Pälwan nahary

5 Maý 2021
765

Bize 2019-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Daşoguz welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Aşyr Kakabaýew adyndaky geňeşliginiň ýaşaýjysy, Sowet Soýuzynyň Gahrymany Saparmät Hojaýew adyndaky 15-nji orta mekdebiň geografiýa mugallymy Hamyt Abdyllaýewiň ojagynda myhman bolmak miýesser etdi.

Biz şu gezekki gezelenjimizde bir täsinlige gabat geldik. Agşamlyk tagamlarynyň arasynda hödür edilen bir datly nahar biziň ünsümizi özüne çekdi. Biz agşamlyk naharymyzy iýip bolanymyzdan soňra şeýle datly tagamyň atlandyrylyşy, taýýarlanylyş usuly bilen gyzyklandyk. Onda bile oturan ýerli ýoldaşlarymyz bu tagamyň pälwan naharydygyny, adyna-da «Kürtük» diýilýändigini aýtdylar. Toýlarda göreş tutýan islendik pälwanyň göreşe çykmazynyň öň ýanynda bu nahar bilen iýmitlenip, göreşe uly güýç toplap çykýandygyny gürrüň berdiler. Ondan soňra bu datly tagamyň taýýarlanyş usulyny düşündirdiler.

Beýleki habarlar