Halypa ýörelgesi — şägirt göreldesi

14 Aprel 2021
907

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky çagalar sungat mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny ýokarlandyrmak, olary höweslendirmek we sungatyň dürli ugurlary boýunça döredijilige ugrukdyrmak maksady bilen «Halypa ýörelgesi — şägirt göreldesi» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň çagalar sungat mekdeplerini 2020 — 2021-nji okuw ýylynda tamamlajak okuwçylaryň ençemesi gatnaşdy.

Saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça döwlet derejesinde geçirilen döredijilik bäsleşigine welaýatymyzyň çägindäki çagalar sungat mekdeplerinden hem zehinli okuwçylar gatnaşyp, mynasyp orunlary eýelemegi başardylar. Olardan fortepiano ugry boýunça Sakarçäge etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Gadyr Azadow 1-nji, welaýat Mollanepes adyndaky çagalar sungat mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Serwi Annaberdiýewa 3-nji orunlary eýelemegi başardylar. Dutar ugry boýunça Murgap etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Ylýas Saparlyýew 1-nji, Mary etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Watan Geldiýew 3-nji, akkordeon ugry boýunça Ýolöten etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Kakajan Halmyradow 2-nji orunlary eýelediler. Şeýle hem skripka we dutar ugurlary boýunça Ýolöten etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Diýara Hasamutdinowa, 5-nji synp okuwçysy Mekan Ahmedow, Ýolöten etrabynyň Goýunjy geňeşligindäki çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Baýram Amanow höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular.

Beýleki habarlar