"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Täsin maglumatlar

Halkymyzyň asyrma-asyr kämilleşdirip gelen bedew atlary dünýä atçylygynyň iň naýbaşy nusgalarynyň biridir. Baryp-ha Aleksandr Makedonskiniň esgerleri-de bu ýerdäki gözel atlary iň gowy atlar hökmünde, bu ülkä bolsa gözel atlary ýetişdirýänleriň ýurdy hökmünde häsiýetnama beripdirler. Ahalteke bedewi tutuş jahan ýüzünde münüş atlarynyň iň gadymylarynyň biri hasaplanylýar. Bu atlaryň aňyrsy iki müň ýyl ozal Çyn-Maçynda (Hytaýda), Ýunanda (Gresiýada), Italiýada tanalýan eken.

At baradaky nakyllar

Irden turup ataňy gör, ataňdan soň — atyňy! Aty baryň ganaty bar.

It hakynda

Aw alan tazy burnundan bildir. Awçy görmese it görer, it görmese at görer.

Töhmet

(Bolan waka) Ol gara ýel bolup, harasat turan gijesiniň ertesi bölünen mallaryň yzyna düşüp geldi. Biziň itlerimiz bilen oňuşmaýan maňlaýy, bilekleri ak, galan ýeri gara bu it iki-üç günläp bize öwrenişmedi. Ýöne sürä möjek çozan gijesi welin, «Gurt gören itiň agzy bir” diýdirip, derrew itlere goşulyşdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibiniň meselelerine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzüminde işleriň ýagdaýy hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny, şeýle hem telekeçilik ulgamyny okgunly ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisinde eden çykyşy

(Aşgabat, 2021-nji ýylyň 16-njy apreli) Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Mälikguly Berdimuhamedow

(1932 — 2021) 18-nji aprelde mübärek Remezan aýynyň keremli pursatlarynda Arkadag Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habar tutuş türkmen halky tarapyndan uly gynanç bilen kabul edildi.

Ýurdumyzda ählihalk ýowary geçirildi

17-nji aprelde ýurdumyzda hem-de paýtagtymyzda şanly seneler — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ählihalk ýowary geçirildi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň bahar paslynyň hoştap howaly günlerinde geçirilen bu çärä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Ýurdumyzda ählihalk ýowary geçirildi

17-nji aprelde ýurdumyzda hem-de paýtagtymyzda şanly seneler — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ählihalk ýowary geçirildi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň bahar paslynyň hoştap howaly günlerinde geçirilen bu çärä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Ählihalk ýowarynda

Guramaçylykly geçirildi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz Watanymyzda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň guwançly günleri ýeňişlere beslenýär. Häzirki wagtda türkmen halky taryhy wakalaryň — ak mermerli şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140, Beýik Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň uly toýlaryna taýýarlyk görýär. Şanly ýylymyzyň buýsançly senelerini mynasyp garşylamak bolsa il-günümiziň asylly däbidir.

Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizde kärhanalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklarynda guralýan goýumly oýunlaryň hilini häzirki döwrüň ösen derejesine laýyk getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine birleşigiň garamagyndaky “Goýumly oýunlar, hyzmatlar we üpjünçilik” döwlet kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony “Altyn bedew” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy. “Altyn bedew” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjy hökmünde “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna — esaslyk maýadaky paýy 60 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmen bedewiniň milli baýramyna hem-de Türkmen alabaýynyň baýramyna

Halkymyzyň mili buýsanjy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ahalteke bedewlerine uly sarpa goýulýar. Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde türkmen bedewiniň abraý-mertebesi has-da arşa göterilýär. Seýisçilik sungatyny kämilleşdirip, tohum atlary ösdürip ýetişdirmeklige aýratyn üns berilýär.

Goşa gymmatlygymyzyň sarpasy

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň ilkinji gezek bellenilip geçilmegi guwanjymyza guwanç goşýar. Şu Permanda bellenilişi ýaly, Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bilelikde bellenilip geçiljekdigi gadymy halkymyzyň tohum alabaý itleriniňem milli gymmatlyklarymyzyň biri bolup durýandygyna şaýatlyk edýär. Dogrusyny aýtsak, türkmen halkyny behişdi bedewsiz, tohum alabaý itsiz göz öňüne-de getirmek kyn. Sebäbi, geçmişde ata-babalarymyzyň bedew atlary kowanda ýetip, gaçanda gutulýan uçar ganaty bolan bolsa, alabaý itleri sak goragçysy, wepaly dosty bolup hyzmat edipdirler. Türkmen alabaýynyň baýramynyň barha golaý gelýän günlerinde döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylda okyjylaryna gowşan “Türkmen alabaýy” atly gymmatly eserini ýatlaman bolmaz. Çünki, milli Liderimiz bu ajaýyp kitabynda türkmen alabaý itleri barada gymmatly maglumatlary okyjylaryna ýetirýär. Tohum alabaý itleriniň geçmişde halkymyzyň durmuşynda eýelän orny dogrusynda gyzykly gürrüň berýär. Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bir günde toýlanylmagy goşa gymmatlygymyza berilýän ýokary bahadyr.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Ähli mümkinçilikler bar Ajaýyp zamanada zähmet çekmäge, gurmaga, döretmäge, okamaga, durmuşyň hözirini görüp ýaşamaga, saglygyňy goramaga we dikeltmäge ähli mümkinçilikler bar. Şeýle mümkinçilikleri döredip beren lukman Arkadagymyzyň ««Keseli bejerenden onuň öňüni alanyň netijelidir» diýen pähiminden ugur alyp, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärleri bolup, halkyň saglygyny goramakda, ilatyň arasynda döräp biläýjek ýokanç keselleriň öňüni almakda uly işleri alyp barýarys. Keseliň öňüni almagy esasy maksadymyz hasaplaýarys.

Adam. Jemgyýet. Kanun

Maşgala agzalarynyň aliment tölemek borçlary Ata-eneleriň we çagalaryň aliment tölemek borçlary Türkmenistanyň Maşgala kodeksi tarapyndan kepillendirilendir. Bu Kodeks 2012-nji ýylyň aprel aýyndan güýje girizildi.

Baş şert

Saglyk ynsanyň gymmatly baýlygydyr. Bu gymmatly baýlygy gorap saklamak bolsa her bir adamyň özüne bagly. Bu babatda her bir adamyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, kadaly iýmitlenmegi, ýeterlik ukyny almagy, açyk howada hereket etmegi, beden maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmegi hökmandyr. Şeýle hem arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli, ýagny, öý-iş otaglaryny arasssalap, howasyny täzeläp durmaly, müň derdiň dermany hasaplanýan üzärligi yzygiderli tütetmeli. Mundan başga hem häzirki wagtda howada tozan bölejikleriniň kadadan artýandygy sebäpli, birek-birek bilen iki metr aralygyň saklanmagy, agyz-burun örtükleriniň dakynylmagy, elleriň yzygiderli sabynlanyp ýuwulmagy hökmandyr. Munuň şeýle edilmegi öz saglygymyzy goramagyň baş şertidir. Her birimiziň öz saglygymyz barada aladalanmagymyz jemgyýetiň aladasyny etdigimizdir.

Jebisligiň binýady berkeýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen yglan edilen Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berer. Türkmenistan döwletimizde raýatlarymyzyň azatlyklaryny we hukuklaryny, döwletimiziň bähbitlerini hem-de konstitusion gurluşyny goramak, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ugrunda anyk işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz döwletimizde prokuratura edaralarynyň işgärleri kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy namalaryň hemmeler tarapyndan ýerine ýetirilişine prokuror gözegçiligini amala aşyrýarlar. Eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmäge, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, agzybir türkmen halkymyzyň öz milli Lideriniň töweregine has-da mäkäm jebisleşýändiginiň hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň kanunçylyk binýadynyň has-da pugtalanýandygynyň subutnamasydyr.

Ösüşli döwrüň talaby

Demokratik, hukuk döwleti bolan Garaşsyz Türkmenistanymyz ähli ugurlar boýunça ösüş-özgerişli menzilleri külterleýär. Türkmen halky hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň şanly wakalaryny mynasyp garşylamaga taýýarlyk görýär. Ajap eýýamymyzyň döwrebap kanunçylygy Garaşsyz döwletimiziň ösüş-özgerişli ýolunyň rowaç almagyna itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, döwletiň we jemgyýetiň kanuny bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmekde kazyýet edaralarynyň işgärleri ähli tagallalary edýärler. Şunda Garaşsyz döwletimiziň kanunlarynyň hökmürowanlygyny üpjün etmek, adyl kazyýetliligiň hilini döwrüň talabyna laýyk ýokarlandyrmak, onuň açyklygyny we aýanlygyny gazanmak, biz, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň derwaýys wezipeleri bolup durýar. Bu möhüm ugurda alnyp barylýan işleriň milli Liderimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymatynyň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tagallalarda özüniň beýanyny tapýandygy guwandyrýar.

Gyzyl. Sary. Ýaşyl.

Abadan ýollar bagta ýetirýär Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da ýol-köçelerimiziň abadan bolmagyny gazanmak derwaýys meseleliginde galýar. Biz etrabymyzyň çägindäki dürli derejeli ýollarda we köçelerde ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmazlygy ugrunda ykjam aladalanýarys. Bu alada maşgalalarymyzyň abadanlygynyň, ömrümiziň rahatlygynyň aladasydyr. Şonuň üçinem bu meselä sürüjilerem, pyýadalaram deň derejede jogapkärçilikli çemeleşmelidirler.

Öri meýdanlaryny ýangyndan goralyň!

Habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory Orazmyrat Çaryýew bilen duşuşyp, öri meýdanlaryny ýangyndan goramagyň düzgünleri barada gürrüň bermegini haýyş etdi. — Yssy günleriň gelmegi bilen al-ýaşyl öwsüp oturan meýdanlar gurap başlaýar. Bu bolsa sähralarda, tokaýlarda we öri meýdanlarynda ýangyn döremek howpuny ep-esli derejede artdyrýar. Şonuň üçin ýangyn döremek howpunyň öňüni almak we ýangyn howpsuzlygyny güýçlendirmek maksady bilen şu ýylyň maý aýynyň 1-inden noýabr aýynyň 1-ine çenli ýangyn howply möwsüm yglan edildi. Ýangyn howply döwürde ýangynyň öňüni alyş çärelerini geçirmek hökmandyr: ot ýakmak üçin 15 metr daş-töweregi arassalanan meýdança saýlanylyp alynmalydyr we ody 0,5 metr çuňlukda gazylan çukuryň içinde ýakmaly, ody ulanyp bolanyňdan soň, hökmany suratda söndürmelidir. Ekspedisiýalaryň, guýy gazýan hem bede taýýarlaýan brigadalaryň bolýan ýerleriniň, şeýle hem gara mallar suwa ýakylýan guýularyň 500 metrlik daş-töwereginde her biriniň inliligi azyndan 3,5 — 4 metr bolan iki sany zolak sürülmelidir. Ol zolaklaryň arasy bolsa 30 metr bolup, onuň üstündäki gury otlar ýakylyp aýrylmalydyr.