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda kämil tehnologiýalar, innowasiýalar, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Milli ykdysadyýetimize, beýleki ulgamlara sanly ykdysadyýetiň barha işjeň ornaşdyrylmagy wagtyň tygşytlanmagyna, bäsleşige ukyply önümleriň, harytlaryň öndürilişini artdyrmaga giň ýol açýar.

Guşlaryň täsinlikleri

Berkarar döwletimiziň özboluşly we örän baý tebigaty bar. Uçut gaýaly, dereli daglarymyz, aňyrsyna göz ýetmeýän çägeli çöllerimiz, tolkun atyp ýatan deňiz-derýalarymyz Diýarymyzyň tebigatyna özboluşly gözellik berýär. Hormatly Prezidentimiziň badalga bermegi bilen daşky gurşawy goramak, halkyň ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek döwletiň strategik ösüşinde ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Ýurdumyzda daş-töweregi goramak we ekologik maksatly çäreleriň alnyp barylmagy — Hazar deňziniň kenarynda „«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Garagumuň jümmüşinde „«Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi, şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň töwereginde tokaý-seýilgäh zolaklarynyň giňeldilmegi, guşlaryň, toýnakly we ýyrtyjy haýwanlaryň baş sanynyň artmagyna, käbirleriniň öňki ýaşan ýerlerine täzeden gaýdyp gelmeklerine we janly-jandarlara ýaşamaga, köpelmäge tebigy şertleri döredýär. Olar özleriniň gözelligi, täsinligi we tebigy aýratynlyklary bilen ildeşlerimiziň we bize gelýän jahankeşde myhmanlarymyzyň ünsüni özüne çekýär. Ýurdumyzda biologik dürlüligi gorap saklamak, onuň tebigy sanyny köpeltmek dogrusynda Türkmenistanyň kanunlaryny, maksatlaýyn ýerine ýetirmek işleri durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň biodürlüliginiň baýdygy ýurduň geografik ýerleşişi we ýerüstüniň aýratynlygy, onuň haýwanat dünýäsiniň taryhy ösüşiniň özboluşlylygy bilen şertlendirilýär. Häzirki günde biziň ýu

Möhüm meselä bagyşlanyldy

Täze ýyl baýramynyň yzysüre TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýygnaklar zalynda okuw-maslahat geçirildi. Bu okuw-maslahat TKA-nyň welaýat birleşmesi tarapyndan guralyp, oňa kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat, etrap, şäher birleşmeleriniň, pudaklaýyn geňeşleriniň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri, KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklary hem-de işjeň agzalary gatnaşdylar. Okuw-maslahatda hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 16-njy dekabrynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geçiren giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. “Döwlet bilen halkyň jebisligi eziz Diýarymyzyň rowaçlygydyr” at bilen geçirilen okuw--maslahatda milli Liderimiziň beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmekde jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri amala aşyrmakda, olary ilkinji guramalaryň başlyklaryna, işjeň agzalaryna ýetirmekde, wagyz etmekde, olaryň işjeňligini has-da artdyrmakda çözülmeli möhüm meseleler barada pikir alşyldy.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Gyş paslynyň aýazly günleriniň dowam etmegi dürli ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şol keselleriň öňüni almak üçin pasla görä ýyly geýinmek şu günüň wajyp wezipesi bolup durýar. Şeýle wezipeden ugur alýan saglygy goraýyş işgärlerine jogapkärli wezipe degişlidir. Mary şäherindäki 2-nji saglyk öýüniň lukmanlarydyr şepagat uýalary ynsan saglygy hakda aladalanýandyklaryny iş ýüzünde subut edýärler. Olardan göreldeli işleýän maşgala lukmany Ýusup Annaýew bilen şepagat uýasy Gülşirin Ahmedowany görkezmek bolar. Olar näsaglary güler ýüz bilen garşylap, olara degerli maslahatlary berýärler. Şeýle hem olar özlerine degişli maşgalalara baryp, öýden çykanlarynda agyz-burun örtügini dakynyp, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeklerini, öýlerinde ýygy-ýygydan üzärlik tütedip durmaklaryny ýatladyp durýarlar.

Derde derman kök

Biziň Watanymyz, has, dogrusy, ene topragymyz dermanlyk ösümliklere örän baýdyr. Amyderýanyň goşa kenarynda buýan ösümligi näçe diýseň köpdür. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat” birleşiginiň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Buýan” obasenagat toplumy tutuş ýurdumyzy buýan köküniň melhemlik şiresi bilen üpjün edýär. Buýanyň köküniň melheminiň sowuklama bilen bagly keselleri bejerijiligi hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik kitabynda hem nygtalýar. Şeýle-de buýanyň kökünden taýýarlanýan melhemleriň bedeni ýokanç keselden saplamakda uly peýdasy bardyr. Gadymy döwürde tebipler, ýagny, Gippokrat, Galen, Ibn Sina ýaly alymlar hem böwrek, gyzzyrma, öýken kesellerinde, aşgazan-içege kesellerinde buýanyň kökünden melhemler taýýarlap ulanypdyrlar. Türkmenistandaky ýeke-täk «Buýan» obasenagat toplumynyň önümleriniň bir böleginiň daşary ýurtlara eksport edilýändigini hem belläp geçmelidiris. Buýanyň köküniň düzümindäki glisirrizin turşusynyň arassa görnüşinde alnanda, adaty gantdan 50 esse süýji bolýandygy anyklanyldy, şeýle-de buýanyň kökünden köpürjikli serişdeleri öndürmek mümkinçiligi bardyr. Buýanyň kökünden has giňişleýin peýdalanmak üçin häzirki wagtda ol halkara derejesinde öwrenilýär. Türkmenabatdaky “Buýan” obasenagat toplumynda buýan köki üç görnüşde taýýarlanylýar: baglanan (bog

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş--ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de şu ýylyň şygarynyň hormatyna guralmagy göz öňünde tutulýan çäreleriň maksatnamasy baradaky meseleler girizildi. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ý. Gylyjow, Ahal welaýatynyň häkimi Ý. Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T. Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N. Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş. Amangeldiýew paýtagtymyzda we ýurdumyzyň degişli welaýatlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Taýýarlyk ýaýbaňlanýar

Mähriban Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kabul eden karary esasynda 2021-nji ýylyň 28-nji martynda boljak Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça Merkezi saýlaw toparynyň tassyklan meýilnamasy esasynda işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksini» görkezmek bolar. Şuňa laýyklykda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary diýen ýörite bölüm girizildi. Şol bölümde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary gizlin ses bermek arkaly, göni däl (gytaklaýyn) saýlaw hukugynyň esasynda welaýat halk maslahatlarynyň mejlislerinde geçirilýär.

Kämil ulgamyň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, döwrebaplaşdyrmaga we sanly ulgama geçmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Sanlylaşdyrmak işi ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna düýpli ornaşdyrylýar. “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” düzgünleriniň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürlik we maýa goýum işjeňligine, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga ýardam edýär. Sanly ykdysadyýetiň özi ykdysady we durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamy bolmak bilen, internetiň mümkinçiliklerine daýanýan ykdysady nusgany emele getirýär. Bu ýerde, esasan zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň peselmegi we bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlanmagy ýaly mümkinçilikler göz öňünde tutulýar. Sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde sarp edijileriň islegleri has çalt we ýokary hil derejesinde kanagatlandyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmegi üçin, esasan, üpjünçilik ulgamy (internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi, telearagatnaşyk), elektron işewürligi (hojalyk işini kompýuter torlary arkaly dolandyrmak) we elektron söwda (harytlaryň, hyzmatlaryň internet arkaly ýerlenmegi) ýaly üç ugruň berjaý edilmegi zerur bolup durýar.

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

Hasyl ýygnalýar Gadamy batly, geljege ynamly barýan Türkmenistan döwletimizde ähli ugurlarda bolşy ýaly, oba hojalyk pudagynda hem belent sepgtlere ýetilýär. Ýurdumyzyň oba zähmetkeşleri hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda berilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýerden bol hasyl almaga çalyşýarlar.

“Täze Aý” haryt nyşanly, Naz-nygmatlar mekany

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek, oba hojalyk pudagynyň düşewüntliligini artdyrmak, gaýtadan işleýän önümçilikleri ösdürmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply harytlaryň görnüşlerini giňeltmek boýunça birnäçe giň gerimli işlere badalga berdi. Milli Liderimiziň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde, oba hojalygy bilen meşgullanýan telekeçileriň sany ýyl geldikçe artýar. Döwrebap maldarçylyk hem-de guşçulyk toplumlary, ýyladyşhanalar, azyk we gaýtadan işleýän kärhanalar gurlup, täze kuwwatlyklar işe girizilýär. Islegli harytlary, önümleri öndürip, ilata hödürleýän telekeçiler, hususyýetçiler, hususy kärhanalar biziň welaýatymyzda-da sanardan köp. “Täze Aý” haryt nyşanly, ýokary hilli azyk önümleri diňe bir welaýatymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hem uly islegden peýdalanýar. Halk köpçüliginiň islegini öwrenip, “Täze Aý” haryt nyşany bilen, süýt we süýt önümleriniň, et önümleriniň, konditer önümleriniň onlarça görnüşi taýýarlanyp ak bazarlara, söwda nokatlaryna elýeterli bahalardan çykarylýar we alyjylara hödürlenýär.

Buýsanjymyz çäksizdir

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz uly ösüşleri gazanýar. Türkmenistan —– Bitaraplygyň mekany ýylynda hem ähli ulgamlarda belent sepgitlere eýe bolduk. Täze ýylymyzyň “Türkmenistan —– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi bolsa türkmen halkyny diýseň begendirdi. Munuň özi ýurdumyzda parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň höküm sürýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Diýarymyz beýleki döwletler bilen parahatçylykly gatnaşyklary öňe sürýär. Uly ynam bilen gadam basan bu ýylymyzda hem hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän beýik başlangyçlary bilen ähli ulgamlarda gowy ösüşler gazanylar. Abadan durmuşda ýaşamaga, işlemäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize, alkyşymyz çäksizdir. Goý, milli Liderimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!

Gözellik dessany — türkmen halysy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ägirt uly maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ösüşiň bagtyýarlyk ýoly bilen öňde goýlan maksatlara tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzda ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanylýar, Watanymyzyň halkara derejesindäki at-abraýy barha belentliklere sary barýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde medeniýetimiz, sungatymyz, medeni-taryhy mirasymyz, däp-dessurlarymyz ösdürilýär we giňden wagyz edilýär. Milli medeniýetimizi aýawly saklamak, goramak we geljekki nesillere ýetirmek, milli mirasymyzyň gymmatlydygyny, gadymy taryhy ähmiýetlidigini bütin dünýä açyp görkezmek ugrunda BMG bilen bilelikde netijeli işler alnyp barylýar. Gadymy Merwiň, Nusaýyň, Köneürgenjiň taryhy medeni ýadygärlikler toplumynyň BMG-niň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi baky Bitaraplygymyzyň miwesidir. Haly sungatymyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy halyçylar üçin has-da tolgundyryjy waka bolup, ol zenanlarymyzyň deňsiz-taýsyz gözelligi döredýändiginiň dünýä ýüzündäki ykrarnamasy boldy.

Ajaýyp kitaby okap...

Pähime ýugrulan kitap Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistan —– Bitaraplygyň mekany” atly kitaby türkmen halkymyza hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuna sowgat boldy. Taryhy maglumatlara esaslanýan bu eser hormatly Prezidentimiziň eserleriniň üstüni ýetirdi hem-de Bitaraplygymyzyň beren miwelerini bize we geljekki nesillerimize giňişleýin beýan etjek kitap bolup elimize gowuşdy. Kitapda halkara we milli derejede gol çekilen Bitaraplyk hukuk derejesine degişli esasy resminamalar getirilipdir. Şeýle hem kitabyň sahypalarynda Diýarymyzyň taryhynyň möhüm wakalary beýan edilýär.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatyň saglygy ugrunda bimöçber aladalar edilýär. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap hassahanalar gurlup, ulanylmaga berilýär hem-de häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilýär. Mary şäheriniň iç keselleri hassahanasynyň ultrases barlagy otagynyň lukmany Gülälek Atamyradowa hem ýanyna gelýän näsaglary güler ýüz bilen garşy alyp, olary ultrases barlagyndan geçirýär.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Şanly ýylyň belent sepgitleri Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda belent sepgitlere beslenip, taryhy wakalar bilen şöhratlanan Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly tamamlandy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan 2020-nji ýylda ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli işler rowaç aldy. Garaşsyz döwletimiziň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň uly toýunyň dabarasy dünýä doldy.

“01” gullugynda

Jogapkärli döwrüň ýokary talaby Golaýda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory Orazmyrat Çaryýew bilen duşuşyp, gyş möwsüminde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada gürrüň bermegini haýyş etdi.

Täze ýylyňyz gutly bolsun, Arkadag!

Ajap döwre beslediňiz Watany, Täze ýylyňyz gutly bolsun, Arkadag!