Ýagşylygy ündän akyldar
Türkmeniň dünýä belli şahyry Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsine syýahat etmek hemmeleriň arzuwy. Çünki, şahyryň poeziýasy ynsanyň ruhy hazynasy hasaplanylýar. Akyldaryň parasada ýugrulan dürdäne eserleri ynsan kalbynyň aýnasydyr. Onuň aňyrsyna göz ýetmeýän giň umman ýaly döredijiligi durmuşyň ähli öwrümlerini öz içine alýar. Magtymguly Pyragy öňdengörüjiligi, weliligi, dana pikirleri, nakyla öwrülen setirleri bilen meşhurlyk gazanan beýik şahsyýetdir.