Il saglygy – ýurt baýlygy

11 Ýanwar 2021
1353

Ýiti respirator keseliniň öňüni alalyň!

Pasyl çalşanda howanyň sowamagy bilen ýiti respirator wirus keselleri ýüze çykýar. Durmuşda bu kesel adaty ýagdaýda “sowuklama” diýlip atlandyrylýar. Keseliň esasy alamatlary burnuň akmagy ýa-da dykylmagy, bokurdak agyrynyň peýda bolmagy, sesiň gyrylmagy, üsgülewük döremegi, gyzgynyň ýokarlanmagy, kelläň agyrmagy, umumy ysgynsyzlygyň peýda bolmagy, myşsalaryň, bogunlaryň agyrmagy, kä halatlarda bir-iki gezek iç geçmegi ýaly alamatlar ýüze çykyp bilýändir. Keseliň alamatlary ýüze çykanda özbaşdak bejergi geçirmän ýaşaýan ýerleriňiz boýunça maşgala lukmanlaryna ýüz tutmalydyr. Eger-de, dürli sebäplere görä näsag öý şertlerinde bejergi almaly bolsa, ol hökmany ýagdaýda maşgaladan aýratyn otagda bolmalydyr. Köpçülik ýerlerine barmakdan, jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmakdan saklanmalydyr. Näsag gutulýança öý şertlerinde bolsa-da, agyz-burun örtügini dakynmalydyr, howpsuz aralygy (2 metr) saklamalydyr, näsagyň ulanýan gap-gaçlary, süpürgiçleri aýratyn bolmalydyr we wagtly-wagtynda zyýansyzlandyrylmalydyr.

Beýleki habarlar