Goşa gymmatlygymyzyň sarpasy

19 Aprel 2021
827

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň ilkinji gezek bellenilip geçilmegi guwanjymyza guwanç goşýar. Şu Permanda bellenilişi ýaly, Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bilelikde bellenilip geçiljekdigi gadymy halkymyzyň tohum alabaý itleriniňem milli gymmatlyklarymyzyň biri bolup durýandygyna şaýatlyk edýär. Dogrusyny aýtsak, türkmen halkyny behişdi bedewsiz, tohum alabaý itsiz göz öňüne-de getirmek kyn. Sebäbi, geçmişde ata-babalarymyzyň bedew atlary kowanda ýetip, gaçanda gutulýan uçar ganaty bolan bolsa, alabaý itleri sak goragçysy, wepaly dosty bolup hyzmat edipdirler.

Türkmen alabaýynyň baýramynyň barha golaý gelýän günlerinde döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylda okyjylaryna gowşan “Türkmen alabaýy” atly gymmatly eserini ýatlaman bolmaz. Çünki, milli Liderimiz bu ajaýyp kitabynda türkmen alabaý itleri barada gymmatly maglumatlary okyjylaryna ýetirýär. Tohum alabaý itleriniň geçmişde halkymyzyň durmuşynda eýelän orny dogrusynda gyzykly gürrüň berýär. Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bir günde toýlanylmagy goşa gymmatlygymyza berilýän ýokary bahadyr.

Beýleki habarlar