"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Şanly senäniň buýsanjy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlaýan ata Watanymyzda ýaşlar syýasaty has-da rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklandy. Bu waka biz, ýaşlaryň göwünlerimizi has-da galkyndyrdy. Şol meýilnamalar esasynda TMÝG-niň etrap geňeşi hem beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrabyň orta mekdeplerinde, edara-kärhanalarynda wagyz-nesihat we sport çäreleri yzygiderli geçirip durýar. Hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklarymyza aýratyn hormat goýýar. Olaryň giňden öwrenilmegi, at-abraýynyň dünýä ýaýylmagy üçin yzygiderli aladalar edýär. Ahalteke bedewi, nepis halysy bilen birlikde, alabaý itiniň hem sarpasy belent tutulýar. Bu ugurda milli Liderimiziň gol çeken Permany esasynda Türkmen alabaýynyň baýramynyň döredilmegi uly mana eýedir. Bu baýram her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde belleniler. Munuň özi halkymyzyň milli gymmatlyklaryna aýratyn sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ussat seýis

Türkmeniň ýaşaýşyny bedewsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Inçebil, gamyşgulak, dal bedewi türkmeniň iň ýakyn syrdaşy, buýsanjy, hemrasy hasaplanylýar. Ir döwürlerden bäri türkmeniň toýlary at çapyşyksyz geçmändir. Geçmişde hem, şu günki günde hem şeýle. Bellenilen toýa wagt golaýlanda her bir seýis çapjak bedewini ýokary derejede seýisläp başlaýar. Ussat seýisleriň biri hem Tagtabazar etrabynyň Pendi geňeşliginiň Zähmetkeş obasynyň ýaşaýjysy Muhammetnyýaz Hümmetgeldiýew bolmaly. Häzirki wagtda 65 ýaşy arka atan Muhammetnyýaz aga 1970-nji ýylda öz obasynyň atlaryna seýisçilik edip başlaýar. Ol seýisçilige, at çapdyrmaga yhlas edýär. Özara söhbetdeşlikde ýaşuly seýis bize şeýle gürrüň berdi.

Buýsanjymyzyň beýany

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda atçylyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini hem-de at çapmagyň milli däplerini wagyz etmek boýunça çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Türkmen halky geçmişde öz durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirmändir. Kowsa ýetýän, gaçsa gutulýan bedewler türkmeniň uçar ganaty hasaplanypdyr. Behişdi bedewler diýlip atlandyrylmagy hem ýöne ýere däldir. Ýyndam, owadan, eýesine wepaly, gaýduwsyz, gyz gylykly, ynsan kimin garaýyşly ahalteke bedewlerini türkmenler wepaly dost hasaplapdyrlar. Halkymyz gyz-gelinleri altyn-kümüş bezegler bilen bezeýşi ýaly, mukaddeslik derejesine ýetiren bedewlerini hem şaý-sepler bilen bezäp-besläpdirler. Taryha ser salanyňda, uçar ganatly bedewler öz eýesini söweşlerde howp-hatardan alyp çykypdyr. Toý gününde syrdaşy, gamly günde gardaşy bolan bedewler türkmen halkynyň gaýtalanmajak sungatydyr. Halkymyz şatlykly gününde dabaraly toý tutup, at çapdyrypdyr, ýurduň üstüne howp abananda hem özüniň bedew atyna atlanyp, darkaş gurupdyr.

Ýaş suratkeşleriň baýramçylyk sowgady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Diýarymyz toý-baýramlaryň mekanyna öwrülýär. Ýurdumyz her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramyny uludan belläp geçýär. Her bir zähmet çekýän adam bolsa bellenilýän baýramlara zähmet sowgatlary bilen barmagy maksat edinýär. Wekilbazar etrabynyň Hydyr bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň nakgaş bölüminiň ýaş suratkeşleri hem ýurdumyzda bellenilýän baýramlara, şanly senelere surat eserlerini taýýarlaýarlar. Bu bölümde ýaş suratkeşlere Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, birnäçe Halkara baýraklarynyň eýesi, ikinji derejeli nakgaş mugallym Gyzylgül Annaberdiýewa sapak berýär. Gyzylgül mugallymyň ýolbaşçylygynda ýaş suratkeşler Türkmen bedewiniň milli baýramyna hem özleriniň ajaýyp surat eserlerini taýýarladylar. Olaryň çeken suratlaryny synlanyňda, heniz körpediklerine garamazdan, reňkleri sazlaşykly utgaşdyryp, türkmen bedew atlaryny çeper suratlandyrandyklaryna göz ýetirýärsiň.

Geçmişden gözbaşly wepaly alabaý

Adamzat jemgyýetiniň taryhy iňňän köp görnüşli çeşmeleriň — gadymy ýazgylaryň, arheologik we etnografik ýadygärlikleriň, antropologik maglumatlaryň esasynda öwrenilýär. Türkmen halkynyň baý taryhy medeni mirasyny aýawly saklamak, ylmy esasda içgin öwrenmek we abat saklamak, geljekki nesillere ýetirmek işleri tutulýan ugurlaryň biridir. Arheologik ýadygärligine öwrülip giden Daňdanakanyň galyndylaryny ylmy taýdan öwrenmäge ilkinji synanyşyklar geçen asyryň 20-30-njy ýyllarynda başlanýar. Arheologlar orta asyr Daňdanakan şäherçesiniň galyndylarynyň Mary şäherinden 30 km. çemesi günbatarda, çölüň eteginde ýerleşýändigini anyklapdyrlar, uly bolmadyk gazuw-barlag işlerini geçiripdirler. Şeýle-de bolsa, ýadygärlik giňişleýin öwrenilmändir.

Bedewler türkmeniň mertebesi

Halkymyzyň durmuş keşgini bile çekişip, öz tebigy gözelligini saklan, dünýäniň iň ajap atlarynyň döremegine öz täsirini ýetiren ahalteke atlarymyz diňe bir türkmen halkynyň göz guwanjy, uçar ganaty bolman, eýsem, dünýä halklarynyň hem uly buýsanjyna öwrüldi. Biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda ýaşap geçen grek taryhçysy Gerodot şeýle ýazypdyr: «Gündogarda ajaýyp atlar gezýän Nusaý atly ägirt uly giňişlik bar”.

Halkymyzyň baýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda müňlerçe ýyllyk taryhymyzy öwrenmekde, milli gymmatlyklarymyza eýe çykmakda, olary gözümiziň göreji ýaly gorap saklamakda beýik işler yzygiderli amala aşyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň ählisiniň “Döwlet adam üçindir!” diýen belent şygaryň astynda durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmeni älem içre tanadýan milli şaý-seplerimiz, halylarymyz, milli saz guralymyz bolan dutarymyz bilen bir hatarda, ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri hem-de edermen türkmen alabaýlary türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bir bölegidir. Behişdi bedewlerimiz özüniň owadanlygy, ýyndamlygy, wepadarlygy, çeýeligi, çydamlylygy bilen tanalýan bolsa, türkmen alabaýlary edermenlik, wepadarlyk, eserdeňlik, hüşgärlik, duýgurlyk ýaly ajaýyp häsiýetleri bilen dünýä bellidir. Bu milli gymmatlyklarymyz barada hormatly Prezidentimiz “Türkmen alabaýy” atly kitabynda: “Behişdi ahalteke bedewimiz — baýlygyň hem rowaçlygyň alamaty. Türkmen alabaýy bolsa wepalylygyň tebigy nusgasydyr, batyrlygyň hem-de edermenligiň alamatydyr” diýip, parasatlylyk bilen belleýär. Şoňa görä-de, bu günki gün ady äleme dolan milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende götermek babatynda uly tagallalar edilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda, Türkmen alabaýynyň baýramynyň döredi

Işjeň gatnaşalyň!

Türkmenistan döwletimizde ynsan saglygy bahasyna ýetip bolmajak baýlyk hasaplanylýar. Garaşsyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda waksina bilen ýokanç keselleriň öňüni almak iň ähmiýetli ugurlaryň biridir. Biziň ýurdumyzda keseli bejermekden ozal onuň öňüni almak ýörelgesi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda esasy orny eýeleýär. Şol ugra esaslanyp, ýurdumyzda keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň täze milli tertibi döredildi. Milli sanjym tertibine laýyklykda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ýaňy bolan bäbekden başlap, uly ýaşly çagalara, ýetginjek oglan-gyzlara, uly ýaşly raýatlara, ýokanç keselleriň garşy öňüni alyş sanjymlary geçirilýär. Sebäbi ýokanç keselleriň adamyň saglygyna uly howp salmagy mümkin. Ýokanç keseller bilen kesellän näsaglary bejermek uly zähmeti we harajaty talap edýär. Bu keselleriň garşysyna ulanylýan keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almak özüniň örän oňat netijesini berýär. Biziň döwletimizde birnäçe ýokanç kesellere garşy birwagtda immunitetiň berkemegine ýardam berýän waksinalar satyn alnyp, ýurdumyzyň ilatyna mugt sanjylýar. 2005-nji ýylyň aprel aýyndan bäri her ýyl Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň teklibi boýunça köp döwletlerde immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Biziň ýurdumyzda hem 2007-nji ýyldan başlap, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň immunizasiýa hepdesini geçirmek eýýäm däbe ö

Yhlas edilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň ýadawsyz aladasy bilen halkymyzyň saglygyny goramaga gönükdirilen işler gerim alýar. Ilatyň saglygyny goramakda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegem uly ähmiýete eýe bolýar. Şonuň üçinem sport mekdeplerinde we desgalarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýanlaryň sany artýar. Ýaşlary beden we ruhy taýdan terbiýelemekde, ezber türgenleri ýetişdirmekde biziň sport mekdebimizde-de uly işler bitirilýär. Tejribeli tälimçilerimiziň ýolbaşçylygynda ýaş türgenlerimiz öz saýlan ugurlary boýunça ussatlyklaryny ýokarlandyrýarlar. Türgenleşikler şu günüň ýokary talabyna laýyklykda alnyp barylýar. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport mekdebimiziň Mary şäherindäki 21-nji orta mekdebi bilen bilelikde geçiren bäsleşigi hem ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Bäsleşigiň netijeleri ýaşlaryň sporta bolan isleg-höwesleriniň barha ýokarlanýandygyny äşgär etdi. Munuň özi milli Liderimiziň yglan eden sport syýasatynyň rowaçlanýandygyny subut etdi.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Welaýat onkologiýa hassahanasynyň eli ýeňil lukmanlarydyr şepagat uýalary bu ýere gelýän näsaglaryň saglygy ugrunda uly alada edýärler. Hassahananyň kabul ediş bölüminiň onkolog lukmany Güljemile Amanowa bu ýerde 20 ýyla golaý bäri yhlasly zähmet çekip gelýär. Onuň lukmançylykda bitirýän işleri köplere nusgalykdyr. Hassahananyň umumy onkologiýa bölüminiň şepagat uýasy Zöhre Agajanowanyň süýji sözlüligi, güler ýüzlüligi, ugurtapyjylygy näsaglaryň tiz sagalmagyna täsir edýär. Şonuň üçinem onkolog lukman Güljemile Amanowanyň hem-de şepagat uýasy Zöhre Agajanowanyň il-günden alýany alkyş, işde gazanýany üstünlik.

Gül watanyň gujagynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asuda, abadan ýurdumyzda ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek ugrunda edilýän aladalar özüniň miwesini berýär. Bu günki günde mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ata Watanymyzyň her bir bilim ojagynda ýaş nesle döwrebap bilim- -terbiýe berlip, olaryň giň gözýetimli, sagdyn bedenli bolmaklary ugrunda derwaýys işler durmuşa geçirilýär. Serhetabat etrabynyň Çemenabat geňeşliginde ýerleşýän 6-njy “Gülälek” bakja-bagynda-da çagalara döwrebap bilim-terbiýe bermek döwrüň talabyna görä ýola goýlupdyr. Bakja-baga Çynar Osmanowa ýolbaşçylyk edýär. Bagda 142 çaga döwrebap terbiýelenip, körpeler 6 topara bölünendir. Olaryň 2-si bakja, 2-si bag, 2-si bolsa mekdebe taýýarlaýyş toparlarydyr. Mekdebe taýýarlaýyş uly toparlaryna Gözel Durdymyradowa, Gülnara Orazowa, Akmaral Ataýewa gözegçilik edip, olar çagalaryň ak mekdebe taýýarlykly barmaklary ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Bakja, bag toparlaryna bolsa Maral Çaryýewa, Mährijemal Saryýewa ýolbaşçylyk edip, körpeleri hoş söz, ýyly mähir bilen gurşap alýarlar.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Döredijilikli zähmet — — gowy netije Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik özgertmeleriniň netijesinde ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde bilim ulgamynda birnäçe işler alnyp barylýar.

Kiçi göwrümli karzlaryň mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň bank ulgamynda hem hyzmatlaryň täze-täze görnüşleri halka hödürlenýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda durmuşa geçirýän ykdysady özgertmelerine jogap edip, dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesini ulanmak arkaly bank amallaryny sanlylaşdyrmak işleri netijeli ýola goýulýar. Häzirki wagtda raýatlarymyz tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýän bank karzynyň ýene bir görnüşine — — kiçi göwrümli karzlara bolan islegler günsaýyn artýar. Welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän bank şahamçalarynda, bellenen tertipde bölünip berlen melleginde, kömekçi hojalygynda, ýaýladaky ýer böleginde şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek maksatlaryna kiçi göwrümli karzlary bermek ýola goýlan. Munuň özi mellek ýerlerinde, kömekçi hojalygynda, mülk ýerlerinde ekerançylyk, maldarçylyk, guşçylyk we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan raýatlaryň önümçilik işlerini giňeltmek, şeýle hem önüm öndürmeklige islegi bolan, emma maliýe serişdeleri ýetmezçilik edýän raýatlara gysga wagtyň içinde berilýän bank karzydyr. Şeýle görnüşli bank karzynyň berilmegi raýatlaryň melleginde, şahsy hojalygynda gök-bakja we miwe önümlerini, tohum mallary, guş önümlerini öndürmäge mümkinçilik döredýär. Kiçi göwrümli karzlar ýyllyk

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Hukuk sowatlylygynyň ähmiýeti Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda demokratik, hukuk dünýewi döwlet bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň kanunçylyk- -hukuk binýadyny kämilleşdirmekde giň möçberli işler alnyp barylýar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmakda durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde ösüş-özgerişli döwrümiziň kämil kanunlary kabul edilýär.

Şöhratly, zynatly bedew!

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaralarynyň uly bölegi, şeýle hem baýramçylyk at çapyşygy biziň welaýatymyzdaky durky täzelenen atçylyk sport toplumynda geçirildi. Öz şanyna tutulýan toýda behişdi bedewlerimiz ganat baglap uçdular. Baýramçylyk at çapyşygynyň şowhuny, şagalaňy has hem üýtgeşik boldy. Ir säher bilen bu ýere müňlerçe bedew janköýerleri çapyşyga tomaşa etmek üçin ýygnandy. Atçylyk sport toplumy baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin sahnalaşdyrylan ägirt uly meýdança öwrüldi. Al-asmanda parlaýan döwlet baýdagymyz, behişdi bedewlerimizi wasp edýän aýdym-sazyň owazy, bu ýerde gurnalan amaly-haşam sungatynyň sergileri, owadan halylar düşelen meýdançada eli çeper gelin-gyzlarymyzyň öz inçe sungatlaryny görkezýän pursatlary dabara aýratyn öwüşgin çaýýar.

Türkmenistan milli gymmatlyklarynyň düzümlerini giňeldýär

21-nji aprelde paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem şol gün bu ýerde Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi gatnaşdylar.

At bakan bagt tapar

Bagtyýarlyk döwrümizde eziz Diýarymyz toý-baýramlaryň mekanyna öwrülýär. Ýurdumyzda geçirilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy ahalteke bedewleriniň owazy bolup ýaňlanýar. Bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ahalteke bedewleriniň abraýy, şan-şöhraty barha belende göterilýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap atçylyk sport toplumlary hereket edýär. Atşynaslara ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, tohumçylygy kämilleşdirmek, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmek babatynda giň mümkinçilikler döredilýär. Biziň bedewlerimiz ýyndamlygy, owadanlygy, çalasynlygy, eýesine wepalylygy bilen beýleki atlardan tapawutlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýlanylýan ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp geçirilen at çapyşygyna «Marygazüpjünçilik» kärhanasynyň Dorbürgüt atly aty bilen gatnaşdym. Bu geçirilen ýaryşda ýeňiji bolmagym meniň bedew atlara bolan söýgimi has-da artdyrdy. Ahalteke bedewlerini ýetişdirmäge, baýramçylyklaryň şanyna at çapyşyklaryny geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyň çägi ýok.

Ylmy maslahat geçirildi

Gecen penşenbe güni welaýat kitaphanasynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XIII ylmy maslahat geçirildi. Maslahata Aşgabat şäherinden myhmanlar, şeýle hem syýasy partiýalaryň welaýat komitetleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ylmy maslahaty TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew açdy we alyp bardy. Maslahatda «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň kitaphana müdiri Merjen Hommadowa, Türkmenistanyň merkezi döwlet arhiwiniň müdiri Ýazmuhammet Ataýew,Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi Merdanmuhammet Kasymow, Murgap etrap bilim bölüminiň hünärmeni Annamyrat Hotjyýew,«Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň uly habarçysy, şahyr Annageldi Källiýew, TAP--nyň Mary şäher komitetiniň esasy hünärmeni Gaýgysyz Magtymow çykyş etdiler. Çykyş edenler ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy, ähli türkmen halkyny Türkmen bedewiniň milli baýramy, ilkinji gezek geçirilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Türkmeniň köňül buýsanjy, uçar ganaty hasaplanýan behişdi bedewlerimiziň geçmiş taryhymyzdaky orny, atlaryň gelip çykyşy, owadanlykda we ýyndamlykda özüni tanadan ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki orny, türkmen ýigidiniň ýow g

Waspnama

Ata-babalaryň baýlygy-genji, Goç ýigitleň ýakyn syrdaş, daýanjy,

Ýelden ýüwrük bedewler

Bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde halkymyzyň goja taryhyndaky ruhy gymmatlyklara uly üns berilýär. Olaryň şan-şöhraty gaýtadan dikeldilýär. Türkmeniň iň gadymy gymmatlyklarynyň biri-de ahalteke bedewidir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty ýer ýüzünde belende göterilýär, ýyndam ahalteke bedewlerimiziň ata-babalarymyzyň pähim eleginden elenip, kämilleşip, biziň şu günlerimize gelip ýeten milli mirasymyzdygyna we halkymyzyň ynsan gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan taýsyz goşandydygyna çäksiz buýsanýarys. Türkmen ahalteke bedewi taryhda harby söweşjeň gaýraty bilen dünýä ýüzünde meşhurlyk gazanan bolsa, bagtyýarlyk zamanasynda toý-baýramlaryň bezegine öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew atlarymyz alada, mähir bilen gurşalyp alynýar. Paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde atçylyk sport toplumlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi ahalteke bedewlerimiziň şöhradynyň belende galýandygynyň aýdyň şaýady bolup durýar. Halkara derejesindäki ahalteke atçylyk sport merkeziniň gurlup, ulanylmaga berilmegi, bu ýerde her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli at çapyşyklarynyň, bedewleriň gözellik bäsleşiginiň geçirilmegi ata Watanymyz Türkmenistanda bedew atlarymyza bolan söýginiň, sarpanyň belentdiginiň aýdyň subutnamasyd