Asudalygyň goragy bagtyýar geljegiň kepili

22 Awgust 2024
124

Golaýda Mary şäherindäki 21-nji çagalar bagynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň, şäheriň polisiýa bölüminiň, welaýat baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda “Asudalygyň goragy bagtyýar geljegiň kepili” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä TMÝG-niň şäher geňeşiniň, şäheriň polisiýa bölüminiň, welaýat baş bilim müdirliginiň hem-de şäherimizdäki çagalar baglarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäresinde TMÝG-niň şäher geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni Akjeren Annadurdyýewa, şäher PB-niň PÝGB-niň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany Annamuhammet Hümmedow, welaýat baş bilim müdirliginiň hünärmeni, IÝG-niň başlygy Maksat Ýakubow we beýlekiler çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar ýaşamagy, okap bilim-terbiýe almaklary üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem gözel Diýarymyzda halkymyzyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ägirt uly işleri dogrusynda belläp geçdiler.

Beýleki habarlar