Şanly senäniň buýsanjy

26 Aprel 2021
735

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlaýan ata Watanymyzda ýaşlar syýasaty has-da rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklandy. Bu waka biz, ýaşlaryň göwünlerimizi has-da galkyndyrdy. Şol meýilnamalar esasynda TMÝG-niň etrap geňeşi hem beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrabyň orta mekdeplerinde, edara-kärhanalarynda wagyz-nesihat we sport çäreleri yzygiderli geçirip durýar.

Hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklarymyza aýratyn hormat goýýar. Olaryň giňden öwrenilmegi, at-abraýynyň dünýä ýaýylmagy üçin yzygiderli aladalar edýär. Ahalteke bedewi, nepis halysy bilen birlikde, alabaý itiniň hem sarpasy belent tutulýar. Bu ugurda milli Liderimiziň gol çeken Permany esasynda Türkmen alabaýynyň baýramynyň döredilmegi uly mana eýedir. Bu baýram her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde belleniler. Munuň özi halkymyzyň milli gymmatlyklaryna aýratyn sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Beýleki habarlar