"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Şöhrata beslenjek ýyl

Türkmenistan — — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halky ähli ugurlarda uly üstünlikler gazanýar. Hormatly Prezidentimiziň taryhda köp sanly şöhratly wakalaryň şaýady bolan türkmen topragy täze eýýamda has-da belent ösüşlere, özgerişlere, şan-şöhrata beslenýär, halkymyzyň ýaşaýyş- -durmuş şertleri yzygiderli gowulanýar. Häzirki döwürde ýurdumyz ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýär, şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbi düýpgöter özgerýär diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny ösdürmekde düýpli özgertmeler geçirilýär. Bu özgertmeler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny we ajaýyp durmuşyny üpjün etmek maksady bilen köpsanly binalar gurlup, ulanmaga berilýär. “Döwlet adam üçindir!” diýen esasy ýörelgäni iş ýüzünde amala aşyrýan Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, müň mertebe alkyş aýdýarys.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen saglyk ulgamyny ösdürmekde düýpli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap hassahanalardyr saglyk merkezleri we saglyk öýleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Saglyk öýleri häzirki talabalaýyk enjamlar bilen üpjün edilýär. Şol enjamlar arkaly hem ilatyň saglygy goralýar.

Ysmanak barada nämeleri bilmeli?!

Ysmanak gadym döwürden bäri dünýäniň ähli künjeginde iýmit hökmünde ulanylyp gelýän, witaminlere, mikroelementlere, şeýle-de gan damarlarynyň gatamaklygynyň öňüni almakda uly ähmiýeti bolan omega-3 ýagyna baý ösümlikdir. Ysmanak dürli keselleriň öňüni almakda we bejermekde ir döwürden bäri peýdalanylyp gelnipdir. Onuň ganazlygy bejermekde, gan basyşyny, ýürek urşuny kadalaşdyrmakda, beýni öýjükleriniň zeperlenmeginiň öňüni almakda, ýatkeşligi gowulandyrmakda, çalt pikirlenmekde, içgatama ýaly ýagdaýlarda peýdasy uludyr. Ysmanak bedeniň alyş-çalyş hadysalaryny gowulandyryp, bedendäki zäherleýji maddalaryň çykmagyna, şeýle-de, öthaltada ýygnanan ödüň bölünip çykmagyna uly ýardamçydyr. Ysmanakdan dürli tagamlar taýýarlananda, şu maslahatlar berjaý edilse, saglygyňyza zyýan gelmez:

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Kanunlar düşündirilýär Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşlere, özgerişlere eýe bolýar. Ajaýyp zamanamyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýokarlanýar. Üstümizdäki — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda täze-täze üstünliklere, belent sepgitlere ýetilýär. Ata Watanymyzyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär. Munuň özi özgertmeleriň gerim almagyna mümkinçilik döredýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi hem-de käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp hem-de oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, 28-nji martda ýurdumyzda täze konstitusion edara bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilendigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidentine Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzasynyň şahsyýetnamasy gowşuryldy

30-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G. Myradow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny gowşurdy. Merkezi saýlaw toparyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we döwlet Baştutanymyza Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny gowşurdy. Bu çözgüdiň tutuş halkymyz tarapyndan buýsanç bilen kabul edilendigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň

Resmi habarlar

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de olarda Watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýuridik şahs hökmünde döredildi, Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrundaky Türkmenistanyň Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynda ýerleşdirilmegi kesgitlenen bu gaznanyň Tertipnamasy, gurluşy hem-de işgär sany tassyklanyldy. ***

Döredijilikli zähmete goşandymyz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyllary belent sepgitler, şanly wakalar bilen dabaralanýar. Arkadag Prezidentimiziň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda-da halk hojalygymyzyň ähli ugurlarynda gowy netijeler gazanylýar. Bu hakykata ýurdumyzyň gaz senagaty pudagynda gazanylýan ýokary netijelerdenem göz ýetirmek bolýar. Şeýle üstünligiň zähmet adamsy hakynda edilýän yzygiderli aladanyň miwesidiginem ýatlamak ýakymlydyr. Şonuň üçinem şanly ýylymyzda-da ulaglar müdirligimiziň kärdeşler arkalaşygy guramasy tarapyndan uly tagallalar edilýär. Şol tagallalaram gazçylarymyzyň iş we durmuş şertlerini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şol bir wagtda biz işgärleriň zähmetini goramagyň meselelerine hem uly üns berip, bu baradaky talaplaryň berk berjaý edilmegi ugrunda ýadawsyz aladalanýarys. Ulaglar müdirligimizde tehniki howpsuzlygyň, hereket howpsuzlygynyň düzgünleriniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegem derwaýys meseledir. Şonuň üçinem bu babatda düşündiriş işlerini talaba laýyk ýola goýýarys.

Dürli derdiň dermany

Gahryman Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş berýän gyzyldan gymmatly kitaplary ruhy gymmatlyklarymyzyň baýlaşmagynda uly ähmiýete eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň eserleri okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döredip, olar watansöýüjiligi, ruhubelentligi, zähmetsöýerligi terbiýeleýär. Alym Arkadagymyzyň halkyň saglygyny goramakda aýratyn ähmiýetli kitaplarynam ýatlamak ýakymlydyr. Şeýle kitaplaryň birem “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy-ensiklopedik eseridir. Bu kitapda güneşli Diýarymyzyň gözel tebigatynyň köpdürli dermanlyk ösümlikleri barada giňişleýin we ylmy nukdaýnazardan täsirli gürrüň berilýär. Üzärligiň köp derdiň dermanydygy dogrusyndaky hakykat hemmelere äşgärdir. Hormatly Prezidentimiziň bu ylmy-ensiklopedik eserinde üzärligiň dümewi, guragyryny, göz kesellerini we beýleki ençeme keselleri bejermekde netijeli derman serişdesi hökmünde ulanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär. Aýratynam, häzirki ýokanç keselleriň öňüni almakda, zyýansyzlandyryş serişdelerinden peýdalanmakda üzärligiň ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçinem bu dermanlyk ösümligiň zyýansyzlandyryjy häsiýetli tüssesinden peýdalanmak giň gerime eýe bolýar. Bu bolsa ýokanç keselleriň öňüni almakda gowy netijeleriň gazanylmagyna getirýär.

Guramaçylykly barýar

Diýarymyza ajaýyp bahar paslynyň gelmegi bilen oba hojalyk işleriniň depgini has-da artýar. Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçileri hem gowaça ekişine guramaçylykly girişdiler. Garagum etrabynyň «Garagum kanaly» daýhan birleşiginiň kärendeçileri sürüm, tekizleşik, geriş çekmek işlerini agrotehnikanyň talaplaryna görä ýerine ýetirip, «Biziň elimiz däl, Babadaýhanyň eli» diýip, «Bissimilla» bilen, ýagşy arzuw-umytlar edip, ekişe girişdiler. Daýhan birleşiginiň kärendeçileri Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda 4400 gektar ýere gowaça ekmegi meýilleşdirýärler. Daýhan birleşiginiň pagta agronomy Döwrangeldi Akmämmedow bilen meýdanda ekişiň geçirilip ýören ýerinde gabatlaşanymyzda şeýle gürrüň berdi:

Tapylgysyz hazyna

Bu ýazgymyz Garaşsyz hem baky Bitarap döwletimiziň Prezidenti, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher ýaly ýiti akyl hazynasyndan öz halkyna sowgat eden “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyndan kalbymyza ornap galan täsirler kökeni. Kitap on iki bölümden ybarat. Has dogrusy, parasatlylygyň genji-känli belentliginden gözbaş alyp gaýdýan köwser suwy ýaly on iki çeşmäniň birleşmeginden dörän tereň akaba. Bu akaba okyjynyň ruhy dünýäsini, pähim--paýhasa teşne kalbynyň sonar ýaýlasyny siňňitlilik bilen gandyrýar. Okap başlanyňdan soň, eliňden düşüresiň gelmeýän bu hikmetli eseri aňyrsyna göz ýetmeýän durmuş ummanyndaky hazynalar adasyna meňzedesim gelýär. Sebäbi, aňyrsy Oguz han nesilbaşymyzdan gaýdyp, ata-babalarymyzyň paýhas eleginde elenip, arkama-arka, nesilme-nesil timarlanyp, sünnälenip gelnen rowaýatlaryň we tymsallaryň, nakyllardyr atalar sözüniň bimöçber köplügi Gahryman Arkadagymyzyň ozaldanam gönezligi juda goýazy parasatly pikirlerini edil tylla ýüzüge göwher gaş goýlan ýaly edäýýär.

Abraýy arşa galýan diýarym

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda uly işler alnyp barylýar. Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýy barha arşa galýar. 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň eziz Watanymyzyň abraýyna abraý goşjak ýyllaryň biri boljakdygyna doly ynanýarys. Döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan oňyn içeri we daşary syýasat dünýä derejesinde barha giň goldawa eýe bolýar.

Bütindünýä saglyk gününe

Tagtabazar etrap hassahanasynyň Üzümçilik oba saglyk merkeziniň maşgala feldşeri Şirin Annaýewa, maşgala şepagat uýasy Mahym Alyýewa ynsan saglygyny gorap saklamak ugrunda irginsiz alada edýärler. Olar bu ýere gelýän hassalary güler ýüz bilen garşy alyp, ak ýürekden hyzmat edýärler. SURATDA: oba saglyk merkeziniň maşgala feldşeri Şirin Annaýewa bilen şepagat uýasy Mahym Alyýewa iş pursatynda.

Alkyş — myrada ýetirýär

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Marynyň ýolagçylary gatnadýan awtoulaglar kärhanasynda ýolagçylara edilýän hyzmat döwrüň talabyna laýyk alnyp barylýar. Kärhananyň tejribeli sürüjileri, işine ezber ussalary awtobuslaryň saz we gurat işlemekleri barada yhlas edýärler. Arzyly kärinden bagt, rysgal-bereket tapýan sürüjiler Akmuhammet Gurbangeldiýew, Suwhan Illiýew, Oraz Annaýew, Guwanç Orazmuhammedow, Gurbanmyrat Garaýew, Allaberdi Hojanepesow, Dörtguly Kössekow, Meret Orammyýew, ata kesbini eýerip gelýän sürüjiler Kerim Gurbangeldiýew, Kaka Jumaberdiýew, Abdylesen Abdyesenow we beýlekileriň atlary zähmet çekýän kärhanasynda göreldeli sürüjiler hökmünde hormat bilen tutulýar. Bu ýerde uly ynam bilen, yhlasly işleýän sürüjileriň ýolagçy gatnadýan awtobuslarynyň saz we gurat işlemegini gazanýan, olaryň alkyşlaryna eýe bolýan ussalaryň biri hem Mukam Annasähedowdyr. Ol her bir sürüjiniň ýolagçy awtobusynyň saz we gurat işlemegi ugrunda yhlas edýär. Mukam halypasy Rahman Akyýewiň göreldesine eýerip, 12 ýyldan bäri bu ýerde işläp gelýär. Häzirki wagtda ýolagçylary gatnadýan awtoulaglar kärhanasynda ata kesbini ýöredýän, işine ezber ýaş sürüjileriň hatarynda Kerim Gurbangeldiýewiň adyna kärhananyň ýolbaşçylary hem öwgüli sözleri aýtdylar. Kärhanada çärýek asyrdan gowrak wagtdan bäri işläp gelýän Akmuhammet Gurbangeldiýewiň ogly Kerime halypalyk edýändigini

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Mukaddes borç Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz gün-günden ösýär, Diýarymyzyň şan-şöhrady bütin äleme ýaň salýar.

Jemgyýetimiziň jebisligi

Halal zähmete, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän maşgalanyň hemişe agzybirligiň, asudalygyň, abadanlygyň hözirini görüp ýaşaýandygy şübhesiz hakykatdyr. Şeýle bagtyýar maşgalalar bolsa, jebis, mäkäm jemgyýetimiziň özenini düzýär. Jebis jemgyýete-de ösüş-özgerişli menziller ýar bolýar. Bu hakykat jemgyýetimiziň durmuş tejribesiniň synagyndan ynamly geçen ýörelgedir. Şonuň üçinem hormatly Belent Serkerdebaşymyz neşekeşlige, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy aýgytly göreş yglan etdi. Jebis jemgyýetimizde maşgalalarymyzyň agzybirligini, bagtyýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli işlere badalga berildi. Ajap eýýamymyzda döwlet Baştutanymyzyň bu derwaýys meseledäki taýsyz tagallalary sanlyja ýyllarda özüniň gowy netijesini berdi. Sebäbi milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, neşe belasyna garşy göreşde mümkin bolan ähli zerur çäreler görlüp, bu iş ýurdumyzda ählihalk işine öwrüldi. Neşe howpunyň düýpli pese gaçan häzirki döwründe düşündiriş işi wajyp wezipe bolup öňe çykýar. Çünki, sagdyn durmuşly ertirimizi nazarlaýan düşündiriş-öňüni alyş işleri gazanylan üstünligi has-da berkitmekdir. Biz neşekeşligiň öňüni almaga gönükdirilen işlerimizi ýokarda ýatlanan çäreler bilen utgaşdyrýarys.

Asudalygyň goragynda

Berk talapdan ugur alýarys Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen halkymyzyň abadançylykda ýaşap, asuda durmuşda döredijilikli zähmet çekmegine ähli zerur şertler döredilýär. Raýatlaryň kanuny hukuklarynyň we erkinlikleriniň talaba laýyk goralyp, bagtyýarlyk zamanamyzyň eşretli günleriniň hözirini görmekleri ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär.

Ulugyz

Daşyndan synlana diýdirip: — Peri! Gabakman gözleri saýalap ýeri,

Dişsize — dänik, dişlä — gowurga

Türkmen halk ertekisi «Akpamykda” agzalýan gowurga arassa bugdaýy gazanda gyzarýança gowrup taýýarlanylýar. «Gowurgadan garyn doýmaz, ajam goýmaz” diýilýän gowurga uzak ýola, çykylanda, mal yzynda gezilende uly güýmenje. Adamda soguljan, garaguşagyry bar bolsa, daşkädiniň çigidi bilen gowurga iýdirilýär.