"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Saglygyň gadryny bilgil...

Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak, pugtalandyrmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Pasla görä geýinmeli.

Asudalygyň goragynda

Guramaçylykly iş — üstünligiň açary 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda agzybir türkmen halky hormatly Prezidentimiziň saýasynda döwletli döwranda ýaşap, eşretli günleriň hözirini görýär. Il-günümiziň asudalykda, abadan durmuşda tutanýerli zähmet çekmegini üpjün etmek bolsa, içeri işler edaralarynyň işgärleriniň wezipe-borçlary bolup durýar.

Güýz

Sowuldy lälesi Gäwers düzüniň, Ýapylaň etegne ak gyraw düşdi.

Hoja BATYRYŇ degişmeleri

Gitmäň ebeteýini tapmadym Öňräk, saçymy aldyraýyn diýip dellege bardym. Barsam, 3-4 adam nobata garaşyp dur eken. Aralarynda Atageldi aga diýen ýaşuly hem nobata garaşyp oturan eken. Men ýaşula ýüzlendim:

Syntgylanan setirler

Adamy sylamasaň hem mertebesine degme! Adamy tanamagyň iň ygtybarly usuly gürläňde-de, diňläňde-de söhbetdeşiň gözüne garamakdyr. Gözde kalp görünýär, kalby garalar müýnsüz nazaryň öňünde durup bilmeýärler.

Rowaýat

Gyzyl alma Ir döwürde bir küren obanyň çetinde goja bagbanyň bagynda ýeke düýp alma agajy ösüp oturan eken. Ol wagtlar ähli alma agaçlarynyň miwesi ak reňkli bolupdyr. Bagban ol baga, diýseň, yhlasly ideg eder eken. Her ýyl bahar gelip, alma agajy birenaýy güllände, onuň töwerek-daşy has görklenen ýaly bolýar eken. Miwe ýetişensoň şahalaryndaky ap-ak almalara göreniň gözi gidip, “tüweleme” diýer ekenler.

Kyssa

Ýatagy täzelense-de... Hojalyga tutumlyrak zatlary almaly bolanda Artyk bazara tanşy bilen giderdi. Bu gezek bir özi gaýdyp, mal bazarynyň o çetinden bu çetine şunça aýlansa-da, bogan sübsesi bolmady.

Hadysasyz ýollaryň aladasy

Güneşli Diýarymyzda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk başlandy. Ýurt boýunça geçirilýän bu çäräniň ilimiziň abadan, ömrümiziň rahat bolmagynda ähmiýeti uludyr. Şonuň üçinem şu çäre ählihalk işine öwrülýär. Abadan durmuşymyzyň has-da gözelleşmegine gönükdirilen möhüm işlere biz hem işjeň gatnaşýarys. Bölümçämiziň işgärleri ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmagyň meselesine-de uly üns berýärler. Biz raýatlar we çagalar bilen guralýan duşuşyklarymyzda maşgalamyzyň abadan, ömrümiziň rahat bolmagynyň özümize baglydygyny düşündirýäris.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň geçiren duşuşyklary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanynda iş alyp barmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Bildirişler

Baýramaly şäheriniň Jeýhun köçesinde ýerleşýän Ogulnabat Toýlyýewna Hudaýgulyýewa degişli bolan 14-nji jaýyna berlen öý kitabynyň ýitendigini habar berýäris. ***

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

30-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmakda möhüm ähmiýetli bolan desgalaryň taslamalaryny milli maýa goýumlaryň hasabyna ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine Mary welaýatynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, zerur enjamlar bilen üpjün etmek we goýberiş-sazlaýyş işlerini ýerine ýetirmek barada Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Resminama laýyklykda, bu desga üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak we olary umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we gaz gysyjy desgany 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Watanymyz ösüşleriň we özgerişleriň, döretmegiň ýoly bilen ynamly öňe barýar

1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli watançylyk, wepalylyk, Watanyň we halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek parahatçylyk, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumy hem munuň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, bu toplumyň düýbüni tutmak dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda — Watan goragçylarynyň gününde geçirilipdi.

Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini dabaralandyryp

Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň şanyna täze bilim edaralarynyň açylmagy asylly däbe öwrüldi. 1-nji sentýabrda — 2024-2025-nji täze okuw ýyly hem ýurdumyzda we dostlukly döwletde möhüm binagärlik desgalarynyň dabaraly açylmagy bilen badalga aldy. Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep ulanmaga berilýän desgalaryň hatarynda aýratyn orun eýeledi. Onuň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar. Dostlukly goňşy ýurtdaky täze bilim edarasynyň binalar toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan alnyp baryldy.

Döredijilik söhbetdeşligi

Akyldaryň waspy dillerde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalary, şanly seneleri halkymyzyň buýsanjyna, aýratynam, döredijilik işgärleriniň ylham joşgunyna öwrüldi. Bu taryhy ýylda Magtymguly Pyragynyň waspy dilden dile geçip, şahyryň sarpasy dünýä derejesinde belende göterilýär.

Täze okuw ýylyna sowgat

DÖWREBAP MEKDEP ULANYLMAGA BERILDI Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dürli maksatly täze binalaryň gurluşygy giň gerime eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bina edilýän täze ymaratlardyr desgalar halkymyzyň hyzmatyna berilýär.

Çagalar bakja-bagy açyldy

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Tagtabazar etrabynyň Saryýazy geňeşliginiň çäginde iki gatdan ybarat, 160 orunlyk döwrebap, kaşaň çagalar bakja-bagy gurlup, ulanylmaga berildi. Bu ýerde eýjejik körpeleriň oňat bilim hem-de terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilipdir.

ILKINJI JAŇ KAKYLDY

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem Bilimler we talyp ýaşlar güni şatlyk-şowhuna beslenip bellenilip geçildi. Ähli mekdeplerde, şol sanda Mary şäherindäki 24-nji orta mekdepde bu baýramçylyk mynasybetli ajaýyp dabara guraldy.

Maslahat geçirildi

Halk maslahaty — döwletliligiň, agzybirligiň maslahaty Ýakynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TKA-nyň welaýat, etrap, şäher birleşmeleriniň bilelikde guramagynda “Halk maslahaty — döwletliligiň, agzybirligiň maslahaty” atly maslahat geçirildi. Oňa dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdylar.