Buýsanjymyzyň beýany

26 Aprel 2021
703

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda atçylyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini hem-de at çapmagyň milli däplerini wagyz etmek boýunça çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmen halky geçmişde öz durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirmändir. Kowsa ýetýän, gaçsa gutulýan bedewler türkmeniň uçar ganaty hasaplanypdyr. Behişdi bedewler diýlip atlandyrylmagy hem ýöne ýere däldir. Ýyndam, owadan, eýesine wepaly, gaýduwsyz, gyz gylykly, ynsan kimin garaýyşly ahalteke bedewlerini türkmenler wepaly dost hasaplapdyrlar. Halkymyz gyz-gelinleri altyn-kümüş bezegler bilen bezeýşi ýaly, mukaddeslik derejesine ýetiren bedewlerini hem şaý-sepler bilen bezäp-besläpdirler. Taryha ser salanyňda, uçar ganatly bedewler öz eýesini söweşlerde howp-hatardan alyp çykypdyr. Toý gününde syrdaşy, gamly günde gardaşy bolan bedewler türkmen halkynyň gaýtalanmajak sungatydyr. Halkymyz şatlykly gününde dabaraly toý tutup, at çapdyrypdyr, ýurduň üstüne howp abananda hem özüniň bedew atyna atlanyp, darkaş gurupdyr.

Beýleki habarlar