Eýsem, sesler meňzeşmi?!

28 Aprel 2021
827

Tanyş ses, tanyş ýüzler diýen jümleleri biz häli-şindi halk arasynda giňden eşidýäris. Eýsem, Ýer ýüzündäki ähli adamlaryň sesi, gepleýiş äheňi biri-biriniňkiden tapawutlanýarmyka?! Mysal üçin, telefona jogap beren wagtymyz garşymyzdaky adam “Alo” diýen badyna sesi arkaly onuň kimdigini tanap bilýäris. Bu bolsa ynsan sesiniň biri-biriniňkä meňzemeýändigini aýdyň görkezýär.

Sesler gum sagadyny ýadyňa salyp bokurdakdaky ses perdeleriniň kömegi bilen ýaňlanýar. Ses perdelerimiziň uzynlygy sesimiziň ýogynlygyny ýa-da inçeligini kesgitleýär. Ses perdeleri näçe uzyn bolsa, ses hem şonça inçe owazda çykýar. Erkek adamlar bilen deňeşdirilende, zenanlaryň ses perdeleri has uzyn bolýar.

Beýleki habarlar