Öri meýdanlaryny ýangyndan goralyň!

19 Aprel 2021
724

Habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory Orazmyrat Çaryýew bilen duşuşyp, öri meýdanlaryny ýangyndan goramagyň düzgünleri barada gürrüň bermegini haýyş etdi.

— Yssy günleriň gelmegi bilen al-ýaşyl öwsüp oturan meýdanlar gurap başlaýar. Bu bolsa sähralarda, tokaýlarda we öri meýdanlarynda ýangyn döremek howpuny ep-esli derejede artdyrýar. Şonuň üçin ýangyn döremek howpunyň öňüni almak we ýangyn howpsuzlygyny güýçlendirmek maksady bilen şu ýylyň maý aýynyň 1-inden noýabr aýynyň 1-ine çenli ýangyn howply möwsüm yglan edildi. Ýangyn howply döwürde ýangynyň öňüni alyş çärelerini geçirmek hökmandyr: ot ýakmak üçin 15 metr daş-töweregi arassalanan meýdança saýlanylyp alynmalydyr we ody 0,5 metr çuňlukda gazylan çukuryň içinde ýakmaly, ody ulanyp bolanyňdan soň, hökmany suratda söndürmelidir. Ekspedisiýalaryň, guýy gazýan hem bede taýýarlaýan brigadalaryň bolýan ýerleriniň, şeýle hem gara mallar suwa ýakylýan guýularyň 500 metrlik daş-töwereginde her biriniň inliligi azyndan 3,5 — 4 metr bolan iki sany zolak sürülmelidir. Ol zolaklaryň arasy bolsa 30 metr bolup, onuň üstündäki gury otlar ýakylyp aýrylmalydyr.

Beýleki habarlar