Geçmişden gözbaşly wepaly alabaý

26 Aprel 2021
1383

Adamzat jemgyýetiniň taryhy iňňän köp görnüşli çeşmeleriň — gadymy ýazgylaryň, arheologik we etnografik ýadygärlikleriň, antropologik maglumatlaryň esasynda öwrenilýär. Türkmen halkynyň baý taryhy medeni mirasyny aýawly saklamak, ylmy esasda içgin öwrenmek we abat saklamak, geljekki nesillere ýetirmek işleri tutulýan ugurlaryň biridir.

Arheologik ýadygärligine öwrülip giden Daňdanakanyň galyndylaryny ylmy taýdan öwrenmäge ilkinji synanyşyklar geçen asyryň 20-30-njy ýyllarynda başlanýar. Arheologlar orta asyr Daňdanakan şäherçesiniň galyndylarynyň Mary şäherinden 30 km. çemesi günbatarda, çölüň eteginde ýerleşýändigini anyklapdyrlar, uly bolmadyk gazuw-barlag işlerini geçiripdirler. Şeýle-de bolsa, ýadygärlik giňişleýin öwrenilmändir.

Beýleki habarlar