"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Howpsuz iş şertleriniň girewi

Bagtyýarlyk zamanamyzyň ähli ýyllarynda bolşy ýaly, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzda hem zähmeti goramagyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi derwaýys wezipe bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň degişli kararynyň çäklerinde degerli işler durmuşa geçirilýär. Şu wajyp wezipäniň oňyn çözgüdini gazanmakda jemgyýetçilik gözegçilik işlerini amala aşyrmak derwaýys meseledir. Onuň çäginde her bir iş ornunda zähmeti goramagyň bellenilen talaplaryna laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilişi bilen bagly çäreler görüldi. Şeýle hem zähmeti goramak boýunça gözükdirmeleriň ýola goýulmagyny seljermek hem-de ýüze çykarylan kemçilikleri öz wagtynda aradan aýyrmak bilen bagly işlerem wajyplygyna galýar. Şonuň üçinem kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda önümçilikde betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almak maksady bilen degerli çäreler ýola goýlup, olaryň guramaçylykly geçirilmegi üpjün edildi. Howpsuz zähmeti ygtybarly üpjün etmäge gönükdirilen şu we beýleki çärelerimiz möhüm ädim bolup hyzmat etdi. Şonuň üçinem biz bu babatda geljekde-de zerur çäreleri meýilleşdirýäris.

Tagalla edilýär

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň saglygyny goramaga uly üns berýär. Gülden görkli Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap enjamlar bilen üpjün edilýän saglyk merkezleriniň, hassahanalaryň her ýylda birnäçesi gurlup, ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny berkitmäge hem-de dikeltmäge niýetlenen ýokary hilli şypahanalar, sport desgalary, sagaldyş merkezleri hereket edýär. Şäher merkezlerinde, şeýle hem oba ýerlerinde ilata saglyk öýleri hyzmat edýär. Şol saglyk öýlerinde tejribeli lukmanlardyr şepagat uýalary zähmet çekýärler. Tagtabazar etrabyndaky oba saglyk öýünde maşgala lukmany hem-de müdir bolup zähmet çekýän Annamyrat Gelenow indi halypa lukmanlaryň hatarynda tanalýar. Ol bu ugurda 54 ýyl bäri zähmet çekip gelýär we bu saglyk merkezinde 41 ýyl bäri müdir bolup işleýär. Annamyrat Gelenowyň ýanyna ýüz tutup gelýän oba adamlary onuň işinden örän hoşal bolýarlar.

Okyjy — gazet — okyjy

Altyn başyňyz aman bolsun! Tebigat täsinlikleriniň naýbaşylarynyň biri-de ýaz pasly bolsa gerek. Çünki, ýaz — zeminiň zynaty. Haçan--da, ülkäme bahar gelse, tebigat täsin gülýaka meňzäp, soltan pasyl bolsa zergär mysaly zemini kümüş suwuna batyryp, altyn suwy berlen nepislige öwürýär goýaýýar. Şol pursat ol gözelligi wasp etmäge sözleriň şasy-da ejiz gelýän ýaly. Göwnüňe, gözüňi dokundurýan gözellikler öwgä mätäç däl ýaly bolýar, olary synlap, lezzet almak we guwanmagyň özi öwginiň ýerini tutjak kämillik bolsa gerek.

Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatlary

26-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň baş şäherini we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilýän maslahata milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Ş. Durdylyýewi hem-de paýtagtymyzyň häkimi Ý. Gylyjowy çagyrdy.

Ýaşyl hatarlar

Welaýatymyzyň obahojalykçylary hormatly Prezidentimiziň bu pudagy çalt depginlerde ösdürmek baradaky görkezmelerinden ugur alyp, joşgunly zähmet çekýärler. Olar ösüşli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýärler. Döwrüň talabyna laýyk bähbitli işleri ýerine ýetirmekde aýratyn hem Baýramaly etrabynyň obahojalykçylary oňat netijeleri gazanýarlar. Indi birnäçe ýyldan bäri daýhan birleşiklerinde täzeçe işlemeklige tutanýerli girişýärler. Munuň özi daýhan hojalyklarynyň döredilýändigini aňladýar. Bu usulda zähmet çekmegiň oňat netijeleri berýändigi bolsa äşgär duýulýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçylyk pudagy boýunça “Merdem kuwwat” daýhan hojalygy döredildi. Durdymuhammet Salyhowyň ýolbaşçylygyndaky bu daýhan hojalygy 490 gektar ýerde ýaz ekişini geçirmek işini üstünlikli ýerine ýetirdi. Işleriň guramaçylykly alnyp barylmagy, tehniki üpjünçiligiň artdyrylmagy jogapkärli ýaz ekişiniň öz wagtynda geçirilmegine şert döretdi. Ýaz ekişini geçirmekde mehanizatorlar Agamyrat Rejepow, Jemal Tekäýewa, Ylýas Aşyrow şeýle hem, beýleki tehnika eýeleri tutanýerli işlediler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşlikleri

26-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan etdi.

Gadamy batly kärendeçi

Toprak maňlaý derini aýaman zähmet çekýäne özüniň bereketini bolluk bilen eçilýär. Muňa oňat düşünýän zähmet adamsy ýere eýe gözi bilen garap, bol hasyl ugrunda aladalanýar. Işine ussat, ýylyň-ýylyna ýokary netije gazanmagy başarýan kärendeçileriň biri hem Türkmengala etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Atamyrat Jumabaýewdir. Oba oglany kiçiliginden mellegiň işine, mal-gara kömekleşip, zähmete bişişýär. Toprak bilen iş salyşmagy bilýän A. Jumabaýew daýhan birleşiginden kärendesine ýer alyp, zähmet ýoluny dowam etdirýär. Ol ýaşlygyna garamazdan, kärende ýerine bugdaýdyr pagtany gezekleşdirip ekip, ýokary netijeleri gazanmagy başarýar. Hojalygyň hünärmenleriniň berýän maslahatlaryny iş ýüzünde amala aşyryp, özüniň tejribesini artdyrýar.

Ýaş pileçiler görelde bolýarlar

Her ýyly ýokary görkezijiler bilen jemläp, pile tabşyrmagyň meýilnamasyna abraý bilen hötde gelýän Tagtabazar etrabynyň pileçileriniň yhlaslary ýerine düşýär. Geçen ýylky gazanan zähmet üstünlikleri bilen ruhlanan pileçilerimiziň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da gadamlary batly, ümzükleri öňe. Munuň şeýledigine olaryň şu günlerki döredijilikli zähmetlerini göreniňde-de doly göz ýetirýärsiň. Senagatymyz üçin gymmatly çig mal bolan ýokary hilli piläni taýýarlamakda etrabymyzyň pileçileri uly ynam, aýdyň maksat bilen işleýärler. Bu işde ýaş pileçilerimiziň goşantlarynyň uludygy hem buýsandyrýar. Üstümizdäki ýylda etrabymyzyň pileçileri 32851 gram gurçuga ideg edýärler. “Marçak”, “Ýaşlyk”, “Azatlyk”, “Pendi” we beýleki daýhan birleşikleriniň pileçi ýaşlary ýokary hilli pile almak üçin eýeçilik edýän gurçuklaryna yhlasly ideg edýärler. Arassa hem belli bir ýylylykdaky jaýlarda gurçuklar kadaly iýmitlendirilýär.

Arkadagly döwre buýsanç

Golaýda şäher häkimliginde TDP-niň , TAP-nyň Mary şäher komitetleriniň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň, welaýat saglygy goraýyş müdirligi bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň jemleri boýunça «Arkadagly döwre buýsanç» ady bilen maslahat geçirildi. Maslahaty TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew açdy we alyp bardy.

Möhüm mesele

Ýolöten etrap kazyýetiniň mejlisler zalynda maşgala gatnaşyklarynyň berkligini we durnuklylygyny pugtalandyrmak, nikanyň bozulmagynyň öňüni almak boýunça etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýerli geňeşlikleriň bilelikde guramagynda kazyýete nika bozmak barada ýüz tutan raýatlaryň ene-atalarynyň gatnaşmaklarynda ýygnak geçirildi. Ýygnakda welaýat kazyýetiniň şikaýatlar we arzalar bölüminiň müdiri Jora Durdalyýew, welaýat kazyýetiniň şikaýatlar we arzalar bölüminiň maslahatçysy Suhan Jepbarow, Ýolöten etrap kazyýetiniň kazysy Gülşirin Ilamanowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bölüm müdiri Jennet Orazowa, etrabyň ýaşaýjysy, hormatly ýaşuly Seýitmuhammet Isakow çykyş etdiler. Çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri, ýurdumyzda alnyp barylýan kanunçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek hakynda, şeýle-de, nika mukaddesligine hormat goýmak, «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatyň iş ýüzünde doly amala aşyrylyp, ýurdumyzda her bir maşgala, her bir adam hakynda alada edilýändigi barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Ak şäherim Aşgabat!

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň we Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýunyň belleniljekdigi halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrýar. Ýubileý toýuny garşylamagyň bosagasynda duran ak şäherimiz bu gün ajaýyp wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýär. Şeýle ajaýyplyklary synlanyňda bolsa buýsançly duýgular seriňe dolýar. Hakykatdan hem Aşgabat — ak mermerleriň şäheri. Aşgabat — asuda, abadan durmuşyň nusgasy. Aşgabat — ylmyň we bilimiň ojagy. Şeýle ajaýyplyklaryň ählisini jemläniňde bolsa, Aşgabat — türkmen dünýäsiniň ýüregi diýesiň gelýär. Biz hem geljekde hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän uly ynamyndan ruhlanyp, döredýän oňyn şertlerinden peýdalanyp, Watanymyza mynasyp nesli kemala getirmekde mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Ätiýaçlandyryş siziň ynamdar wekiliňizdir

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze, has oňaýly nusgasy kemala gelýär. Ähli pudaklaryň durnukly we sazlaşykly ösüşi üpjün edilýär. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, bazar gatnaşyklaryna geçmekde ätiýaçlandyryş ähli hojalyk işleriniň möhüm guraly bolup durýar. Bazar ykdysadyýetine geçilmegi bilen ätiýaçlandyryş edara görnüşli we şahsy taraplary maliýe, durmuş we beýleki ýagdaýlardan dürli görnüşli tebigy betbagtçylyklardan we betbagtçylykly hadysalardan goramaga ukyply serişdeleriň birine öwrülýär. Ätiýaçlandyryş ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň netijeli usullaryny üpjün edýän uzak möhletli içerki maýa goýumlarynyň artmagynyň, şeýle hem, ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynyň mundan beýläk-de ösmeginiň ygtybarly çeşmesi bolup durýar.

Sagdynlygyň gözbaşy

Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş neslimizi sporta köpçülikleýin çekmek maksady bilen, hormatly Arkadagymyzyň sporty ösdürmekdäki tagallalaryna jogap edip, etrabymyzyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň 1-nji sport mekdebinde uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň çäklerinde ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramazlygynyň öňüni almak üçin mekdebimizde ýygy-ýygydan wagyz-nesihat işlerini geçirip durýarys. Okuw-türgenleşik sapaklaryna gelýän türgenleriň gündelik beden gyzgynyny barlap durýarys. Burun nemlerine oksolin mazyny çalyp, ellerini zyýansyzlandyryş serişde bilen zyýansyzlandyrmagy talaba laýyk ýola goýýarys. Tälimçi mugallymlaryň arasynda aralyk ölçegini saklamalydygyny we elleriňi ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmalydygyny, agyz-burun örtükli gezmelidigini düşündirýäris. Sport mekdebimiziň zallarynda saglyk burçy döredilen. Mekdebimiziň otaglary we pollary zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen günüň dowamynda 2 gezek ýuwlup, gapylaryň tutawaçlarynyň süpürilip durulmagyny gazanýarys. Sport mekdebiniň otaglary we sport zallary howa şertlerine laýyklykda, her iki sagatdan ýelejiredilýär we okuw-türgenleşik sapaklary başlanmazdan öň üzärlik tütedilýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygyny goramakda alyp barýan uly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Howpsuzlyk kadalary derwaýysdyr

Ajap eýýamymyzda tebigy gazyň eşreti halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen oba-şäherleriň gazlaşdyrylmagy ilatyň tebigy gaz bilen üznüksiz üpjünçiligine mümkinçilik berdi. Bilşimiz ýaly, tebigy gazyň eşret kemi ýok. Ýöne ondan howpsuz we tygşytly peýdalanmak zerur meseledir. Munuň üçinem howpsuzlyk düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmeli. Hemişe nygtaýşymyz ýaly degişli gaz hojalyk edarasyndan birugsat täze gaz nokadyny çekmäge ýa-da işläp duranynyň ýerini üýtgetmäge rugsat berilmeýär. Gaz enjamy işläp duran otagyň penjiresiniň fortoçkasy hemişe açyk durmalydyr. Gaz enjamynda näsazlyk ýüze çyksa, haýal etmän gaz hojalyk edarasyndan ussa çagyrmaly. Gazyň çykýan ýerini barlamak üçin açyk otdan peýdalanmak gadagandyr. Bu babatda diňe sabynyň köpürjiginden peýdalanmak maslahat berilýär. Gaz enjamlaryndan peýdalanýanlara ýene bir düzgünem ýatlatmalydyrys. Gaz enjamy ulanyljak bolnanda ilki ody gazyň ýanmaly ýerine eltip, ondan soň krandy açmaly.

Şygryýet bossany

Özge watan islemen Jana şypa, melhem suwuňdan içip,

Şygryýet bossany

Wagt hakynda pelsepe Günler, aýlar geçip barýar garaşman,

Şygryýet bossany

Garaşsyzlyk Güldenem görkana seň gözel roýuň,

Şygryýet bossany

Garaşsyzlyk Güldenem görkana seň gözel roýuň,

Şygryýet bossany

Bahar Gök bulut tutanda mawy asmany,

Şygryýet bossany

Özüme öwüt Alyslara uzap ýatyr gözýetim,