"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Alabaý

Dünýä nusga bolup, şöhrat-şan bolup, Älem içre meşhur bolan Alabaý.

Halkymyň guwanjy sen, bedewim, alabaýym

“At agynan ýerde toý bolar” diýlişi ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda zehin, zähmet siňdirip, ösdürip ýetişdiren gamyşgulak bedewleri, gaýduwsyz alabaýlary täze belentliklere göterildi. Bedew baýramçylygy bilen birlikde ýurdumyzda birinji gezek alabaý itiniň baýramçylygy bellenilip geçirilýär. Türkmen milli buýsanjy bolan bedewlere, alabaýlara uly üns berilýär. Türkmen aty hem-de wepaly alabaýy göwünlerimizi şatlykdan dolduran bagtyýarlyk döwrümiziň öwüşgüni, biziň mirasymyz we bahasyna ýetip bolmaýan hazynamyz. Bedewdir alabaýymyz ynsan durmuşynyň şatlygy, toýlarymyzyň bezegi, baýramlarymyzyň gelşigi, märekäniň söýünjidir. Olar şu günki günlere çenli gymmatlygyny ýitirmän geldi. Nagra dartyp kişňände, owazy we gözelligi bilen aklyňy haýran edýän aty, çopanyň wepaly ýoldaşy alabaý türkmen halkynyň buýsanjy.

Wepadarlygyň nusgasy

Türkmen alabaýlary ahalteke atlary, türkmen halysy, şaý-seplerimiz ýaly halkymyzyň milli gymmatlygy hasaplanýar. Alabaýlar eýesine wepalylygy, duýgurlygy, akyllylygy, gaýduwsyzlygy bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda alabaý itleriniň halkymyzyň wepaly hemrasy bolmak bilen birlikde goragçysy, dosty, ýoldaşy bolup, nusgalyk görelde görkezendigini belläp geçýär. «It geldi — gut geldi» diýlip aýdylan ajaýyp jümle bar. Halkymyz durmuşynda möhüm orun eýelän türkmen alabaýlaryny ýetişdirmegi bagt bilipdir. Tebigatyň peşgeşi bolan wepalylygyň nusgasy hasaplanýan alabaýlara hemişe ýokary baha berlipdir.

It — ýakyn dost

Gazan kelle, läheň göwre, aýy penje, şir ýürek alamatlary bilen dünýä meşhur itler alabaýlardyr. Bu tohumyň şeýle häsiýetnama eýe bolanyna müňlerçe ýyl geçen-de bolsa, henize çenli hem olaryň şol asyl durkuny saklap galmagyna türkmen itşynaslary özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şonuň üçinem alabaýlar parasatly halkymyzyň paýhasyndan, dynuwsyz zähmetinden dörän dünýä gymmatlyklarynyň hatarynda durýan baýlyklarymyzyň biridir. Alabaýlaryň örän gadymylygyna Kaka etrabyndaky Altyndepede arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan, bürünç döwrüne degişli itiň palçykdan ýasalan şekilleri şaýatlyk edýär. Gulaklarynyň kelte, guýruklarynyň kesik bolmagy olara häzirkizaman türkmen goýun itleriniň gadymy ata--babalarynyň şekiliniň subutnamasydyr diýmäge esas berýär. Birnäçe asyrlaryň dowamynda türkmen çarwalary sakçy itleriň, ýagny, goýun itleriniň hem-de çalasyndan algyr aw tazylarynyň ajaýyp tohumlaryny kemala getiripdirler.

Arkadagym bilen özgerýär ýyllar

Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kemala getiren parahatçylyk söýüjilik häsiýeti bu günki günde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatyny bezeýär. Il arasynda «Parahatçylyk halk üçin iň uly baýlykdyr» diýen ajaýyp jümle bar. Ýurdumyzda ähli ösüşleriň gözbaşy parahatçylykdan başlanýar. Çünki, parahatçylygyň bar ýerinde ösüşem, özgerişem belentliklere göterilýär. Parahatçylygy pugtalandyrmak bolsa birek-birege ynanyşmaga bagly bolup durýar. Il agzybirligini, ýurt asudalygyny gazanmakda-da parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýeti uludyr. Ynam we ynanyşmak adamlaryň arasyndaky gatnaşyklarda-da möhümdir welin, onuň döwletleriň arasyndaky we halkara gatnaşyklaryndaky ähmiýeti hem diýseň ýokarydyr. Adamlar birleşip halky, halk jemgyýeti, jemgyýet döwleti, döwletler bolsa öz aralaryndaky gatnaşyklary bilen dünýä syýasatyny emele getirýärler. Dünýä syýasatynyň dogry, dürs we netijeli amala aşyrylmagy üçin bolsa, ozaly bilen, döwletleriň hem-de halklaryň birek-birek bilen ynanyşmagy, Ýer ýüzünde parahat ýaşaýşyň berkarar edilmegi üçin tagallalaryny birleşdirmegi zerur bolup durýar.

Şanly ýylyň taryhy seneleri

Toýlar toýlara ulaşýar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman hem mähriban Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halky Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny döredijilikli zähmetiň belent sepgitleri bilen dabaralandyrýar. Her biri özüne mahsus at bilen gelýän ajap eýýamymyzyň ýyllary uly ýeňişlere beslenip, taryhy wakalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Bu mizemez hakykata döwlet Baştutanymyzyň goldamagynda, Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda-da göz ýetirmek bolýar. Sebäbi bu ýylyň taryhy wakalaryň ýylydygy guwandyrýar.

Ak ganatly ak bedew, sen

Lowurdaýyp nurun saçýan, Dünýä belli ak bedew, sen!

Uly toýa taýýarlyk

Aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baramy mynasybetli geçirilmeli dabaralara görülýän taýýarlyk işleri bilen gyzyklanyp biziň döredijilik toparymyz “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň welaýat döwlet athanasynda iş saparynda boldy. Şu günler bu ýerde şanly toýuň dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin köpsanly işler durmuşa geçirilýär. Biz iş üstünde, welaýat döwlet athanasynyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Batyr Orazow bilen taýýarlyk işleriniň barşy barada söhbetdeş bolduk. — Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda şu aýyň soňky ýekşenbesinde belleniljek Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralaryň esasy bölegi biziň gadymy Mary topragymyzda, welaýat atçylyk sport toplumynda geçiriler. Şanly toýuň dabaralaryny ýokary derejede geçirmek boýunça taýýarlyk işleri soňky tapgyrlarda alnyp barylýar. 2011-nji ýylyň aprel aýynda ulanylmaga berlen welaýat atçylyk sport toplumynda geçirilen durkuny täzelemek işleri toplumyň mümkinçiliklerini has-da artdyrar.

Wepadarlygyň nusgasy

Täze taryhy eýýamymyzyň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň şanly senesi — Türkmen bedewiniň milli baýramy ýene bir guwançly waka bilen baýlaşdy. Has takygyny aýtsak, hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň fewral aýyndaky Permany bilen Garaşsyz döwletimizde her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde Türkmen alabaýynyň baýramynyň baýram edilmegi bellenildi. Munuň özi gadymdan gelýän milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaý itlerine goýulýan uly sarpanyň nyşanydyr. Türkmeniň alabaý itleri halkymyzyň asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten gymmatly mirasydyr. Alabaý itleri geçmişde-de türkmeniň wepaly dosty, ygtybarly goragçysy bolup hyzmat edipdir. Bagtyýarlyk döwrümizde milli Liderimiziň başlangyjy bilen alabaý tohum itlerini ýetişdirmek bilen bagly giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, milli Liderimiziň geçen — Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda çapdan çykyp, okyjylaryna gowşan “Türkmen alabaýy” atly eserinde tohum alabaýlar barada diňe bir gymmatly maglumatlar berilmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň köp asyrlyk durmuşynda eýelän orny barada gyzykly gürrüň berilýär. Behişdi bedewlerimiziň milli baýramy bilen bilelikde baýramynyň dabarasy dag aşýan alabaý itlerimiz wepadarlygyň nusgasydyr.

Owadandyr, gözel görklüdir

Türkmeniň köňül buýsanjy, uçar ganaty hasaplanýan behişdi bedewleriň taryhyna ser salanyňda asman giňişligi ýaly giň we çuň hakykatyň ýatandygyny bilmek bolýar. Türkmen ýigidi üçin bedew üsti Süleýmanyň tagty hasaplanýar. Nusgawy şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň: Münende şaý bolsa tükel esbaby,

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Zähmet bagta ýetirýär Daýhanlar üçin ýene bir jogapkärli möwsüm başlandy. Gowaça ekilen meýdanlarda iki gulak bolup çykan ekini otamak, ýekelemek, hatar aralaryny ýumşatmak işleri ýerine ýetirilýär.

Piläniň bol hasyly öndüriler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda halkymyz Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda zähmet üstünliklerini, belent sepgitlerini amala aşyrmak üçin giň gerimli işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň ähli ulgamy bilen bir hatarda oba hojalyk pudagynda zähmet çekmek üçin döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanýan daýhanlaryň ýadawsyz aladalary özüniň oňyn netijesini berýär. Şu günler ýüpek gurçugyny idetmek möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Ýüpek gurçugyny idedýän kärendeçiler bol pile hasylyny öndürmek ugrunda aladalanýarlar. Bu ugurda tejribe toplan kärendeçileriň biri hem Baýramaly etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginden Gurbanjemal Durdyýewadyr. Ol indi birnäçe ýyl bäri gurçuk idetmek bilen meşgullanyp gelýär. Ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda agzybir maşgalasy bilen 30 gram gurçuk tohumyny alypdyr. Ýüpek gurçugyny idetmek möwsümi bir aý töweregi dowam edýän hem bolsa hysyrdyly, jogapkärli iş bolup durýar. Muňa oňat düşünýän Gurbanjemal gelneje gurçuk saklanýan otagyň ýylylyk derejesine, arassalygyna üns berýär. Esasan hem olaryň iýmiti bolan tut ýapraklarynyň arassa hem-de ter bolmagy ugrunda aladalanýar.

Atym bar — ganatym bar

Türkmeniň milli buýsanjy bolan bedew atlar biziň halk döredijiligimizde aýratyn şöhlelenýär. Gyzdan gylykly owadan bedewlerimiz diňe bir ynsan syzgyrlygy, duýgurlygy bilen däl-de, eýsem, wepadarlygy, çydamlylygy, gaýratlylygy bilen buýsanç, guwanç duýgusyny döredýär. Türkmen atşynaslary, seýisleri dünýäni haýran edýän bedewleri ýetişdirip gelipdirler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň durmuşynda bedew atyň aýratyn orny bar. Golaýda biz Wekilbazar etrabynyň Türkmenistan geňeşliginiň ýaşaýjysy, 90 ýaşy arka atan atşynas Çerkez Gypykow bilen gürreňdeş bolduk. Şonda biz ondan seýisçilik sungatynyň syrlary barada gürrüň bermegini haýyş etdik.

Öňüni alyş sanjymlaryny alalyň!

Ýokanç keselleriň döremeginiň we ýaýramagynyň öňüni almagyň iň ygtybarly usuly öňüni alyş sanjymlaryny almakdyr. «Waksinasiýa” diýen düşünje çagalarda we uly adamlarda öňüni alyş sanjymlaryny geçirmegi aňladýar. Ýurdumyzda öňüni alyş sanjymlary döwlet serişdeleriniň hasabyna mugt geçirilýär. Häzirki wagtda sanjym tertibine laýyklykda birnäçe kesellere garşy sanjym geçirilýär. Barlaglar netijesinde köpçülikleýin öňüni alyş sanjymlary geçirilip başlanaly bäri ynsan ömrüniň uzalandygyny bellemelidiris.

Behişdi bedewler buýsanjymyzdyr

Her bir milletiň özüne mahsus mukaddeslikleri, milli gymmatlygy, sungat derejesine ýetiren özboluşly aýratynlygy bar. Türkmen ilinde gadymyýetden bäri wepadarlygyň belent nusgasyny özünde jemleýän bedew aty bar. Gadymy çeşmelerde “behişdi”, “asman”, “asylly”, “adaty bolmadyk” diýlip atlandyrylýan türkmen bedewleri şöhraty müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bolan ajaýyp bedewlerimizi oňat seýisläp, köpeldip, arassa ganlylygyny saklap, nesillerimize galdyrypdyrlar. Türkmenistan behişdi bedewleriň ýurdy hökmünde ir döwürlerden bäri dünýä belli bolan ýurtdyr. Bu barada atşynas, görnükli alym, atlaryň janköýeri, professor W. O. Wittiň: “Türkmen bedewleri şol gadymy arassa ganly atlaryň soňky damjalarydyr. Onuň kömegi arkaly dünýäniň atşynaslyk ulgamynyň ähli medeniýeti kemala getirildi” diýen jümlelerini buýsanç bilen beýan etmek bolar. Türkmen bedewleri örän hyjuwly hem güýçli, eýesine wepaly, gyz gylykly, asylly häsiýetli, paýhasly, özüne bolan hormaty talap edýän jandar hökmünde bütin dünýäde ykrar edilipdir. Ady rowaýata öwrülen asman atlary halkymyzyň uçar ganaty, ylham joşguny, milli baýlygydyr.

Zyýanly endiklerden daşda bolunmalydyr

Arkadag Prezidentimiziň neşekeşlige garşy göreşi zyýanly endikleriň biri bolan çilimkeşligiň öňüni almak bilen utgaşykly işleri alyp barmaga badalga bermegi il-günümizde hoşallyk duýgusyny döretdi. Çilimkeşlige garşy göreş soňky wagtlarda has-da giň gerime eýe bolýar. Munuň özi ýurdumyzda temmäki önümleriniň sarp edilişini çäklendirmekden ybaratdyr. Şu günki we geljekki nesilleri temmäki önümlerini ulanmagyň zyýanly netijelerinden goramakda aýgytly ädim ädilýär. Bu mesele babatda “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan ugur alnyp, degerli işler geçirilýär. Temmäki tüssesiniň ynsan saglygyna ýetirýän zyýanyny yzygiderli düşündirip, bu ýaramaz endikden daşda bolunmagyny üpjün etmek esasy wezipämiz bolup durýar.

Ýadawsyz tagallanyň netijesi

Döwlet Baştutanymyzyň teklibi bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan ýylymyzda-da jemgyýetimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň bady artýar. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymaty adam hakda aladanyň giňden dabaralanmagyna giň ýol açýar. Ýeňişli menzilleri ynamly külterleýän türkmen halky döwletli döwranyň hözirini görüp, tutanýerli zähmet çekýär. Il-günümiziň rahat, abadan durmuşyny üpjün etmek hem adam hakdaky aladanyň möhüm bölegidir. Şonuň üçinem bölümimiziň işgärleri öňlerinde durýan jogapkärli wezipelere abraý bilen hötde gelmek üçin ýadawsyz tagallalary edýärler. Adyndan belli bolşy ýaly, gorag bölümimiziň işgärleri eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki emläkleriň, banklaryň we aýratyn ähmiýetli binalaryň desgalaryň ygtybarly goraglylygyny üpjün edýärler. Şeýle hem biz altyn-kümüş şaý-sepleri we beýleki gymmatlyklar satylýan söwda nokatlaryny gorag astyna alyp, olaryň goralmagyny üpjün edýäris. Bulardan başga-da, eger-de raýatlar isleg bildirseler, bellenilen kadalara laýyklykda olaryň ýaşaýyş jaýlarynyň, telekeçileriň hususy dükanlarynyň, ammarlarynyň goralmagyny hem üpjün edýäris. Bölümimiziň işgärleriniň ýadawsyz tagallalary özüniň netijesinem berýär.

Türkmen alabaýy

Eziz Arkadagymyň, Beýik eserne giren,

Bedew

Seýkin basyp, bäri gelşiň, Ýatladýar uz gyzy, bedew!

Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym

At gyzyklymy, aw Iki adam jedelleşipdir: