"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde milli Liderimiz we myhman syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni--ynsanperwer ulgamlarda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

«Gurply topragyň» işi ileri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli pudaklar bilen bir hatarda oba hojalyk ulgamynda hem belent sepgitlere ýetilýär. Bu pudagyň ösdürilmegi, oba zähmetkeşleriniň girdejileriniň ýokarlandyrylmagy, önüm öndürijileriň höweslendirilmegi babatda uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyndan ruhlanýan zähmetkeşler ýylyň-ýylyna toprakdan bol hasyl almaga çalyşýarlar. 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalygynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, önüm öndürijileri höweslendirmek maksady bilen ýerleri 99 ýyla çenli peýdalanmaga bermek baradaky Karary bu günki günde iş ýüzünde amala aşyrylýar. Mary etrabynyň «Milli goşun» daýhan birleşiginiň çäginde 120 gektar ýerde Altyn Hatamowanyň ýolbaşçylygynda «Gurply toprak» daýhan hojalygy döredildi. Bu daýhan hojalygynda ýerlere talabalaýyk ideg edilip, bugdaýdyr pagtanyň bereketli hasyly öndürilýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda daýhan hojalygynyň 38 gektar ýeri agrotehnikanyň talaplaryna görä gowaça ekişine taýýarlanyldy. Galan ýerde geçen ýylyň güýzünde ekilen ak ekiniň idegi ýetirilýär.

Saldamly goşant goşýarys

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny ösdürmek, ýokary girdejili pudaga öwürmek barada öwran-öwran nygtaýar. Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda pagta hasylyny ýygnamaklyga ýaşlarymyz hem işjeň gatnaşyp, meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şu günler 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegine has-da ruhlanan etrabyň ekerançylary ýaz ekişini gyzgalaňly dowam etdirýärler. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek barada edýän bimöçber aladalaryna daşary ýurtlardan satyn alnyp berilýän dürli görnüşli tehnikalar hem şaýatlyk edýär. Bu tehnikalaryň gije-gündiz bökdençsiz işledilmeginde etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň ýaş mehanizatorlary we sürüjüleri uly tagalla edýärler. Ekin meýdanlarynda ýaş kärendeçileriň, mehanizator we sürüji ýaşlaryň göwünlerini galkyndyrmak, işe bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen etrabyň jemgyýetçilik guramalary, esasanam, TMÝG-niň etrap geňeşi TAP-nyň etrap komiteti bilen bilelikde degerli işleri geçirýärler.

Bökdençsiz üpjünçiligiň aladalary

Geçmişde ata-babalarymyz suwuň her bir damjasyny altyn dänesine deňemek bilen ýaşaýşyň gözbaşy bolan suwuň gadyr-gymmatyny bilmegi ündäpdirler. Bu gymmatly baýlygyň zerur ýerinde altyndanam öňe geçýändigini durmuş tejribesi aýdyň subut edip gelýär. Galyberse-de, güneşli Diýarymyzyň guraksydan yssy howa şertleri pederlerimiziň suw barada döreden dana sözleriniň hakykata laýykdygyny äşgär edýär. Bol suwuň gadyr-gymmaty türkmen topragynda ýokary bolmagynda galýar. Şonuň üçinem Gahryman Prezidentimiz ýurdumyzyň suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak bilen bagly derwaýys wezipeleri öňde goýýar. Bu möhüm meselede ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmaga gönükdirilen işler durmuşa geçirilýär. Bu wezipeleriň oňyn çözgüdi bolsa oba hojalyk ekinlerinden bereketli hasyl alynmagynda uly ähmiýete eýe bolýar.

Waspyň dillerde sena

Türkmeniň geçmiş taryhyny atsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen seýisleri, türkmen atlarynyň tohumyny kämilleşdirip, gözelligi we ajaýyplygy boýunça deňi-taýy bolmadyk atlary ýetişdiripdirler. Döwletimiz Garaşsyzlygyny alandan soň, ýörite tohum atlary bakyp bejerip, olardan has kämil, owadan, ýyndam tohum atlary ýetişdirilýär hem-de olary dünýä aýan etmekde dürli çäreler geçirilýär. Atalaryň pähiminden dörän nakyllaryň aňyrsynda türkmeniň öz atyna bolan söýgüsini, mähremligini, buýsanjyny doly görmek bolýar: “Säher turup, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy”, “Ataň barka, dost gazan, atyň barka ýol gazan”,“At ýigidiň uçar ganaty, wepaly dostudyr”.

Akhanyň nesil dowamaty

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly şöhratly sahypalara täze öwüşgin, nur çaýýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda behişdi ahalteke atlaryna söýgi, sarpa goýulýar. Ahalteke atlaryny ösdürmek, tohumlygyny gowulandyrmak barada möhüm işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylda — Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynyň ilkinji günlerinde dünýä inen eýjejik, naşyja taýçanaga Gahryman Arkadagymyz şol ýyl bilen baglanyşdyryp, Rowaç diýip at goýupdy. 2021-nji ýylyň ýaz paslynyň ilkinji günlerinde — Milli bahar baýramynyň buşlukçysy bolup, Akhanyň nesil dowamaty bolan taýçanajyk dünýä indi. Milli Liderimiz Akhanyň nesli bolan bu taýa 140 ýaşy arka atýan gözel paýtagtymyzyň ady bilen baglanyşdyryp, Aşgabat diýip at goýdy. Halkymyzyň buýsanjy bolan Aşgabadyň hem geljekde Akhan ýaly çarpaýa galjakdygy guwandyrýar.

Guwançly senä taýýarlyk

Şan-şöhratly taryhy müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan gadymy türkmen halky mähriban Prezidentimiziň saýasynda eşretli eýýamyň hözirini görýär. Özüniň milli gymmatlyklaryny baýlaşdyryp, olaryň gadyryny bilýär we buýsanýar. Türkmen bedewidir türkmen alabaýy şeýle gymmatlyklarymyzyň hataryndan bolup, Garaşsyzlyk ýyllary behişdi bedewlerimizdir türkmen alabaýlarynyň şan-şöhraty dünýä ýaýylýar. Bilşimiz ýaly, bagtyýarlyk zamanamyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesiniň Türkmen bedewiniň milli baýramy hökmünde bellenilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu şanly sene Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzda many-mazmun bilen baýlaşyp, buýsanjymyza buýsanç goşýar. Has anygyny aýtsak, şanly ýylymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde Türkmen alabaýynyň baýramy hem bellenilip geçiler. Şu baýramçylyk gününde türkmeniň uçar ganaty hasaplanýan bedewlerimiziň we türkmen halkynyň wepaly dosty, ygtybarly goragçysy türkmen alabaýynyň buýsançly waspy dünýä ýaň salar.

Bedewleriň buýsanjy

Gadym döwürlerden bäri dowamly ýyllary külterläp gelýän ýelden ýüwrük bedewler halkymyzyň göwün syrdaşy bolupdyr. Arkadag Prezidentimiziň ahalteke bedewlerine goýýan hormaty, söýgüsi çäksizdir. Milli Liderimiziň buýsanjy bilen bedew atlarymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýy barha rowaçlanýar. Behişdi bedewlerimiz özüniň owadanlygy, ýyndamlygy, duýgurlygy bilen ynsanlary haýrana goýýar. Kalplarda orun alan, ynsanyň syrdaşy bolan türkmen bedewlerimiziň şan-şöhratyna ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde, bagşy-sazandalaryň şirin owazlarynda göz ýetirmek bolýar. Häzirki wagtda türkmeniň tohum ahalteke atlaryny ýetişdirmekde derwaýys işler alnyp barylýar. Türkmen bedewlerini altyn şaý-sepler bilen bezäp, at çapyşyklary, at üstündäki oýunlar guralyp, toý-baýramlarymyzyň şatlyk-şowhuny belende göterilýär. Diýarymyzyň ähli ýerinde dünýä ülňülerine, häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän kaşaň atçylyk sport toplumlarydyr athanalar gurlup, ulanylmaga berilýär.

Öndürijilikli zähmet

Täze taryhy eýýamyň ýyllarynda Arkadag Prezidentimiziň ykdysady syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklary çalt depginlerde ösdürilýär. Şeýle ösüşli depgin milli ykdysadyýetimiziň himiýa pudagynda has-da aýdyň duýulýar. Soňky ýyllarda gurlup, ulanmaga berlen täze tehnologiýaly kärhanalarda dökünleriň dürli görnüşleriniň öndürilişi düýpli ýokarlandy. Bu önümçilikde “Maryazot” önümçilik birleşigimiziň zähmetsöýer adamlarynyňam saldamly goşantlary guwandyrýar. Önümçilik birleşigimizde işleriň gowy ýola goýlup, ýokary netijeleriň gazanylmagynda kärdeşler arkalaşygy guramamyz tarapyndan zähmet adamsy hakyndaky tagallalarymyzam gowy netijesini berýär. Biz işçileriň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmaga, günortan dynç alşyň gowy guralmagyna uly üns berýäris. Kärhanamyzda zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygynyň düzgünleriniň berk berjaý edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi, himiýa senagatynyň çylşyrymly önümçiligi şeýle jogapkärçiligi öňe çykarýar. Şonuň üçinem biz soňky ýatlan meselämizi hemişe üns merkezinde saklaýarys. Bu babatda degerli çäreleri geçirýäris.

Sagdyn durmuşyň gözbaşy

Halkynyň rahatlygy, asudalygy, zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek babatynda hemişe aladalanýan milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesini hemmeleriň hemra tutunmalydygyny sargaýar. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz-ündew edilmegi, köpçülikleýin yzygiderli bedenterbiýe we saglyk hereketleriniň geçirilmegi, sporta uly üns berilmegi, häzirki zaman dünýä ülňülerine gabat gelýän ähli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan, ähli şertler döredilen hassahanalaryň, şypahanalaryň, dynç alyş, “Tiz kömek” merkezleriniň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi halkymyzyň ruhubelent, bagtyýar, sagdyn ýaşamagy üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Şundan ugur alnyp, häzirki wagtda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerilmegini, arassaçylyk kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmak, ýokanç keselleriň öňüni almak bilen bagly wezipeler derwaýys bolup durýar. Şol wezipelerden ugur alnyp, ýakynda Ýolöten etrap medeniýet öýünde «Sagdyn durmuş — ýörelge, hemmelere görelde» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Zenan edebi — gözellik

Golaýda Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynda welaýat zenanlar bölüminiň guramagynda «Zenan edebi — gözelligiň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa welaýat zenanlar bölüminiň agzalary, institutyň zenan mugallymlary we talyp gyzlary gatnaşdylar. Duşuşygy institutyň energetika pudagynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy Aýsona Gurbandurdyýewa alyp bardy. Zenan edebine bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygynda, ilki bilen, welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Aknabat Atabaýewa çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň zenanlar üçin edýän aladalary, zenanlaryň ahlak terbiýesi, arassalygy, tebigy gözelligi, zähmetsöýerligi, wepadarlygy, maşgala mukaddesligi hakynda giňişleýin durup geçdi.

Ynsanperwer syýasatyň netijesi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginiň ýurtlarynyň gyzgyn goldawyna mynasyp bolýandygy hem munuň şeýledigini äşgär görkezýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda milli Liderimiziň öňe süren teklibi esasynda “2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň bu abraýly gurama agza döwletleriň ählisiniň biragyzdan goldamagynda kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara derejesinde öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň ählumumy ykrarnama eýe bolýandygynyň ýene-de bir subutnamasy boldy.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Mary şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň direktory Myrat Mollaýewiň ýolbaşçylygynda tälimçileriň we türgenleriň saglygy ugrunda düýpli işler amala aşyrylýar. Sport mekdebinde türgenleriň türgenleşik geçýän ýerleri wagtly-wagtynda ýelejiredilýär, üzärlik tütedilýär hem-de arassaçylyk işleri ýerine ýetirilýär. Mekdebiň lukmany Läle Meredowa, şepagat uýasy Gurbangül Gurbanowa tarapyndan türgenleriň beden gyzgynlygyny ölçemek, iki metr aralygy saklamak, hem-de olaryň ellerine zyýansyzlandyryjy serişdeleri sepmek işleri yzygiderli geçirilýär.

Maslahat geçirildi

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň taryhy günlerinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy. Golaýda şu taryhy waka mynasybetli welaýat saglygy goraýyş müdirligi hem-de welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy tarapyndan Baýramaly şäherindäki S. Türkmenbaşy adyndaky şypahanasynyň mejlisler zalynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Bu ýerde welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary Abdylla Kakalyýew, welaýat iç keselleri hassahanasynyň baş lukmanyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şadurdy Berdiýew, şu hassahananyň lukmany Suraý Meläýewa, Baýramaly şäherindäki S. Türkmenbaşy adyndaky şypahanasynyň lukmany Baýramnazar Aşyrow, Baýramaly şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukmany Gülnar Gurbanowa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ynsan saglygyny berkitmek we ömür dowamlylygyny artdyrmak, keselleriň öňüni almaga, saglygy goraýşyň kämil we ýokary netijeli ulgamyny döretmäge toplumlaýyn esasda çemeleşmek dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Baş baýlygym

Ýakynda etrap hassahanasynda TKA-nyň etrap birleşmesi bilen etrap hassahanasynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi barada hoşallyk maslahaty geçirildi. Bu maslahata hassahananyň lukmanlary, şepagat uýalary gatnaşdylar. Täsirli geçen maslahatda hassahananyň baş lukmany Allamyrat Agaýew, etrap hassahanasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Baýram Nepesow, hassahananyň iç keselleri bölüminiň müdiri Döwran Durdyýew, hassahananyň lukmany Muhammet Çarlyýew, ginekologiýa bölüminiň müdiri Nury Baýramalyýew çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini ýerlerde durmuşa geçirmek barada giňişleýin çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

6-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem Türkmenistanda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna olaryň işini kämilleşdirmek hem-de maliýe serişdeleriniň maksada laýyk ulanylmagyna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, goranmak ministri B. Gündogdyýewe söz berdi. Ol ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Kalplary joşduran welosipedli ýöriş

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan şanly seneler ýokary ruhubelentlik bilen bellenilýär. Şeýle seneleriň biri hem ynsan saglygy bilen bagly bolan Bütindünýä saglyk günüdir. “Saglygym — baýlygym” diýen düşünjä eýerip, ynsan saglygyny ähli zatdan belentde goýýan Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerilip, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosiped ýörişi boldy. Mary şäheriniň Kemine köçesinden badalga alan ruhubelent welosipedçileriň bu ýörişi hemmelerde ruhy joşgun döretdi.

Ahalteke atşynaslygynyň nusgalyk däpleri baýlaşdyrylýar

5-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolup, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlarynyň taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem milli Liderimiz bu ýerde geçirilen çapyşyklara tomaşa etdi we ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigine taýýarlanýan bedewleri synlady. Ir bilen döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň çägine geldi. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç. Amanow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toparlarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Abadançylygyň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ulgamlar bilen bir hatarda saglyk ulgamyny kämilleşdirmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýy saglyk aýy diýlip hasap edilýär. Golaýda welaýat medeniýet köşgünde Saglyk gününe bagyşlanyp, welaýat saglygy goraýyş we medeniýet müdirlikleri TMÝG-niň Mary şäher geňeşi bilen bilelikde dabaraly çäre gurnadylar. Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025--nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan bu dabaraly çäre täsirli geçdi. “Sagdyn durmuş — abadan ýaşaýşyň gözbaşy” ady bilen geçirilen çäre welaýatyň saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda aýdym-saza beslendi.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Häzirki wagtda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýän meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Möwsümleýin ýokanç kesellerden başarnykly goranmak möhümdir. Olar esasan hem howa-damja, şeýle hem elleşip görüşmek ýaly ýollar bilen adamdan adama geçip bilýär. Şonuň üçinem bu meselede eliň arassaçylygyna uly orun degişlidir. Eliňi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmagyň wiruslaryň ýokuşmagynyň öňüni alýandygyny lukmanlar yzygiderli nygtaýarlar.