"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Şygryýet bossany

Rubagylar kökeni Damardaky ganymdasyň, eje jan,

Şygryýet bossany

Ýatlama Çagakak deň-duşlar bilen,

Şygryýet bossany

Pyragy Magtymguly, öwüt-ündew diliňde,

Şygryýet bossany

Arzuwly ýer Gelermize garaşyp dur sabyrsyz,

Bedew mertebesi

Rowaýat Gadym döwürde oguz ilinde at-abraýly bir baý bar eken. Onuň örän ýyndam bedewi bolup, ähli at çapyşyklarynda baş baýragy alar ekeni. Şol obada bir ýaş seýis hem ýaşap, onuň deňi-taýy bolmadyk ýüwrük atyna hemmeler göwnügidijilik bilen seredipdirler. Gyrata çalymdaş bedewini onuň özi seýisläpdir. Ýöne ýaş seýis hiç wagt atyny baýyň bedewi bilen ýaryşlara goşmandyr. Çünki, ol ýaryşda bedewiniň üstün çykjakdygyny bilýän eken. Il arasynda sylagly baýa hormat goýýandygy üçin hem bedewini onuň bedewi bilen ýaryşa goşmakdan saklanypdyr. Günlerde bir gün baý ony ýanyna çagyryp, şeýle diýipdir:

Iki tymsal

At haçan garraýar? Ozallar bedew atly ýigitler kowsa ýeter, gaçsa, gümansyz, gutular eken. Şonuň üçin surat ýaly owadan atlaryny ýigitler janyndan eziz görüp saklapdyrlar. Uzak menzilleri aşmaly bolanda atyň eýesi hozuň maňzy garylan nohutly kişmişiň üstüne ýumurtga çakyp, togalak-togalak nogul ýasar ekeni. Onsoň ýolda gidip barýarka, eýesi atynyň boýnuna kakar welin, at gaňrylyp, onuň elindäki nogluny gapar. Şeýdip uzak ýörişlerde at ýadaman, ýol külterläp gider otyr, gider otyr.

Täsin at çapyşygy

Hekaýat Ir zamanlarda täsin bir ýurt bolupdyr. Ýurtda baý maldarlar, ekin ekip baýan ýer eýeleri bar eken. Hatda ýurduň patyşasy, wezir-wekilleri hem mallaryny özleri bakyp, ekin ýerlerini özleri agdarypdyrlar. Baýlaryň aýallary hem sygyr sagyp, haly, keçe dokap, öý işlerini edipdirler. Adamzat gatlagynyň beýleki wekillerem şeýle ýaşapdyrlar.

Anna Babajanyň gürrüňlerinden

Sungat diýlen düýpsüz ummanda boýlan, il-halkyna şirin aýdym-sazlary bilen hyzmat eden, gül Watanymyzy, gözel durmuşy, söýgini, zähmeti öz aýdymlarynda wasp eden saýrak dilli bagşylaryň biri hem Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Anna Babajanowdyr. Bu ussat bagşy bilen, şeýle hem onuň egindeşleri — Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Ata Orazow, bagşy Amandurdy Güjükow bilen 1997 — 1998-nji ýyllarda Wekilbazar etrap medeniýet merkeziniň ýanyndaky Bagşylar öýünde işleşmek maňa nesip edipdi. Bagşylar öýümiz gelim-gidimlidi, saz-söhbetiň ojagydy. Ýaşuly halypalar aýdym-saza höwesek ýaşlara bagşyçylygyň inçe tilsimlerini öwredýärdiler. Çaý başyna üýşenimizde bolsa “Gyzym, aýdanlarymyzy ýazyp alyber, bizem ötegçidiris” diýip, täsin gürrüňler bererdiler. Men hem ýazyp alardym. Şol ýazgylardan — Anna Babajanowyň gürrüňlerinden size hem ýetirmegi makul bildim, hormatly okyjylar!

Halkyň hazynasyndan

Mäjum ýa-da dürüşde Garry adamlaryň ýanynda garym-gatym gürrüň etseň, buýrulan ýumşy bulaşyk etseň «dürüşde etdiň”, «mäjum etdiň” diýäýmeleri bar. Görüp otursak mäjum, dürüşde iýilýän tagamlaryň ady eken. Köplenç, gyş möwsüminde taýýarlanylýan bu dermanlyk tagamlar barada Garagumuň Gurtly depe obasynyň ýaşaýjysy, il içinde sylagly lukman Hangeldi Garryýew “Könelerden eşiden gürrüňlerim” diýip aşakdakylary aýdyp berdi.

Danalara gulak goýsaň...

Eger ýürekde şöhrat hyjuwy dyňzasa, onda hakykata ýetmek iňňän kyn düşer. Ybraýym bin EDHEM.

Eýsem, sesler meňzeşmi?!

Tanyş ses, tanyş ýüzler diýen jümleleri biz häli-şindi halk arasynda giňden eşidýäris. Eýsem, Ýer ýüzündäki ähli adamlaryň sesi, gepleýiş äheňi biri-biriniňkiden tapawutlanýarmyka?! Mysal üçin, telefona jogap beren wagtymyz garşymyzdaky adam “Alo” diýen badyna sesi arkaly onuň kimdigini tanap bilýäris. Bu bolsa ynsan sesiniň biri-biriniňkä meňzemeýändigini aýdyň görkezýär. Sesler gum sagadyny ýadyňa salyp bokurdakdaky ses perdeleriniň kömegi bilen ýaňlanýar. Ses perdelerimiziň uzynlygy sesimiziň ýogynlygyny ýa-da inçeligini kesgitleýär. Ses perdeleri näçe uzyn bolsa, ses hem şonça inçe owazda çykýar. Erkek adamlar bilen deňeşdirilende, zenanlaryň ses perdeleri has uzyn bolýar.

Hikmetli jümleler

Söýgi hakda — Halamak bilen söýmegiň arasynda näme tapawut bar?

Türkmenistanda türkmen bedewiniň we alabaýynyň goşa baýramy ilkinji gezek bellenildi

25-nji aprelde Türkmenistanda ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde giň gerimde bellenildi. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bu günki baýramçylyk dabaralarynyň başlanýan ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýelden ýüwrük türkmen bedewleriniň gatnaşmagynda halk arasynda iň meşhur bäsleşikleriň biri — baýramçylyk at çapyşyklary guraldy. Ir bilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýanynda ählumumy ruhubelentlik we baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýere Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

Welaýat häkimliginde bolan maslahat

Bereketli türkmen topragy ir döwürlerden bäri iň gowy bedewleriň ýetişdirilýän mekany hasaplanylypdyr, olaryň şöhraty Ýer ýüzüniň çar künjegine ýaýrapdyr. Türkmen seýisleri köp asyrlaryň dowamynda irginsiz zähmet bilen ýelden ýüwrük bedewleri terbiýeläp ýetişdiripdirler. Ussat seýislerimiz ahalteke bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklap, dünýä atşynaslygynyň täjine öwrülen atlaryň aýratyn, täsin tohumyny döretdiler. Türkmeniň alabaý itleri hem öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp halylarymyz ýaly, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň hatarynda durýar. Olar türkmeniň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar hakynda düşünjeleriniň nyşanlaryna öwrülip, halkyň medeniýetiniň ähmiýetli bölegini düzýärler. Häzirki wagtda türkmen alabaýy dünýäde meşhur tohumlaryň biridir.

Ahalteke atçylygy: dünýä derejesindäki şan-şöhratyň täze belentliklerine tarap

23-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň öňündäki meýdança Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Dabara, şeýle hem şu günler sarpalanylýan, saýlap alan hünärinde ajaýyp üstünlikleri gazanan atşynaslar, bedewleriň täsin dünýäsi bilen bagly beýleki ulgamlaryň hünärmenleri gatnaşdylar.

Şatlyk - şowhuna beslendi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda behişdi bedewlerimiziň we türkmen alabaýlarynyň şan-şöhraty arşa galdy. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan toýlanylýan türkmen bedewiniň milli baýramçylygyna halkymyz ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramynyň ilkinji gezek bilelikde bellenilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Golaýda welaýat medeniýet köşgüniň öňündäki giň meýdançada welaýat, şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna hem-de Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanylyp baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabarada şowhunly aýdym-sazlaryň astynda türkmen halkynyň köňül buýsanjy, uçar ganaty hasaplanylýan behişdi bedewlerimiziň waspy alyslara ýaň saldy. Baýramçylyk röwüşde bezelen giň meýdançada ýerleşdirilen ahalteke bedewleriniň surat sergileri dabara milli öwüşgin çaýdy. Bu ýerde türkmeniň göz guwanjy bolan ahalteke bedewiniň üstünde bedew hakyndaky ýerine ýetirilen aýdym dabaranyň şowhunyny artdyrdy.

Täze bina açyldy

Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy ilkinji gezek bilelikde bellenilip geçildi. Türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen türkmen bedewlerini we alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek hem-de kämilleşdirmek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, atşynaslyk we itşynaslyk sungatyny ösdürmekde uly möçberli işler durmuşa geçirilýär. Arassa ganly ahalteke bedewlerimiz özüniň owadanlygy, gylyk-häsiýeti we düşbüligi bilen bütin dünýäde tanalýan bolsa, türkmen alabaýlarymyz eýesine wepalylygy, batyrlygy hem edermenligi bilen tapawutlanýar. Aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy biziň welaýatymyzda hem ýokary guramaçylyk derejesinde, belent ruhubelentlige beslenip geçirildi. Bu baýramçylygyň esasy wakalarynyň biri bolsa Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň welaýat merkeziniň gurlup ulanylmaga berilmegidir.

Baýramçylyk çäresi geçirildi

Ýakynda «Ýolötenbent» suw desgasynda etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň we etrabyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli çäre geçirildi. Onda Gahryman Arkadagymyzyň “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Türkmen alabaýy” atly ajaýyp kitaplary esasynda çykyşlar guraldy. Çärede hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplarynyň sergisine giň orun berildi. Dabaranyň dowamynda etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlary oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Çärä gatnaşanlar mähriban halkymyzyň asuda, parahat we bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Gyratym — ganatym

Baýramaly şäher häkimliginiň medeniýet öýnüň, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli şäher medeniýet öýünde şäheriň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda “Gyratym — ganatym” ady bilen aýdym-sazly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda şäher häkimliginiň bölüm müdiri Nurgeldi Hommadow, TDP-niň şäher komitetiniň başlygy Agamyrat Seýitberdiýew, TAP-nyň şäher komitetiniň başlygy Eneş Orakowa, TMÝG-niň şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Baýramgeldi Gaýypow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli gutlap, hormatly Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler. Çäräniň ahyrynda Zelili adyndaky sungat mekdebiniň sergilerine hem-de medeniýet öýüniň aýdymçy, tans toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi.

Toýly günde syrdaşdyr

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan atçylyk hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallasy bilen ösüşiň täze sepgitlerine çykdy. Adamyň gamly güni gardaşy, toýly güni syrdaşy bolan bedewler geçmişde türkmen ýigitleriniň diliniň senasy, köňlüniň aramy bolupdyr. Gyrat bilen ähli ýeňişlere ýeten, halkyň ýüreginiň töründe orun tutan Görogly begiň şanyna düzülen dessanda bolsa, baş gahryman bu meselede türkmen gerçeginiň ýürek arzuwy bolup, onda at hakynda şeýle diýilýär: Köýnekçesin etsem zerden,