"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Taryhy edermenlik

Şu günler Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygynyň baýramçylygy dabaraly bellenilýär. Ganym uruşda şirin janlaryny gurban eden gerçek ýigitlerimiz, milli gahrymanlarymyz ýatlanylýar, hatyralanylýar. Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli Mary etrabynyň Peşanaly geňeşliginiň ýaşaýjysy, uruş we zähmet weterany Aýdogdy Amadyýew bilen dabaraly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga etrap häkimliginiň hünärmenleri, TDP-niň welaýat, etrap komitetleriniň partiýa guramaçylary, etrap harby wekilliginiň wekilleri, TDEI-niň talyplary, TSTP-niň welaýat komitetiniň işgärleri gatnaşdylar. Uruş we zähmet weterany A. Amadyýewe Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň ýadygärlik sowgatlary we gül desseleri gowşuryldy.

Pileçiler höweslendirildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda mähriban halkymyz Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda zähmet ýeňişlerini, belent sepgitleri gazanmak üçin giň gerimli işleri alyp barýar. Oba hojalyk pudagynda zähmet çekmäge döredilýän giň mümkinçilikler daýhanlaryň her bir işde oňat netijeleri gazanmagyna ýardam berýär. Milli Liderimiz oba hojalygynyň beýleki ugurlary bilen birlikde ýüpekçiligiň ösdürilmegine, bol pile hasylynyň öndürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Türkmengala etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri döwletimize pile hasylyny tabşyryp başladylar. Etrap boýunça ýüpekçiler 1169 guty ýüpek gurçugyna ideg edip, bereketli pile hasylyny ýetişdirdiler.

Sowgat gowşuryldy

Agyr jeňde köp pida çekilip gazanylan, çäksiz begenjiň gözýaşy bilen garşylanan Ýeňşiň 76 ýyllygynyň baýramy toýlanylýar. Bu Ýeňşiň dünýäniň ençeme halklary bilen birlikde türkmen halkyna-da juda gymmada düşendigem şübhesiz hakykatdyr. Bu jeňde onlarça müň türkmen ýigitleri şirin janlaryny gurban etse, uruşdan maýyp bolup gelenlerem juda köp boldy. Nägehan urşuň halkymyzyň başyna salan külpeti bimöçberdir. Şu günler Ýeňiş gününiň baýramçylyk çäreleri giň gerime eýe bolýar. Sany ýylsaýyn azalýan uruş weteranlary, urşuň yzynda galanlary, tylda zähmet çekenleri Ýeňiş güni bilen gutlamagyň dabaralary şatlyk-şowhuna beslenýär. Golaýda Ýeňiş güni mynasybetli TKA-nyň welaýat birleşmesi, TSTP-niň welaýat komiteti Mary şäheriniň ýaşaýjysy, uruş we zähmet weterany Nikolaý Skotnikowa hormatly Prezidetimiziň baýramçylyk sowgadynyň we ter gül dessesiniň gowşurylyş dabarasy boldy.

Uzaga çeken gözleg

Biz Garaşsyzlygyň, has dogrusy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly syýasaty netijesinde yglan edilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň adamlary bolup, Ýeňiş baýramyny uludan toýlaýarys. Watançylyk urşunyň ýeňişli tamamlanaly bäri ýetmiş alty ýyl geçip, ýyllar geçen urşuň ýüzüni örtse-de, ýürekleriň öçmez yzasy şindi-şindilerem öz bardygyny bildirip dur. 1941 — 1945-nji ýyllar aralygynda dowam eden ganym uruş daşlaşsa-da, adamzat nesliniň hiç wagt ýadyndan çykmaýar.

Dost-doganlygyň nyşany

Golaýda welaýat häkimliginiň, TDP-niň TAP-nyň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TZB-niň welaýat bölüminiň hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Welaýat häkimliginde bolan bu maslahat hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly eseriniň özbek dilinde neşir edilmegi bilen bagly geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, bilim, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew, Murgap etrap bilim bölüminiň işgäri, şahyr Annamyrat Hotjyýew, TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowa, TKA-nyň Murgap etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Gurbanmyrat Muhammetorazow, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Kuwwat Jumalyýew hem-de welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Şemşat Meredowa çykyş etdiler.

Aşgabadym — göwün şadym

Biziň gözel paýtagtymyz Aşgabat diňe bir ýurt merkezi hökmünde däl-de, eýsem, halkymyzyň çuňňur buýsanjyna eýe bolan, ýürekden söýülýän eziz şäher hökmünde hem meşhurdyr. Her bir halk hem paýtagtyny eziz görýändir welin, türkmen halkynyň Aşgabada bolan garaýşy juda üýtgeşik. Şol buýsançly söýgi hem Aşgabadyň adynyň rowaýata öwrülmegine getirdi. Bu günki günde şanyna onlarça aýdym, ýüzlerçe şygyr döredilen başga bir şäheri atlandyrmak aňsat däl. Biziň aşyklar şäherine deňelýän Aşgabada söýgimiz aňyrdan, düýpden gelýär. Şu ýerde geçmişde bolup geçen bir wakany ýatlasak, ýerine düşse gerek. Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwada Türkmenistanyň Medeniýet günleri gidip dur. Kremiliň Gurultaýlar köşgünde dürli milletleriň wekilleri türkmeniň medeniýet, edebiýat we sungat ussatlaryny dykgat bilen diňleýär. Münbere Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew çykýar. Ol özüniň «Aşgabat» atly meşhur goşgusyny okaýar. Ol goşgy aýdyma öwrülen şygyr bolansoň, onuň her bendiniň yzyndan:

Gözelligiň nusgasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözel Diýarymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Üstümizdäki — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna, ak şäherimiz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygyna ýokary ruhubelentlik bilen barýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň binýady berkden guruldy. Bu günki gün gözel paýtagtymyz özüniň binagärlik aýratynlygy bilen görenleri haýrana goýýar. Asmana bäs edýän beýik ymaratlaryň etegini jähekläp oturan al-elwan güller, suw çüwdürimleri, dynç alyş merkezleri baharyň ajaýyp howasy bilen sazlaşyp göwnüňi göterýär.

Abadan durmuşyň taglymaty

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyz barha gözelleşýär. Oba hojalyk ulgamynda kuwwatly häzirki zaman kämil tehnikalaryň satyn alynmagy bilen pagta, bugdaý we beýleki oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmekde işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Ýeri ekişe taýýarlamakdan başlap, ekiş, bejergi, dökün dökmek, haşal otlara we zyýanly mör-möjeklere garşy himiki serişdeleri pürkmek, mahlasy, agrotehniki çäreleriň aglabasy tehnikalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Galla oragynda, pagta ýygymynda kombaýnlaryň güýjünden netijeli peýdalanylýar. Daýhanlar üçin edilýän bu aladalar, hemaýat-goldawlar ekinlerden ýokary hasyl öndürmäge mümkinçilik döredýär. Şeýle hem önüm öndürijiler bilen hasaplaşyk çäreleriniň wagtynda geçirilmegi olary zähmete höwesli çemeleşmeklerine ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň kabul edýän resminamalaryny ilat arasynda wagyz-nesihat etmekde, möwsümleýin oba hojalyk çärelerinde zähmet bäsleşigini guramakda, üstün çykanlary dabaraly ýagdaýda höweslendirip durmakda hünärmenlerimiz işjeňlik görkezýärler.

Bähbitli işler rowaçlanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurt Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli däl çygryny-hususyýetçiligi ösdürmäge örän uly üns berýär. Şeýle tutumly işler ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegine we öňe gitmegine giň ýol açýar. Şeýlelikde, döwletimizde öndürilýän jemi önümde türkmen telekeçileriniň paýy ýylsaýyn artýar. Olaryň ilata hödürleýän harytlarydyr önümleriniň görnüşleri artyp, hili ýokarlanýar. Şol bir wagtda telekeçiligiň täze öndüriji güýç hökmünde has uly orna eýe bolmagyna itergi berýär. Täze iş orunlary peýda bolýar. Şeýle ösüş-özgerişli depginiň bady hormatly Prezidentimiziň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda-da barha artýar. Ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy tejribesine daýanýan kämil salgyt ulgamy hereket edýär. Etrap salgyt bölümimiziň işgärleri Türkmenistanyň “Salgytlar hakynda” Bitewi kanunyndan ugur alýarlar. Salgyt töleýjileri salgyda çekmek bilen, olaryň hereket edýän kanunçylykda kesgitlenen salgytlary we beýleki hökmany tölegleri öz wagtynda we dogry tölemeklerini üpjün etmek möhüm wezipe bolup durýar. Bölümimiziň işgärleri şeýle wezipäniň hötdesindenem abraý bilen gelýärler.

Sport

Kämillik ugrunda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda sportuň ýurt derejesinde ösüp, ýaş nesliň sporta bolan höwesiniň artýandygynyň şaýady bolýarys. Ösüşiň aýdyň ýoluna düşen gözel Diýarymyzda sport we ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak boýunça alnyp barylýan işler öz miwesini berýär. Bu günki gün biz — ýaşlaryň saglygymyzy berkitmegimiz we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagymyz üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport mekdepleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi türgenlerimiziň öz ukyp-başarnyklaryny durmuşa ornaşdyrmagyna ýardam edýär.

Baş baýlyk

Tagtabazar etrap hassahanasynyň Sandykgaçy geňeşliginde ýerleşýän oba saglyk merkezine tejribeli lukman Aganazar Töräýew ýolbaşçylyk edýär. Merkez boýunça 3 sany maşgala meýdançasy hereketde. Merkeziň işgärleri ilatyň saglygyny barlap, ýokanç kesellerden goranmak barada degerli maslahat berip durýarlar. Oba saglyk merkezinde arzyly käriň eýesi, çärýek asyrdan gowrak wagt bäri çaga dogruş bölüminiň göbegenesi Hatyja Ýuwşanowanyň ady hormat bilen tutulýar. Şeýle hem bu ýerde barlaghana şepagat uýasy Güljemal Bekinýazowa näsaglara degerli maslahat berip gelýär. Oba saglyk merkezinde 30 ýyla golaý bäri işläp, ilatyň alkyşyna eýe bolup gelýän diş lukmany Ýazmyrat Hakberdiýewiň hem uly hormaty bar. Ol raýatlara dişini aýawly saklamak barada degerli maslahat berýär.

Sport sagdynlygyň ýoludyr

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sport pudagyny ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze gurlan köp sanly häzirki zaman sport desgalary saglygy berkitmek we dikeltmek üçin bina edilen sport we sagaldyş toplumlary hem muňa mysal bolup biler. Bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi döwletimiziň ýaş nesliň saglygyny pugtalandyrmak hakynda edýän aladasynyň ýene-de bir subutnamasydyr. Baýramaly etrabyndaky 2-nji sport mekdebinde-de ýaş türgenleriň sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa geçirmekde tejribeli tälimçilerimiz türgenleşik sapaklaryny geçirýärler. Sport mekdebimizde sportuň dzýu-do, woleýbol, küşt, adaty karate, sambo görnüşleri boýunça tälimçilerimiz we türgenlerimiz türgenleşik sapaklaryny geçýärler. Biz hem türgenlerimiziň kadaly iýmitleniş düzgünlerini dogry saklamaklygy, iş başarjaňlygy ýokarlandyrmagy tälimçilerimiz we türgenlerimize ýygy-ýygydan nygtap durýarys. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan Gahryman Arkadagymyz sport bilen meşgullanmakda ýaşlarymyz üçin görelde bolup durýar. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda we wagyz etmekde hormatly Prezidentimiz köp işleri durmuşa geçirýär. Mähriban Arkadagymyza Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edýäris.

Alada edilýär

Jemgyýetimiziň baş ýörelgesi bolan sagdyn durmuşa eýermek derwaýys meseleleriň biridir. Ynsan saglygyna iňňän uly zeper ýetirýän ýaramaz nogsanlyklara garşy el-ele berip göreşmek ählihalk işine öwrülip, neşekeşligiň, çilimkeşligiň, naskeşligiň, arakhorlugyň öňüni almakda gazanylýan gowy netijeler guwandyrýar. Şeýle-de bolsa, saglygymyza uly howp salýan ýaramaz närselere uýýan adamlar aramyzda tapdyrýarka, bu howpuň garşysyna göreşmegi birjik-de gowşatmaly däldiris. Jemgyýetimizde neşekeşligiň, çilimkeşlikdir arakhorlugyň öňüni almak işleri üns merkezinde saklanylýar. Bu möhüm meselede düşündiriş, wagyz-nesihat işleri uly ähmiýete eýe bolup durýar. Halkyň sagdynlygyny gazanmak babatyndaky şeýle möhüm işleriň talabalaýyk ýola goýulmagy ynsan ömrüne zyýan berýän ýaramaz endikleriň öňüne böwet basmakdyr. Şonuň üçin-de ýaramaz endiklere garşy ilat arasynda geçirýän düşündiriş, wagyz-nesihat çärelerimiziň netijeli bolmagyny gazanmaga çalyşýarys.

Asudalygyň goragynda

Jogapkärçiligimizi duýmalydyrys Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň il-günümiziň rahat, asuda durmuşyny goramak bilen bagly öňde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmekde içeri işler edaralarynyň işgärleri uly tagallalary edýärler. Raýatlaryň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda, köçe we ýollarymyzyň hadysasyz bolmagyny üpjün etmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Umyt

Ballada Ýaňy tapyşypdy iki ýaş ýürek,

Keýmir kör hakynda rowaýatlar

Ilimiň keýmiri bolsamam... Bir gün gyzar ikindinler başy şypyrmaly Keýmir kör üzük ýamap duran eken. Üst-başy totdur-tozan. Egnine kakylan ýaly şapylaşyp ýatan garma donunyň synlaram yzyna gaýtarylyşyna, gaýym guşalgy biline gysdyryldy. Ellerem omurdanyndan beýläk gara gäz. Ol şadyýana hiňlenjireme bilen öz ugruna gydyrganyp ýörşüne:

Ady äleme dolan

Gowşut han ile baş bolan döwründe aja nan, ýalaňaja don beripdir, baý-garyp deň bolupdyr. Garaz, öňde biriniň aýdyşy ýaly, gurt bilen goýun bir güzerden suw içipdir. Ol “yşk mülküniň şasy”, nusgawy şahyrymyz Mollanepese uly hormat goýupdyr, goşgularyny ýat tutupdyr. Şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlary höwes bilen diňläpdir. Hatda agyr hassa bolup ýatyrka-da ol ýanynda oturanlardan Mollanepesiň “Ner gezgin” goşgusyny okap bermegini haýyş edipdir. Şygyr gutarandan soň ol:

Pälwan nahary

Bize 2019-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Daşoguz welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Aşyr Kakabaýew adyndaky geňeşliginiň ýaşaýjysy, Sowet Soýuzynyň Gahrymany Saparmät Hojaýew adyndaky 15-nji orta mekdebiň geografiýa mugallymy Hamyt Abdyllaýewiň ojagynda myhman bolmak miýesser etdi. Biz şu gezekki gezelenjimizde bir täsinlige gabat geldik. Agşamlyk tagamlarynyň arasynda hödür edilen bir datly nahar biziň ünsümizi özüne çekdi. Biz agşamlyk naharymyzy iýip bolanymyzdan soňra şeýle datly tagamyň atlandyrylyşy, taýýarlanylyş usuly bilen gyzyklandyk. Onda bile oturan ýerli ýoldaşlarymyz bu tagamyň pälwan naharydygyny, adyna-da «Kürtük» diýilýändigini aýtdylar. Toýlarda göreş tutýan islendik pälwanyň göreşe çykmazynyň öň ýanynda bu nahar bilen iýmitlenip, göreşe uly güýç toplap çykýandygyny gürrüň berdiler. Ondan soňra bu datly tagamyň taýýarlanyş usulyny düşündirdiler.

Öýlenmelimi ýa-da ýok?

Bazarda oturýan bir derwüşiň ýanyna baý ýaş ýigit gelipdir-de, oňa altyn pul berip, sorapdyr: — Gadyrdan, maňa siziň maslahatyňyz gerek. Maňa bir gyz ýaraýar. Ony örän halaýaryn. Indi men näme etjegimi bilmän kösenýärin: öýlenmelimi ýa-da ýok.

Goşa gumry

Düýn ýene ser saldym wadaly jaýa, Ýatlap, geçip barýan bu gysga ömri.