"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Welaýat zenanlar bölüminde

Gyz edebi gyzyldan gymmatly Düýn şeýle at bilen welaýat häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkezinde welaýat we Mary şäher zenanlar bölümleriniň hem-de welaýat zenanlar bölüminiň ýanyndaky işewür zenanlar merkeziniň bilelikde guramagynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu ýerde zähmetsöýer, işewür zenanlarymyzyň on barmagyndan, ýürek yhlasyndan dörän milli el işleriniň, şaý-sepleriniň, haly önümleriniň we nakgaşlyk eserleriniň sergisi guraldy.

Wagyz-nesihat çäresi

Pyragynyň döredijiligi terbiýe çeşmesidir Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylymyza mynasyp at bermek asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylan ýylymyzda her bir günümiz toýdur baýramlara beslenýär.

Kitaphana ulgamynda

Ýaş hünärmenler bäsleşdiler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan ýurdumyzyň kitaphana ulgamynda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň arasynda «Magtymguly Pyragy — şygry paýhas ummany» atly bäsleşik yglan edildi.

Wagyz-nesihat çäreleri

Sagdyn durmuşyň höziri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagy bilen jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagy bilen bagly çäreler yzygiderli geçirilýär. Şu wezipäniň maksady bolsa, sagdynlygyň hemmelere baş ýörelge bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Golaýda şu meseleden ugur alnyp, TKA-nyň etrap birleşmesi, TMÝG-niň etrap geňeşi, etrabyň Agzybir geňeşligi bilen bilelikde ady agzalan geňeşlikde “Ýörelgämiz — sagdynlyk” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çärä TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, Agzybir, Daýhan, Soltanyz geňeşlikleriniň işgärleri we oba adamlary gatnaşdylar.

Asudalygyň goragy bagtyýar geljegiň kepili

Golaýda Mary şäherindäki 21-nji çagalar bagynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň, şäheriň polisiýa bölüminiň, welaýat baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda “Asudalygyň goragy bagtyýar geljegiň kepili” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä TMÝG-niň şäher geňeşiniň, şäheriň polisiýa bölüminiň, welaýat baş bilim müdirliginiň hem-de şäherimizdäki çagalar baglarynyň işgärleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde TMÝG-niň şäher geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni Akjeren Annadurdyýewa, şäher PB-niň PÝGB-niň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany Annamuhammet Hümmedow, welaýat baş bilim müdirliginiň hünärmeni, IÝG-niň başlygy Maksat Ýakubow we beýlekiler çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar ýaşamagy, okap bilim-terbiýe almaklary üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem gözel Diýarymyzda halkymyzyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ägirt uly işleri dogrusynda belläp geçdiler.

Sport

Türgenlerimiziň üstünligi Garaşsyz döwletimizde hormatly Prezidentimiziň sport syýasatynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler üstünliklere beslenýär. Indi ýurdumyzda gurlup, ulanmaga berlen sport mekdeplerinde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleriň sany ýylsaýyn köpelýär. Şeýle guwançly ýagdaýa biziň sport mekdebimiziň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Mekdebimiziň türgenleriniň dürli ýaryşlardaky şowly çykyşlary yhlasymyzyň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär.

Maslahat geçirildi

Belent sepgitlere tarap Ýakynda etrap häkimligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşi hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Talhatan oba medeniýet öýünde “Belent sepgitlere tarap” ady bilen maslahat geçirdi. Oňa dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdylar.

Kämil geljegi gurmagyň ýoly

Ýakynda Baýramaly şäheriniň çägindäki Mary “Demirbetonönümleri” kärhanasynda şäher häkimliginiň, TZB-niň şäher bölüminiň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de Mary “Demirbetonönümleri” kärhanasynyň bilelikde guramagynda “Halk Maslahaty — kämil geljegiň ýoly” atly maslahat geçirildi. Oňa şäherimizdäki edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen geçirilen maslahatda şäher häkimliginiň 1-nji derejeli hünärmeni, TZB-niň işjeň agzasy Ogulşirin Amangeldiýewa, TMÝG-niň şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Baýramgeldi Gaýypow, TMÝG-niň şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni, TZB-niň işjeň agzasy Aýsona Geldimyradowa we beýlekiler çykyş etdiler.

Bildirişler

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan Oguljahan Ezizgeldiýewna Agajanowanyň adyna resmileşdirilen A-2333893 belgili Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň ýitendigini habar berýäris. ***

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Amanmyradow Kakamyrat Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy. * * *

Ösüş-özgerişiň aýdyň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem barha rowaçlanýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda uly ösüşlere eýe bolan bilim ulgamy ýaş zehinleri ýüze çykarmakda uly orny eýeleýär. Üstümizdäki ýylda bilim ulgamynda ençeme işler durmuşa ornaşdyrylýar. Döredilýän giň mümkinçiliklerden, döwrebap tehnologiýalardan peýdalanyp, yhlas bilen okaýan ýaş nesillerimiz dürli bäsleşiklere gatnaşyp, ýurdumyzyň at-abraýyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olaryň ençemesi halkara olimpiadalaryna gatnaşyp, üstünlik gazanmak bilen ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki ornuny has-da pugtalandyrýar. Munuň bilen olar ýurdumyzda ýaşlaryň bilimli, sowatly bolmagy üçin taýsyz tagallalaryň edilýändigini subut edýärler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnyklarynyň, zehinleriniň ýüze çykmagy ugrunda ençeme işler durmuşa ornaşdyrylýar. Bu bolsa, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar hakynda edilýän bimöçber aladalardan nyşandyr. Bilim ylma barýan ýoldur. Binýady bilimden berk tutulan ýurdumyzda beýik işler ýola goýulýar. Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ençeme bilim ojaklary gurlup, ulanylmaga berilýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, indi, ençeme ýyl bäri

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

Milli ýörelgämiz rowaç alýar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüş-özgerişli döwri başdan geçirýär. Muňa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan ýokary görkezijiler doly şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan zähmet üstünlikleri jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän şanly wakalar bilen sazlaşykly utgaşýar. Halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdaky uly tagallalar ýerine düşýär

Beýik ösüşleriň zamanasy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ajap eýýamymyzyň her bir güni şatlyk-şowhuna, toýdur-baýramlara beslenýär. Diýarymyzyň ähli pudaklary döredijilikli zähmet üstünlikleri bilen barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz hem ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Çünki, bu ýyl türkmen halky akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýylygyny ýokary ruhubelentlik bilen toýlaýar. Çünki, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy halkymyzyň buýsanjy, köňül daýanjydyr. Şahyryň ajaýyp şygyrlary ata-babalarymyzyň arzuwlan azatlygynyň, erkinliginiň, özbaşdaklygynyň mizemez nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar il-günümizi şeýle eşretiň goýnunda ýaşadýan, okamaga, işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Daýhan yhlasy — bereketli hasyl Toprak — ekleýjimiz. “Ýykylsaň ýere ýapyş” diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. Muňa oňat düşünýän oba zähmetkeşleri onuň her daban ýerini ýerlikli peýdalanmaga çalyşýarlar. Daýhanyň maňlaý deri siňen ene toprak atylan her bir dänäni müň edip yzyna gaýtarýar.

Pedagogik işgärleriň maslahaty

Ösüşleriň beýany — üstünligiň hemrasy Hemmämize mälim bolşy ýaly, her ýylyň awgust aýynda pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwlary we maslahaty ýokary guramaçylykda geçirilýär. Etraplarda, şäherlerde geçirilýän usuly-amaly okuw maslahaty pedagogik işgärler, esasan-da ýaş mugallymlar üçin has-da ähmiýetlidir. Ýakynda welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepde welaýatyň öňdebaryjy işgärleriniň maslahaty geçirildi. Täsirli geçen maslahata welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri hem-de bilim işgärleri gatnaşdylar.

“Ýaňlan, Diýarym!” — 2024

Aýdym-saza beslenýän Watan “Medeniýet halkyň kalbydyr” diýýän Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan beýik başlangyçlary bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda türkmen medeniýetiniň, sungatynyň arşa göterilmegi üçin taýsyz tagallalar edilýär. Gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzy, milli tansymyzy, türkmen aýdymlaryny, bagşyçylyk sungatyny dünýä tanatmak ugrunda hem ençeme işler ýola goýulýar. Şeýle-de, ýaş zehinleri ýüze çykarmakda dürli döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Ýylyň-ýylyna geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi munuň aýdyň mysalydyr.

Öz ülkäňi öwren!

Köýtendag — hazynalar mekany Pamir beýikliklerinden gaýdýan Gissar dagy Türkmenistanyň gündogar nokady bolan Hezretagsar belentligine gelip, şahalanyp, günbatara tarap uzalyp gaýdýar. Gyzyl reňkli dag jynslary bilen örtülenligi üçin ýerli ilat dagyň sag şahasyny Gyzyldag, beýleki şahasyny bolsa, Garadag diýip atlandyrýar. Bu daglara umumylykda Köýten daglary diýilýär. “Köýten” sözi — dor dag, dor jülge diýmekligi aňladýar. Bu dagyň uzynlygy 80-100 kilometrlik dag jülgesi bilen baglydyr.

Täsin jandar

Keýikler hakynda söz Golaýda goňşy obada, bir alada-da otyrkak, keýikler hakynda edilen, haýran galdyryjy gyzykly gürrüňleri diňledim.

Bileniň — baýlygyň

Kebelekler Kebelekler sanlyja wagt ýaşamak üçin dünýä gelen jandarlardyr. Görnüşine görä, kebelekler birnäçe günden bir ýyla çenli ýaşaýarlar. Kebelekleriň dilleri boýlaryndan 3 esse uzyndyr. Olar dillerini gülleriň düýbündäki nektary içmek üçin ulanýarlar. Kebelekleriň dynç alýan wagtlary ganatlary ýapyk bolýar. Kebelekler howp abanan wagty, haýal etmän, ganatlaryny açýarlar. Kebelekleriň reňkiniň köpdürliligi we dürli öwüşgünliligi mör-möjekleriň hiç biriniňkä meňzemeýär.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy

Ýagşylygy ündän akyldar Türkmeniň dünýä belli şahyry Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsine syýahat etmek hemmeleriň arzuwy. Çünki, şahyryň poeziýasy ynsanyň ruhy hazynasy hasaplanylýar. Akyldaryň parasada ýugrulan dürdäne eserleri ynsan kalbynyň aýnasydyr. Onuň aňyrsyna göz ýetmeýän giň umman ýaly döredijiligi durmuşyň ähli öwrümlerini öz içine alýar. Magtymguly Pyragy öňdengörüjiligi, weliligi, dana pikirleri, nakyla öwrülen setirleri bilen meşhurlyk gazanan beýik şahsyýetdir.