Welaýat häkimliginde bolan maslahat

26 Aprel 2021
864

Bereketli türkmen topragy ir döwürlerden bäri iň gowy bedewleriň ýetişdirilýän mekany hasaplanylypdyr, olaryň şöhraty Ýer ýüzüniň çar künjegine ýaýrapdyr. Türkmen seýisleri köp asyrlaryň dowamynda irginsiz zähmet bilen ýelden ýüwrük bedewleri terbiýeläp ýetişdiripdirler. Ussat seýislerimiz ahalteke bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklap, dünýä atşynaslygynyň täjine öwrülen atlaryň aýratyn, täsin tohumyny döretdiler.

Türkmeniň alabaý itleri hem öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp halylarymyz ýaly, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň hatarynda durýar. Olar türkmeniň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar hakynda düşünjeleriniň nyşanlaryna öwrülip, halkyň medeniýetiniň ähmiýetli bölegini düzýärler. Häzirki wagtda türkmen alabaýy dünýäde meşhur tohumlaryň biridir.

Beýleki habarlar