Şatlyk - şowhuna beslendi

26 Aprel 2021
687

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda behişdi bedewlerimiziň we türkmen alabaýlarynyň şan-şöhraty arşa galdy. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan toýlanylýan türkmen bedewiniň milli baýramçylygyna halkymyz ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramynyň ilkinji gezek bilelikde bellenilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy.

Golaýda welaýat medeniýet köşgüniň öňündäki giň meýdançada welaýat, şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna hem-de Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanylyp baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabarada şowhunly aýdym-sazlaryň astynda türkmen halkynyň köňül buýsanjy, uçar ganaty hasaplanylýan behişdi bedewlerimiziň waspy alyslara ýaň saldy. Baýramçylyk röwüşde bezelen giň meýdançada ýerleşdirilen ahalteke bedewleriniň surat sergileri dabara milli öwüşgin çaýdy. Bu ýerde türkmeniň göz guwanjy bolan ahalteke bedewiniň üstünde bedew hakyndaky ýerine ýetirilen aýdym dabaranyň şowhunyny artdyrdy.

Beýleki habarlar