Guýmagursak zehin

14 Aprel 2021
1155

Durmuşda käte garaşylmaýan ýagdaýlar hem ýüze çykýar duruberýär. “Maru — şahu jahan” welaýat gazetiniň şol wagtky baş redaktory, žurnalistler guramasynyň welaýat bölüminiň başlygy Tagan Söhbedow bilen şol guramanyň jogapkär kätibi Akmyrat Ýazyýew ikisi iş sapary bilen Moskwa şäherine gitmäge taýýarlanyp ýördüler. Şol wagtam Akmyrat Ýazyýewi Murgap etrap häkimligine gyssagly çagyrdylar. Marydan Murgaba gelýänçä bu çakylygyň sebäbi barada müň pikiri serinde aýlan Akmyrat etrap ýolbaşçylarynyň oňa öz dogduk obasynyň adamlarynyň teklibi hem-de haýyşy boýunça Ata-Lewin adyndaky daýhan birleşigine başlyklygy ynanmakçy bolýandyklaryny eşidende, bulutsyz gün ýyldyrym çakana döndi. Etrap ýolbaşçylary bu meseläniň gutarnykly çözülendigini aýdansoňlar, oňa ylalaşaýmakdan başga ýol ýokdy. Ine, şeýdibem, Akmyrat Ýazyýew žurnalistligi birbada bir tarapa goýup, obadaşlary bilen daýhan birleşiginiň işini ilerletmäge girişdi...

Magtymguly Pyragyda “Ýagşylykda ile özün tanadan, alkyş alar, derejesi zor bolar” diýen setirler bar. Beýik akyldaryň şu setirleri, göýä, biziň şu makalada durmuş ýolundan söhbet açmakçy bolýan halypa žurnalistimiz Akmyrat Ýazyýew ýaly il-günüň hormatyna mynasyp bolýan adamlara bagyşlanyp döredilen ýaly bolup dur.

Beýleki habarlar