Taryhy edermenlik

5 Maý 2021
707

Şu günler Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygynyň baýramçylygy dabaraly bellenilýär. Ganym uruşda şirin janlaryny gurban eden gerçek ýigitlerimiz, milli gahrymanlarymyz ýatlanylýar, hatyralanylýar.

Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli Mary etrabynyň Peşanaly geňeşliginiň ýaşaýjysy, uruş we zähmet weterany Aýdogdy Amadyýew bilen dabaraly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga etrap häkimliginiň hünärmenleri, TDP-niň welaýat, etrap komitetleriniň partiýa guramaçylary, etrap harby wekilliginiň wekilleri, TDEI-niň talyplary, TSTP-niň welaýat komitetiniň işgärleri gatnaşdylar. Uruş we zähmet weterany A. Amadyýewe Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň ýadygärlik sowgatlary we gül desseleri gowşuryldy.

Beýleki habarlar