"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Täjirçilik banklary — Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetiniň möhüm guraly

12-nji aprelde paýtagtymyzda “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Şu mynasybetli dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 15-nji fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda, gurluşygy amala aşyrylan bank ulgamynyň desgalarynyň açylmagy şanly senä — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy, olar ýurdumyzyň yzygiderli ykdysady ösüşiniň, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bag — durmuşyň bezegi

Ähmiýetli iş Türkmenistany bagy-bossanlyga büremek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Bu sogap iş adamlarda agzybirlik we ruhubelentlik duýgularyny döredýär. Bag ekmek tebigatyň ekologiýa abadançylygyny üpjün edýär. Her ýylyň ýaz we güýz paslynda Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, türkmen halkymyz bag ekmek dabarasyna işjeň gatnaşýar.

Möwsüme taýýarlykly gelindi

Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda ýüpek süýümlerinden matalary dokamak üçin pile önümçiligine aýratyn üns beripdirler. Bagtyýarlyk döwrümizde piläniň bol hasylyny almak üçin ähli şertler döredilýär. Dokma senagatynyň gymmatly çig maly bolan pile öndürmek işi döwrebap derejede ösdürilýär. Ýüpek gurçugynyň esasy iýmiti bolan tut nahallarynyň her ýyl müňlerçe düýbi oturdylýar, öňki bar bolanlarynyň idegi ýetirilip durulýar. Ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsümi gysga döwür bolsa-da uly jogapkärçiligi talap edýär. Türkmengala etrap pile kabul ediş we guradyş sehiniň müdiri Gurban Oraşow: — Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimizde ýüpekçilik pudagyny ösdürmekde birnäçe işler alnyp barylýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda welaýatymyz boýunça 410 tonna pile öndürmek bellenildi. Şol sanda biziň etrabymyz boýunça 46 tonna pile hasylyny öndürmek meýilleşdirilýär.

Zeminiň zynaty

Dünýäni haýrana goýýan, üsti Süleýmanyň tagtyna deňelýän, ahalteke bedewi halkymyzyň buýsanjy, göwün syrdaşydyr. Gözelligi, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen göwnüňi göterýän bedewler asyrlarboýy türkmeniň ganaty, wepaly ýoldaşy hasaplanylýar. Toýlarymyza görk berýän, şan-şöhraty rowaýata öwrülen bedewlerimize halkymyz uly ähmiýet berýär. Olara owadan at dakyp, boýdan başa sünnälenilip ýasalan şaý-sepler bilen bezeýär. Aýdylyşyna görä, Allatagala her mömini ýaradanda onuň begenjine, gynanjyna deň şärik bolar ýaly, bagt guşunam ýaradanmyş. Şonda tawusy hindilere, bilbilgöýäni azerbaýjanlara bagyş edip, her halkyň öz däp-dessuryna mahsus bolan guşy berenmiş. Guşlar hemmä deň paýlanýar welin, türkmeniň dünýäsine mynasyby tapylmaýar. Allatagala kiçigöwünli, pespäl halkyň özüne kybapdaş guş agtarýar. Ahyry ol ala meýdanda çyrpynyp ýören bedewi oňa rowa görýär. «Ýeneki guşlar rysgyny çöpläp tapar, munuňky alnynda bolar. Ganaty ýok diýibem gyýylmagyn, harlamasaň ganatynyň özi çykar» diýýär.

Uly ösüşlere eýe bolýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyz giň gerimli ösüşlere eýe bolup, sanlyja ýyllarda dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy. Günsaýyn ösüp-özgerýän Garaşsyz döwletimiziň ähli pudaklarynda döwrebap işler güýçli depginlerde alnyp barylýar. Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny gazananyndan soň, ähli ulgamlarda ösüş-özgerişleriň ak ýoluna düşdi. Diýarymyzyň her güni şanly wakalara beslenip, gurulýan ajaýyp binalardyr desgalar göreni haýrana goýýar. Bu bolsa halkymyzy bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamaga, halal zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň çar künjegi baýramçylyk şowhunyna beslenip, raýatlarymyzyň toý şatlygyny goşalandyrýar.

Buýsanja beslener

2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Arkadag Prezidentimiziň Permany bilen, Türkmen alabaýynyň baýramyny her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellemelidigi karar edildi. Milli Liderimiziň bu gelen karary türkmen halkymyzyň göwün ganatyny has-da belende galdyrdy. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda alabaý itlerimiziň hem- -de behişdi bedewlerimiziň baýramçylygynyň bu ýyl welaýatymyzyň atçylyk toplumynda geçiriljekdigi guwandyrýar. Taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazylan milli buýsançlarymyz bolan behişdi bedewlerimiz hem-de alabaý itlerimiz indi diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň göz-guwanjyna, ýürek buýsanjyna öwrüldi.

Wepaly alabaý

«It geldi — gut geldi” ýaly pederlerimiziň pähiminde türkmen alabaý itiniň, maddy gymmatlyk hökmünde tarypy ýetirilýär. Ahalteke bedewlerimiz, halylarymyz, şaý-seplerimiz, saz gurallarymyz ýaly alabaý itleri hem milli baýlyklarymyzdyr. Bu gymmatlyklary ata-babalarymyz gözüniň göreji ýaly saklap, biziň şu günlerimize ýetirip bilipdirler. Köp asyrlaryň dowamynda öz asyl durkuny ýitirmän gelýän alabaý itlerimiz barada näçe söz aýtsaň hem bärden gaýdýar.

Röwşen geljegimiziň ynamy

Gahryman Arkadagymyzyň ýurt başyna geçen gününden bäri, her bir pudagyň ösmegi, şol sanda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň täze öwüşginler bilen dabaralanmagy babatda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Daşary döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryna uly üns berilmegi netijesinde medeni gatnaşyklar halkara derejesinde alnyp barylýar. Gözel Diýarymyzyň goýnunda dürli halklaryň Medeniýet günleriniň, türkmen Medeniýetiniň günleriniň bolsa daşary döwletlerde geçirilip durulmagy döwletiň berkararlygyndan, halkymyzyň bagtyýarlygyndan nyşandyr. Munuň özi bolsa dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dabaralanmagynda, ösmeginde medeni hyzmatdaşlyga uly ornuň degişlidigini görkezýär. Çünki, kökleri gadymýete uzap gidýän halkymyzyň medeniýet ulgamy hem ýüzýyllyklaryň, müňýyllyklaryň dowamynda kämillik ýoluny geçip, bu günki gün dünýäni haýrana goýýar. Jennet ATAHANOWA.

Gözelleşýär bu gün oba-şäherler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän özgertmeleriniň, Maksatnamalarynyň netijesinde mähriban Diýarymyz günsaýyn gülläp ösýär, bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwrülýär. Arkadag Prezidentimiz halkymyzyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredip berýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, şäherleri, etraplary, şäherçeleri, obalary abadanlaşdyrmak aýratyn hem ilatly ýerlerde arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly dabaralara beslemek barada öňde goýulýan wezipeleri ýerine ýetirmek her bir raýatyň mukaddes borjudyr.

Halypa ýörelgesi — şägirt göreldesi

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky çagalar sungat mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny ýokarlandyrmak, olary höweslendirmek we sungatyň dürli ugurlary boýunça döredijilige ugrukdyrmak maksady bilen «Halypa ýörelgesi — şägirt göreldesi» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň çagalar sungat mekdeplerini 2020 — 2021-nji okuw ýylynda tamamlajak okuwçylaryň ençemesi gatnaşdy. Saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça döwlet derejesinde geçirilen döredijilik bäsleşigine welaýatymyzyň çägindäki çagalar sungat mekdeplerinden hem zehinli okuwçylar gatnaşyp, mynasyp orunlary eýelemegi başardylar. Olardan fortepiano ugry boýunça Sakarçäge etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Gadyr Azadow 1-nji, welaýat Mollanepes adyndaky çagalar sungat mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Serwi Annaberdiýewa 3-nji orunlary eýelemegi başardylar. Dutar ugry boýunça Murgap etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Ylýas Saparlyýew 1-nji, Mary etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Watan Geldiýew 3-nji, akkordeon ugry boýunça Ýolöten etra

Gadymy gymmatlyklara baý şäher

Ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişinde taryhy gymmatlyklar ylmy taýdan öwrenilip, olary sanly ulgam arkaly halkymyza ýetirmek, şeýle-de, dünýä çykarmak üçin eziz Arkadagymyz uly mümkinçilikleri döredip berdi. Şeýle mümkinçiliklerden ruhlanyp, zähmet çekýän muzeýimiziň ruhubelent işgärleri Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda uly dabara bilen belleniljek şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny hem-de gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyny zähmet sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinýärler. Bu ajaýyp baýramçylyklar mynasybetli dürli çäreleri we taryhy gymmatlyklar bilen baglanyşykly sergileri guraýarlar. Biziň Mary topragymyz taryhy gymmatlyklaryň mekany diýsek-de, hakykatdan daş düşmeris. Olardan Marguş, Uly we Kiçi Gyzgala, Abdyllahan gala hem-de welaýatymyzyň günbatarynda 38-40 kilometrlikde ýerleşýän Daňdanakan taryhy-medeni ýadygärligi türkmeniň müňýyllyk taryhyny has-da aýdyň şöhlelendirýär. Daňdanakana Daşrabat hem diýipdirler. Daşrabat sözi «daşdaky şäher» diýmegi aňladypdyr.

Edebiýat äleminiň ýyldyzlary

Edebiýat äleminde özboluşly ýol edinen ajaýyp şahyr Muhammetmyrat Kömekowyň dür däneleri ýaly eserleri okyjylaryň kalbynda ýaşaýar diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Aramyzdan ir giden şahyryň çuňňur pelsepä ýugrulan goşgulary pikir taýdan goýazylygy, saldamlylygy we täsin şahyrana öwrümlere, söz oýnatmalaryna ýugrulanlygy bilen özüne çekýär. Onuň goşgularyny okasaň, pähim-parasatly goja kişi bilen gürrüňdeş bolan ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Çeper meňzetmeler bilen bezelen ol goşgular könelmeýär. Çünki, şahyr durmuş hakykatyndan susup alan pikirlerini şahyrana demi bilen şeýle bir ýugrupdyr welin, olar okan kişini özüne maýyl edýär goýaýýar. Bizem şahyr Muhammetmyrat Kömekowy ýagşylykda ýatlap, onuň arhiwinden alnan goşgularyny “Maru — şahu jahanyň” okyjylaryna höwes bilen hödürleýäris.

Tejribe alyşdylar

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakyndaky Kararyna laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek işi güýçli depginde alnyp barylýar. Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary okuw we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Şeýle maslahatlaryň biri hem Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebi bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň arasynda geçirilen okuw-amaly maslahatydyr. Bu maslahat welaýat kitaphanasynda guraldy.

Guýmagursak zehin

Durmuşda käte garaşylmaýan ýagdaýlar hem ýüze çykýar duruberýär. “Maru — şahu jahan” welaýat gazetiniň şol wagtky baş redaktory, žurnalistler guramasynyň welaýat bölüminiň başlygy Tagan Söhbedow bilen şol guramanyň jogapkär kätibi Akmyrat Ýazyýew ikisi iş sapary bilen Moskwa şäherine gitmäge taýýarlanyp ýördüler. Şol wagtam Akmyrat Ýazyýewi Murgap etrap häkimligine gyssagly çagyrdylar. Marydan Murgaba gelýänçä bu çakylygyň sebäbi barada müň pikiri serinde aýlan Akmyrat etrap ýolbaşçylarynyň oňa öz dogduk obasynyň adamlarynyň teklibi hem-de haýyşy boýunça Ata-Lewin adyndaky daýhan birleşigine başlyklygy ynanmakçy bolýandyklaryny eşidende, bulutsyz gün ýyldyrym çakana döndi. Etrap ýolbaşçylary bu meseläniň gutarnykly çözülendigini aýdansoňlar, oňa ylalaşaýmakdan başga ýol ýokdy. Ine, şeýdibem, Akmyrat Ýazyýew žurnalistligi birbada bir tarapa goýup, obadaşlary bilen daýhan birleşiginiň işini ilerletmäge girişdi... Magtymguly Pyragyda “Ýagşylykda ile özün tanadan, alkyş alar, derejesi zor bolar” diýen setirler bar. Beýik akyldaryň şu setirleri, göýä, biziň şu makalada durmuş ýolundan söhbet açmakçy bolýan halypa žurnalistimiz Akmyrat Ýazyýew ýaly il-günüň hormatyna mynasyp bolýan adamlara bagyşlanyp döredilen ýaly bolup dur.

Bedew atym, gutly bolsun baýramyň!

Agynan ýeriňde toýlar tutular, Bedew atym, gutly bolsun baýramyň!

Hoja Batyryň degişmeleri

SALKYNLAÝAÝYN DIÝDIM Biziň oglanlyk döwrümizde goňşy Çäçdepe obasyndan Çary aga diýilýän bir ýaşuly egni dutarly biziň obamyza kän gelýärdi. Bir gün ol gyşyň soňky aýynda ýabyň ýakasyndan hiňlenip gelýärkä, ýabyň aňyrsynda kir çyrpyp oturan gelinden bir zat soramak üçin paýapyldan geçmekçi bolupdyr. Çary aga paýapylyň ýarysyna ýetende, gelniň gapdalyndan turan daýaw alabaý itini görüp, özüni suwa oklapdyr.

Söz manysyn aňlar bolsaň...

Daňlak Günüň dogýan pursady. Bu söz aşakdaky nakylda şapak manysynda hem ulanylypdyr:

Iki hekaýat

Lukman hekim we ogly Gyşyň güni ýabyň suwuny kesip, gazy gazylyp, arçalýan döwri Lukman Hekimiň ogly türkmen obalarynyň birine barýar eken. Görse, oba barýan ýaby arçap ýören gazyçylar günorta naharyna çykypdyrlar. Özlerem ýapdan çykaran öl gumlaryny ýassanyp, çaý-nahar edinip otyrlar, diýýär. Bu ýagdaýy gören ýigit öýlerine gelip, kakasyna şeýle diýýär:

Bileniň — baýlygyň

Uly çuňluk kenary Dünýä meşhur syýahatçy Hristofor Kolumbyň dördünji syýahaty 1502-nji ýylda başlanýar. Ol şol ýylyň özünde Merkezi Amerikanyň kenarlaryna gelýär. Kenara gelip, ýerli ilatdan maglumat almak üçin gämiden ýere düşmekçi bolanda, kenaryň gyralary örän çuň eken. Şonuň üçin şu burna “Gonduras” diýip at dakýarlar. Ispançadan terjime edilende, bu söz “Düýpsüz çuňluk” diýen manyny berýär. Şondan soň Gonduras ady Ýukatan ýarym adasynyň günortasyndaky kenara ýörgünli bolýar.

Matematika hakyndaky pähimlerden

Matematika edil köpýyllyk agaç ýaly, özüniň ägirt uly şahalaryny ýaýratdy. Indi nähili matematikasy bolsa-da, ony bitewiligine öwrenip bilmeýär, diňe haýsy hem bolsa bir şahasyny saýlap alýar. Alekseý MARKUŞEWIÇ.