Iki tymsal

28 Aprel 2021
650

At haçan garraýar?

Ozallar bedew atly ýigitler kowsa ýeter, gaçsa, gümansyz, gutular eken. Şonuň üçin surat ýaly owadan atlaryny ýigitler janyndan eziz görüp saklapdyrlar. Uzak menzilleri aşmaly bolanda atyň eýesi hozuň maňzy garylan nohutly kişmişiň üstüne ýumurtga çakyp, togalak-togalak nogul ýasar ekeni. Onsoň ýolda gidip barýarka, eýesi atynyň boýnuna kakar welin, at gaňrylyp, onuň elindäki nogluny gapar. Şeýdip uzak ýörişlerde at ýadaman, ýol külterläp gider otyr, gider otyr.

Beýleki habarlar