"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Sazlaşykly işleriň ähmiýeti

Bagtyýar geljege tarap uly ynam bilen öňe barýan eziz halkymyz hormatly Prezidentimiziň saýasynda asuda, abadan, eşretli durmuşda ýaşaýar. Bedew bady bilen gülläp ösýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde ähli ugurlar boýunça ösüşler, özgerişler gazanylýar. Iň gymmatly baýlyk hasaplanylýan ynsan saglygyny goramak, berkitmek, ýaş nesliň geljekde beden we ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegini gazanmak “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň baş wezipeleriniň biridir.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Ajap eýýamyň döwrebap kanunçylygy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyz demokratik, hukuk döwleti bolmak bilen, milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmak üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmäge gönükdirilen özgertmeler rowaçlanýar. Bagtyýarlyk zamanamyzyň kämil kanunlary bolsa jemgyýetimizde üstünlikli dowam edýän düýpli özgertmeleriň giňden ýaýbaňlandyrylmagyna itergi berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

6-njy maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimize öwezini dolup bolmajak ýitgi — kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek çuňňur gynanjyny bildirdi we tutuş hytaý halkynyň adyndan duýgudaşlyk sözlerini beýan edip, sabyr-takatlylyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

5-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň düýbüni tutmak çäresine gatnaşdy. Göçme mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralarda 2021-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy hem-de ýurdumyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly bu düzümleriň işini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Öwez Agageldiýewiç Esenow Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenildi we oňa bäşinji hünär derejesi berildi. ***

Weteran bilen duşuşyk

Şu günler güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşunda gan dökülip gazanylan Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygynyň baýramy bellenilip geçilýär. Uruş we zähmet weteranlary, urşuň yzynda galyp, ýar ojagyny saklap oturan mährem eneler, tylda zähmet çekenler bilen duşuşyklar geçirilýär. Olara baýramçylyk sowgatlary gowşurylýar. Ýeňiş güni mynasybetli şeýle duşuşyklaryň biri Ýolöten şäherinde-de geçirildi. Şu şäheriň ýaşaýjysy, uruş we zähmet weterany ätiýaçlykdaky polkownik, “Gyzyl Ýyldyz” we başga-da birnäçe orden-medallaryň eýesi Şamy Abdyýew bilen duşuşyk dabara beslendi. Duşuşykda uruş weterany Ş. Abdyýewe TMÝG-niň welaýat geňeşi, Ýolöten etrap häkimligi, TKA-nyň etrap birleşmesi, TDP-niň we TAP-nyň etrap komitetleri tarapyndan hormatly Prezidentimiziň sowgady we başga-da baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýeňiş güni

Şinelli suratyň diwardan asdym. Sarpaňy tutmasam, meniň söndügim.

Merwden başlanan dost-doganlyk

Bir danadan: “Nähili dost gowy?” diýip, sorapdyrlar. Ol bolsa: “Dogan ýaly dost gowudyr” diýip jogap beripdir. Dana gojadan: “Doganyň gowusy nähili?” diýip sorapdyrlar. Dana bolsa dost ýaly bolan dogan gowudyr diýip aýdypdyr. Hakykatdanam, dostuňam, doganyňam belli bahasy ýok. Doganlyk — her bir kişiň iň gymmatly hazynasy. Ata-babalarymyzyň paýhas eleginden geçen doganlyk, dogan okaşmak ýörelgesi hem ýöne ýere däldir. Türkmen halky birek-biregi dogan hasaplaýar. Birek-birege doganlyk goluny uzadýar. Biri-biriniň ýüregine barýan doganlyk ýoluny yzarlaýar. Şeýle ajaýyp doganlyk ýörelgesini esaslandyran Berdimyrat bilen Orazmyradyň gyzykly we hupbatly ömür ýoly hakynda kelam agyz söz açmak juda gyzykly. Men manyly we hupbatly ynsan ömri hakynda gürrüň bermekçi. 1938-nji ýylyň 7-nji maýyndaky resminama esasynda Maryda kolhoz-sowhozlarda teatrlary ösdürmek boýunça ýaňy teatr sungatyna gadam basan ýaşlar Aşgabatdan dürli ýerlere ugradylýar. Şolaryň arasynda Orazmyrat Guwanç hem gadymy medeniýetiň, ylmyň ösen topragy — bereketli Merw topragyna ugradylýar.

Gadyr-gymmatly sene

Her ýyl daş-töwerek atyr yslaryny berýän elwan gül-gülzarlyga bürenen çaglarynda Ýeňiş güni dabaraly bellenilip geçilýär. Şol dabaraly baýramçylykda uruş weteranlary görkezen edermenlikleri üçin sylap-hormatlanylýar. Sebäbi, Watan öz edermen gerçeklerini hiç wagt ýatdan çykarmaýar. Döşleri hatar-hatar orden-medally gahrymanlarymyza gözüm düşende, atam pahyr ýadyma düşýär. Sebäbi atamam gaýduwsyzlyk görkezen uruş weteranydy. Mekdebiň 1941 — 1945 diýen ýazgyly, Baky ot ýanyp duran ýadygärliginiň öňüne Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlar ýygnanardylar. 1-nji synpa baran ýyllarymda 9-njy maý güni mekdebiň howlusynda gurlan ýadygärligiň öňünde uly dabara boldy. Beýik Ýeňşiň şatlyk- -şowhuna beslenen şol gününde, ýowuz ýyllaryň janly şaýatlary bolan, Watan goragçylaryny, merdana weteranlary görmäge howlukýardyk. Menem ilkinji hatarda durup, ýüzleri nurana, döşleri düzüm-düzüm orden-madally weteranlary birin-birin synlap durşuma birdenem golundan tutup, atamy getirýänlerine gözüm düşdi. Şonda atamyň ýöräp bilmeýänine juda gynanypdym. Men atamy weteranlaryň arasynda ilkinji gezek görýärdim.

Olar — dilimiziň senasy

Ýurdumyzyň ähli künjeginde uly dabara bilen 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gan dökülip, döş gerlip gazanylan Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Bu beýik Ýeňşiň gazanylmagynda türkmen gerçeklerimiziň, gahrymanlarymyzyň mynasyp goşantlarynyň bolmagy bizi has-da guwandyrýar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebow “Gojanyň wesýeti” diýen goşgusynda Watany söýmegi, goramagy ündeýär: “Goraň Watany, ogullam,

Belent sarpa goýulýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Watan gahrymanlarynyň, olaryň yzynda galan, mährem enelerimiziň mertebesi bu günki günde belentde tutulýar. Türkmen ýigitlerimiz Watançylyk urşunda asuda, bagtyýar döwrümiz üçin gara başlaryny orta goýup, söweşdiler. Watanyň şöhratly ogullaryny ýatlamak her birimiziň borjumyzdyr. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlary, tylda zähmet çekenler, urşuň yzynda mukaddes ojaklaryny saklan enelerimiz bilen duşuşyklar geçirilýär, ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar.

Watan, ýeňiş, il-gün hakdaky goşgular

Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet guşy” romany ildeşlerimiz tarapyndan gyzgyn garşylandy. Kitabyň sözbaşysynda aýdylyşy ýaly, milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň Beýik Watançylyk urşuna gabat gelen çagalygynyň bir ýarym ýylynyň mysalynda onuň beýik ruhy, ahlak dünýäsi, maşgala ýüküni merdi-merdanalyk bilen çekişi, ir kämil çykyşy, il-gününe, Watanyna bolan päk söýgüsi, her günki bitirýän ymgyr uly işleri, ruhubelentligi, gaýduwsyzlygy, türkmen däp--dessurlary, edep-ekram gymmatlyklary ussatlyk bilen beýan edilýär. Ýaşajyk Mälikguly öz goşgulary bilen adamlary ýeňşe ruhlandyrypdyr, olaryň duşmany ýeňjekdigine bolan ynamyny has-da berkidipdir. Geçmişde ýaşap öten, şöhraty dünýä ýaýran gerçeklerimiz, Göroglydan, Alp Arslandan görelde almagy ündeýär, her bir türkmen ýigdiniň müňe taý boljakdygyny buýsanç bilen aýdýar. Oňa Mälikguly Berdimuhamedowyň “Biz ýeňeris!” atly goşgusyny okanyňda hem göz ýetirmek mümkin. Žeňbazlaň bolşuna, gohuna bakmaň,

Dogan gelmedi

Men 92 ýaşymda. Meniň doganym 1941-nji ýylda urşa gidip, gaýdyp gelmedi. Urşuň gutaranyna 76 ýyl bolsa-da, men dereksiz giden doganyma häzir hem garaşýaryn. Şu goşgyny hem agam jana bagyşlaýaryn. Ilerimiz harbylaryň bagydyr,

Belent sarpa

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe edermen Watan gerçekleriniň hem-de olaryň yzynda ýalňyz galan enelerimiziň mertebesi belentde tutulýar. Olaryň saglygyny goramak, maddy-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda döwlet derejesinde alada edilýär. Hormatly Prezidentimiz uruş weteranlary barada uly aladalary edýär. Watan üçin janyny orta goýan merdana ata-babalarymyzyň, aramyzda mertligiň, watansöýüjiligiň nusgasy bolup ýaşap ýören uruş weteranlarynyň sarpasy häzirki döwrümizde has-da belentde tutulýar. Bu günki günlerde bolsa, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň baýramy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ýerlerinde uly ruhubelentlikde toýlanylýar. Geçirilýän çäreleriň üsti bilen 1941 — 1945--nji ýyllaryň urşunyň Ýeňiş bilen tamamlanmagyna 76 ýyl geçen bolsa-da, uruş ýyllarynyň kynçylyklaryny halkymyz asla unudyp bilmez. Parahat, asuda durmuşyň hatyrasyna janyny gurban eden Watan gahrymanlarymyzyň görkezen edermenlikleri biziň ýüregimizde baky ýaşar.

Gahrymanlar unudylmaýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda uruş weteranlaryna hem-de olaryň yzynda mukaddes ojaklary saklap oturan enelerimize belent sarpa goýulýar. Olaryň durmuş derejesini gowulandyrmakda we saglygyny gorap saklamakda döwlet derejesinde alada edilýär. 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňiş güni baky bagtyýarlyk zamanamyzda giňden toýlanylýar.

Ýüreklerimizde ýaşaýarlar

Belent sepgitler bilen öňe barýan eziz Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda toý-baýramlara ulaşýar. Üstümizdäki ýylda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşunda Beýik Ýeňşiň gazanylanyna 76 ýyl dolýar. Şu sene mynasybetli şu günler agyr jeňde edermenlik görkezen uruş wetaranlary, olaryň maşgala ojaklaryny saklan mährem eneler bilen duşuşyklar geçirilýär. Uruş wetaranlaryna, şeýle hem urşuň yzynda galanlara, tylda zähmet çekenlere hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly sarpa goýulýar. Şu günler olara baýramçylyk sowgatlary gowşurylýar. Watanyň mukaddes topragy, asudalygy ugrunda söweşen gahrymanlarymyzyň görkezen edermenlikleri ýaş nesil üçin nusgalyk göreldedir. Halkymyz Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň görkezen taýsyz edermenligini unutmaýar. Il-günümiz ýowuz ýyllaryň synaglaryna döz gelen atalarymyzyň, enelerimiziň hatyrasyny tutup, olaryň mertliginiň, merdanalygynyň öňünde baş egýär. Olar ýüreklerimizde baky ýaşaýar.

Watan gerçeklerine şöhrat!

1941 — 1945-nji ýyllaryň urşy adamzat taryhynda ýowuz uruş hökmünde taryha girdi. Onda türkmen gerçekleri Watanyň azatlygy, ýagty geljek üçin gaýrata galyp, gahrymançylygyň asylly nusgasyny görkezip, ýüreklerimizde müdimilik orun aldylar. Watanymyzyň abraýyny belende göterdiler. Uruşda edermenlik görkezen gahrymanlaryň hem-de tylda zähmet çekenleriň durmuşy ýaş nesiller üçin terbiýe mekdebi bolup durýar. 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan Watan ogullary bagtyýarlyk döwrümizde ýagşylykda ýatlanylyp, her ýylyň 9-njy maýynda Ýeňiş güni dabara bilen bellenilip geçilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Ýer-suw serişdelerini aýawly ulanmak azyk bolçulygynyň esasydyr

4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik işi hem-de onuň inžener-tehniki düzümleriniň desgalary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynda suwdan rejeli peýdalanmak we tutuş suw hojalyk ulgamyna degişli meselelere aýratyn üns berdi. Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Kaka etrabynda ýerleşýän “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün edýän suw göteriji bekediň golaýyndaky ýörite meýdança gonýar.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

3-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş. Durdylyýewi we Aşgabat şäheriniň häkimi Ý. Gylyjowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Görelde görkezýär

Şu günler ýüpekçi kärendeçiler jopgapkärli möwsümi başdan geçirýärler. Olar gysga wagt dowam edýän, emma hysyrdyly bolan ýüpek gurçugynyň idegini ýetirýärler. Ýüpekçiler bol pile hasylyny almak üçin bu möwsüme öňünden doly taýýarlykly gelýärler. Tagtabazar etrabynyň «Marçak» daýhan birleşiginiň ýüpekçisi Annagül Annaýewa indi 20 ýyl bäri ýüpek gurçugynyň idegini ýetirip gelýär. Ol bu ugurda ýeterlik tejribe toplap, her ýyl hem bol pile hasylyny ýetişdirýär.