"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Aşgabat — türkmen döwletiniň sarsmaz sütüni

Ähli döwletlerde, ähli döwürlerde paýtagt döwletiň ýüregi hasaplanylýar. Şeýle bolansoň, paýtagt özge şäherlerden has ütýgeşikligi, owadanlygy, gözelligi bilen tapawutlanypdyr. Paýtagt ýurduň syýasy gurluşynyň, ykdysady institutlarynyň, medeni-jemgyýetçilik aýratynlyklarynyň, ylmy we intellektual baýlyklarynyň ähli alamatlaryny özünde jemleýän merkezleşdirilen şäherdir. Eýsem, biziň gözel paýtagtymyz Aşgabat hakynda nämeleri aýdyp bolar? Köpetdagyň belent gerişleri bilen Garagumuň altynsöw çägeleriniň arasy bilen ýaýylyp gidýän Aşgabat Türkmenistanyň baş şäheridir, döwletimiziň ýüregidir. Ýurduň syýasy, ykdysady, medeni, ruhy-jemgyýetçilik durmuşy bilen bagly iň möhüm resminamalar, çözgütler şu ýerde kabul edilýär. Döwletiň şu güni we ertiri bilen bagly möhüm meseleleriň çözgütleri hem Aşgabatda çözülýär.

Baýdagym, Konstitusiýam - goşa ganatym

2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda “Türkmenistanyň Zähmet Kodeksine üýtgetme girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu resminama laýyklykda, her ýylyň 18-nji maýy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni diýlip yglan edildi. Halkymyzyň mizemez jebisliginiň, sarsmaz agzybirliginiň nyşany hökmünde al-asmanda ebedilik pasyrdaýan, Garaşsyzlygymyzyň Bitaraplygymyzyň synmaz sütünine öwrülen ýaşyl Tugumyz hem-de adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz milletimiziň goşa ganatydyr. Şanly geçmişiniň, ýagty geljeginiň we şöhrata beslenen şu gününiň abraý-mertebesini dabaralandyrýan, beýik ýeňişlere ruhlandyrýan milli gymmatlygydyr. Bu iki mukaddeslik türkmeniň döwletlilik barada ençeme asyrdan bäri eden arzuwynyň wysala gowuşmagydyr.

Günüň ýokary talaby

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň Konstitusiýasynda kesgitlenilişi ýaly, döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Şonuň üçinem hormatly Belent Serkerdebaşymyz halkymyzyň saglygyny goramagy döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüp, bu babatda degerli işlere badalga berýär. Häzirki wagtda ýokanç keselleriň öňüni almak bilen bagly wezipeler aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Agyz-burun örtügini dakynmak, 2 metr aralygy saklamak, şahsy gigiýenanyň düzgünleriniň berk berjaý edilmegine berk talap bildirilýär. Bu derwaýys işe edaramyzyň işgärlerem saldamly goşantlaryny goşýarlar. Işgärlerimiz diňe bir bildirilýän talaplary doly berjaý etmek bilen çäklenmän, ilatyň arasynda gürrüňi edilýän mesele bilen bagly wagyz-nesihat çärelerine-de işjeň gatnaşýarlar.

Saglyk üçin göreşmek gerek

Göni we ýogyn içegede köp görnüşli howply we howpsuz täze döreme keselleri orta we uly ýaşly adamlarda köp duşýan kesel bolmaklygynda galýar. Göni we ýogyn içegäniň keselleriniň 90 göterimi göni içegede we artbujakda gabat gelýär. Göni içegäniň kesellerine, esasanam, zyýanly endikler — çilimkeşlik, spirtli içgileriň içilmegi, sport bilen yzygiderli meşgullanmazlyk, dowamly oturmak, iýmitiň bozulmagy, et-ýagyň, ajy, turşy miweleriň köp iýilmegi, aşa semizlik, täretiň bozulmagy, içiň dowamly gatamagy, ýa-da geçmegi sebäp bolup biler. Artbujakda esasan daşky we içki babasyl, jaýryklar, artbujagyň we onuň daşky dokumalarynyň iriňlemegi, iriňli ojagyň içegäniň içine ýa-da deriden daşyna deşilmegi, wirus sebäpli çişleriň döremegi, et ösüntgileriniň döremegi, bitmeýän ýaralaryň bolmagy, göni içegede bolsa et ösüntgileri, ýara-baş keseli, damar keselleri, her hili görnüşli çişler gabat gelýär. Bu keseller howply täze döremeleriň öň ýanyndaky dertler bolmak bilen wagtynda düýpli bejerilmedik ýagdaýynda olaryň howply täze döremelere öwrülmek ähtimallygy ýokarydyr.

Tagalla edýäris

Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda saglygymyzy goramak babatynda birnäçe işler alnyp barylýar. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak saglygymyzy berkitmegiň esasy girewi bolup durýar. Bu babatynda ýurdumyzda sportuň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga mümkinçilik bolan sport mekdepleri hereket edýär. Biz sportsöýüji ýaşlara sportuň saglyga edýän täsiri barada giňişleýin gürrüň berýäris. Şeýle hem şu günler howada tozan bölejikleriniň agdyklyk edýän döwründe lukmanlaryň berýän maslahatlaryna eýerilmelidigini — agyz-burun örtüklerini dakynmagy, birek-birek bilen 2 metr aralygy saklamagy, üzärligi öýde we iş otaglarynda wagtal-wagtal tütedilmelidigini yzygiderli nygtaýarys.

Bähbitli işler ugur alýar

Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesiniň aýdyň alamatyna öwrülen ynsanperwer syýasaty adamyň döwrebap we mynasyp ýaşaýşyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda edýän tagallalary özüniň oňyn netijelerini berýär. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän möhüm başlangyçlary hemişelik Bitaraplyk syýasatyna daýanmak bilen, dünýäde parahatçylygyň üpjün edilmegine, durnukly ösüşiň ýola goýulmagyna gönükdirilendir. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Mary “Demirbetonönümleri” kärhanasynda gurluşyk pudagy üçin demirbeton önümleri, ýolgyra daşlary, örtgi plitalary, halkalar, suw geçiriji turbalar halkyň islegine görä öndürilýär.

Ýaş nesliň aladasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamy hem üns merkezinde saklanylýar. Ýaş nesilleriň ylym-bilimli, edep-terbiýeli bolup ýetişmekleri ugrunda bimöçber aladalar durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap mekdepler gurlup, ulanylmaga berilýär. Olar häzirki döwrüň talabyna eýerýän tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Sakarçäge etrabyndaky 14-nji orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup işleýän Täzegül Kössekowa 2001-nji ýylda Marynyň H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini tamamlady. 2007- -nji ýyldan bäri ýokarda ady agzalan mekdepde mugallymçylygyny dowam edýär. T. Kössekowa işe başlan gününden halypa mugallymlardan görelde aldy. Şeýlelikde, baý iş tejribesini toplan Täzegül mugallym başlangyç synplaryň okuwçylaryna bilim-terbiýe bermekde, olary Watana wepaly ýaşlar edip ýetişdirmekde yhlasly zähmet çekýär.

Artistleriň degişmelerinden

Sary aga aýaly bir ýumuş buýursa tersine eder eken. Günlerde bir gün aýaly Sary aga: — Sary, sen hemişe buýran işimi tersine edýärsiň-le? — diýip sorapdyr.

Janaga tarap

Eý, sen goşgymyzyň köne formasy, Gel bärik ýene bir synaga tarap.

Nebis ölçegi

Ilden eşiden şu gürrüňimiz Oraza bilen baglanyşykly. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen “Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde” Oraza şeýle düşündiriş berilýär: Oraza — at. 1. Musulman ýyl hasaby boýunça ýylyň dokuzynjy aýynyň ady, Remezan. 2. Agyz beklemek däbi. Müsür patyşasy Pyrgaun: “Men siziň iň uly Rebbiňiz” diýýär. Nebis hem Hudaýy bilmeýär. Ol hem Pyrgaun ýaly özüni ulalda-ulalda, Hudaýdan kem saýanok. Näçe azap çekdirse-de, adamda nebis damary galýar. Ýöne, ony hem açlyk bilen üzmek mümkin. Görnüşi ýaly, Oraza nebsiň pyrgaunlyk (nebisjeňlik, men-menlik, tekepbirlik) tarapyna örän gönümel edilýän hüjümdir, ony ýok etmegiň iň kämil tejribesidir. Remezan nebsiň örän ejizdigini aç-açan görkezýär. Dogrusyny aýtmaly bolsa, aslynda, tapan-tupanyny çensiz-çaksyz iýip ýatan nebsiň erkine goýberilmegi durmuş hakykatyna, adamzada düşünmekden daşlaşdyrýar.

Danalara gulak goýsaň...

Kim kyýamat gününe we Alla ynanýan bolsa goňşusyna ýagşylyk etsin! Kim metjit bilen dost bolsa Alla hem onuň bilen dostdur.

Arşdan gelen owaz

Ir döwürlerde bir ýetim oglan ömrüniň agramly bölegini çölde goýun bakmak bilen geçiripdir. Ol çopan oglan goýun bakmakdan başga ýaşaýşy göz öňüne-de getirmändir. Ýetim çopan orta ýaşa baryberende goýun bakmakdan-da başga durmuşyň bardygy, özüniňem adamlaryň şol gyzykly durmuşyna garyşyp gitmelidigi barada pikirlenip başlapdyr.

Hünär ýitmese ýagşy

Süňňüňi elendirip gelýän epgekli tomusda, daşy keçeden padarly jürdekden, daşy derä gaplanan hammalçaly sagrakdan suw içersiň welin, buz ýaly suwuň ýakymy ömür ýadyňdan çykmaz. Ýahdanyň suwy ýaly bokurdagyňam galdyrmaz. Sarwanyň çerteginde gaňşyrawugyňy tütedip barýan düýe çalynyň gadyry yssy günler ap-aýrydyr. Daşyny çygjardyp, «Täze küýzäň suwy sowuk” diýdirýän küýzeler bilen gyzyklanyp aşaky setirleri ýygnadym. Gumgan — el-ýüz ýuwmak üçin ulanylýan gap.

Zemzem suwy

Zemzem suwy öz taryhy boýunça iň mukaddes melhem suw hasaplanylýar. Haj parzyny berjaý edýän musulman doganlarymyz bu mukaddes suwuň gudraty barada şeýle gürrüň berýärler. Bu suw zemzem guýusynyň diwarynyň sag we çep tarapyndaky iki deşikden gelýär, emma onuň aňyrsynyň çägi ýok, has dogrusy, suw näçe alynsa-da, yzy kesilenok. Guýy hiç wagt heňlänok. Zyýarata gelýänler bu suwa öz arzuw-isleglerini aýdyp, teňňe oklaýarlar. Her ýylyň Meret aýynyň 15-ine bolsa suw daşyp, guýy öz-özüni arassalaýar.

Tymsallar

Berýän kepgir däl Sahylykda Hatamtaýa barabar birinden:

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Merdana pederlerimiziň söweşjeň edermenligi nesilleriň kalbynda şan-şöhratly ýatlamalar bolup müdimilik ýaşar

9-njy maýda ýurdumyzda umumyhalk baýramçylygy — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy bellenildi. Paýtagtymyzdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu gün ähli zatlar — ýaz ýagşyna ýuwlan baglar, ýadygärlige goýlan gül desseleri, ak saçly weteranlaryň döşündäki ordenler we medallar çäräniň öwüşginini artdyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

7-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem döwletimiziň halkyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisini açyp, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G. Mämmedowany hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K. Babaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Oraza baýramyny bellemek hakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, türkmen halkynyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna aýawly çemeleşmek, gymmatly ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

Milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 7-nji maýda geçirilen mejlisinde özüniň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyny tamamlandygyny aýtdy. Şol gün döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşen «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda Gurluşyk we senagat toplumynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň guramagynda milli Liderimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Resmi habarlar

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has- -da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy. ***