Aşgabadym — göwün şadym

5 Maý 2021
872

Biziň gözel paýtagtymyz Aşgabat diňe bir ýurt merkezi hökmünde däl-de, eýsem, halkymyzyň çuňňur buýsanjyna eýe bolan, ýürekden söýülýän eziz şäher hökmünde hem meşhurdyr. Her bir halk hem paýtagtyny eziz görýändir welin, türkmen halkynyň Aşgabada bolan garaýşy juda üýtgeşik. Şol buýsançly söýgi hem Aşgabadyň adynyň rowaýata öwrülmegine getirdi. Bu günki günde şanyna onlarça aýdym, ýüzlerçe şygyr döredilen başga bir şäheri atlandyrmak aňsat däl. Biziň aşyklar şäherine deňelýän Aşgabada söýgimiz aňyrdan, düýpden gelýär. Şu ýerde geçmişde bolup geçen bir wakany ýatlasak, ýerine düşse gerek.

Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwada Türkmenistanyň Medeniýet günleri gidip dur. Kremiliň Gurultaýlar köşgünde dürli milletleriň wekilleri türkmeniň medeniýet, edebiýat we sungat ussatlaryny dykgat bilen diňleýär. Münbere Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew çykýar. Ol özüniň «Aşgabat» atly meşhur goşgusyny okaýar. Ol goşgy aýdyma öwrülen şygyr bolansoň, onuň her bendiniň yzyndan:

Beýleki habarlar