Ýadawsyz tagallanyň netijesi

21 Aprel 2021
952

Döwlet Baştutanymyzyň teklibi bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan ýylymyzda-da jemgyýetimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň bady artýar. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymaty adam hakda aladanyň giňden dabaralanmagyna giň ýol açýar. Ýeňişli menzilleri ynamly külterleýän türkmen halky döwletli döwranyň hözirini görüp, tutanýerli zähmet çekýär.

Il-günümiziň rahat, abadan durmuşyny üpjün etmek hem adam hakdaky aladanyň möhüm bölegidir. Şonuň üçinem bölümimiziň işgärleri öňlerinde durýan jogapkärli wezipelere abraý bilen hötde gelmek üçin ýadawsyz tagallalary edýärler. Adyndan belli bolşy ýaly, gorag bölümimiziň işgärleri eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki emläkleriň, banklaryň we aýratyn ähmiýetli binalaryň desgalaryň ygtybarly goraglylygyny üpjün edýärler. Şeýle hem biz altyn-kümüş şaý-sepleri we beýleki gymmatlyklar satylýan söwda nokatlaryny gorag astyna alyp, olaryň goralmagyny üpjün edýäris. Bulardan başga-da, eger-de raýatlar isleg bildirseler, bellenilen kadalara laýyklykda olaryň ýaşaýyş jaýlarynyň, telekeçileriň hususy dükanlarynyň, ammarlarynyň goralmagyny hem üpjün edýäris. Bölümimiziň işgärleriniň ýadawsyz tagallalary özüniň netijesinem berýär.

Beýleki habarlar