Anna Babajanyň gürrüňlerinden

28 Aprel 2021
722

Sungat diýlen düýpsüz ummanda boýlan, il-halkyna şirin aýdym-sazlary bilen hyzmat eden, gül Watanymyzy, gözel durmuşy, söýgini, zähmeti öz aýdymlarynda wasp eden saýrak dilli bagşylaryň biri hem Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Anna Babajanowdyr. Bu ussat bagşy bilen, şeýle hem onuň egindeşleri — Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Ata Orazow, bagşy Amandurdy Güjükow bilen 1997 — 1998-nji ýyllarda Wekilbazar etrap medeniýet merkeziniň ýanyndaky Bagşylar öýünde işleşmek maňa nesip edipdi. Bagşylar öýümiz gelim-gidimlidi, saz-söhbetiň ojagydy. Ýaşuly halypalar aýdym-saza höwesek ýaşlara bagşyçylygyň inçe tilsimlerini öwredýärdiler.

Çaý başyna üýşenimizde bolsa “Gyzym, aýdanlarymyzy ýazyp alyber, bizem ötegçidiris” diýip, täsin gürrüňler bererdiler. Men hem ýazyp alardym. Şol ýazgylardan — Anna Babajanowyň gürrüňlerinden size hem ýetirmegi makul bildim, hormatly okyjylar!

Beýleki habarlar