"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Sport. Sport. Sport.

Ýolöten etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň sport mekdebiniň şepagat uýasy Nabat Gylyjowa bu ýerde çärýek asyrdan bäri yhlasly zähmet çekip gelýär. Ol tälimçileriň we türgenleriň berk bedenli we sagdyn bolmagy ugrunda alada edip, olary lukmançylyk gözegçiliginden yzygiderli geçirip durýar. Şonuň üçin hem tälimçileriň we türgenleriň arasynda N. Gylyjowanyň ady uly hormat bilen tutulýar. SURATDA: etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň sport mekdebiniň şepagat uýasy Nabat Gylyjowanyň türgenleriň saglygyny gözden geçirýän pursaty.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Adyl kazyýetliligiň ýörelgeleri Demokratik, hukuk döwleti bolan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz ösüşli ýol bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler döwletimiziň ykdysady taýdan ösdürilmegine itergi bermek bilen bir wagtda milli kanunçylygymyzyň täze eýýamyň talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna-da ýol açdy. Ajap eýýamymyzyň täze kanunlary kabul edilip, jemgyýetimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň kanunçylyk ýol-ýörelgelerini düzgünleşdirýär.

Ýüpek gurçugy idedilende ýangyn howpsuzlygy

Golaýda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory Orazmyrat Çaryýew bilen duşuşdy we ýüpek gurçugy idedilýän döwürde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri hakda gürrüň bermegini haýyş etdi. — Ýurdumyzda ýüpege bolan isleg ýylsaýyn artýar. Sebäbi ýüpek halk hojalygynyň hajatlary üçin zerur bolan çig maldyr. Ýüpekçiligi ösdürmekde welaýatymyz hem öňdebaryjylaryň biridir. Ýüpek gurçugynyň çykarylýan, iýmitlendirilýän döwründe we pile gaýnadylýan wagtlarda dürli gurluş elementli hem ýangyna çydamly jaýlar, saraýlar, mal saklanylýan jaýlar we başgalar peýdalanylýar. Ýörite gurlan peçleriň kömegi bilen şol jaýlaryň gyzgynlygy hemişe 23-24 gradusda saklanylmalydyr. Köplenç, hemişelik peçler, aýry-aýry halatlarda bolsa wagtlaýyn peçler ulanylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Hususy oba hojalyk önümlerini öndürijileri goldamak döwlet ähmiýetli wezipedir

25-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kaka etrabynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi. Hormatly Prezidentimiziň dikuçary TSTB-niň agzasy — “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti tarapyndan G. Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde gurlan ýyladyşhananyň golaýyndaky ýörite meýdançada gonýar. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär hem--de pomidor, şeýle hem gök önümleriň beýleki görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen toplumyň çägine girýär.

Işiň rowaç bolsun, “mähriban obam!”

Hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk zamanasynda ýurdumyzy ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini, maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Halk hojalygynyň obasenagat pudagyny, aýratyn-da, onuň köpugurly gaýtadan işleýän pudagyny, eýeçiligiň dürli görnüşlerini, şol sanda hususyýetçiligi ösdürmäge düýpli maýa goýumlary goýulýar we özleşdirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine telekeçiler öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar ösen tehnologiýaly häzirkizaman önümçilik toplumlaryny gurýarlar. Gaýtadan işleýän senagatyň düzümleri täzelenip, kämilleşdirilýär. Ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň artdyrylmagy bilen ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň saçaklary ýylyň dowamynda ýokary hil derejeli, ýokumly gök-bakja önümleri bilen üpjün edilýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” durmuşa geçirilmegi hem bu wezipäniň üstünlikli çözülmegine gönükdirilendir. Şeýlelik-de, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikler döredilip, täze önümçilik kuwwatlyklary işe girizilýär.

Ekologiýa — şähergurluşyk strategiýasynyň möhüm ugry

24-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň işewürlik we durmuş maksatly desgalaryň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjeginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz ir bilen ak mermerli Aşgabadyň günorta künjeginde sil suwuny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi.

Guzularyň sany artýar

Güneşli Diýarymyzyň sähralarynda bolşy ýaly, dowarlaryň owlak-guzy möwsümi welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Serhetabat etrabynyň bereketli ýaýlalarynda hem guramaçylykly geçirilýär. Etrabyň “Serhetçi” maldarçylyk hojalygynyň çopan toparlary hem şu gyzgalaňly möwsümi üstünlikli alyp barýarlar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda maldarçylyk hojalygy boýunça mallaryň baş sany 53670 bolup, şol sanda ene goýunlaryň 27760-syndan 26129 sany sagdyn, guzy almak meýilleşdirilipdir. Hojalykda Gurbanaly Täçmuhammedowyň 1-nji, Kakamyrat Myradowyň ýolbaşçylyk edýän 2-nji maldarçylyk fermalarynyň çopan toparlarynyň arasynda möwsümi üstünlikli jemlemek maksady bilen özara ýaryş giň gerime eýe bolýar. Ýaryşda Gurbanaly Täçmuhammedowyň ýolbaşçylyk edýän maldarçylyk fermasynyň çopan toparlary öňde barýar. Guramaçy, işbaşarjaň müdir bilen giň sährada, zähmetiň gaýnap joşýan ýerinde didarlaşdyk. — Fermamyz boýunça 38790 sany baş mal bolup, şol sanda ene goýunlaryň 17654-sinden 16771 sany sagdyn, guzy almaklyga hötde geldik. Gyzgalaňly möwsümde Eziz Söýünowyň, Güljemal Meňliýewanyň, Merdan Akmuhammedowyň, Kakabaý Arrykowyň, Baýram Meredowyň çopan toparlary özara ýaryşda öňdeligi eýelediler.

Hasabat-saýlaw ýygnagynda

Hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen yglan edilen Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň häzirki günlerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň kararyna laýyklykda döwletimiziň degişli edara-kärhanalarynda kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň nobatdaky hasabat-saýlaw ýygnaklary dowam edýär. Şeýle çäreleriň biri «Marynebitgazgurluşyk» trestinde hem işjeň ýagdaýda geçirildi. Hasabat ýygnagynda trestiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň nobatdaky hasabat-saýlaw we kärhananyň iş berijisi bilen işgärleriniň arasyndaky köpçülikleýin şertnamany baglaşmak baradaky meselelere garaldy. Ýygnakda «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Muhammet Toýçyýew hasabat döwründe alnyp barlan işleriniň jemleriniň we guramanyň derňew toparynyň hasabatlary diňlenildi.

Ösýär, özgerýär Watanym

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň ösüş-özgerişli ýoly rowaçlyklara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen halky buýsançly seneleriň biri bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna barýar. Ýurdumyz demokratik, hukuk döwleti hökmünde ähli ugurlar boýunça ösen döwletleriň hataryna goşuldy. Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan taryhy eýýamynyň ýyllary içinde Garaşsyz Türkmenistanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere çykdy. Milli Liderimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasaty netijesinde adam hakdaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.

Bagtyýar ykbally ýurdum

Milli däp-dessurlarymyzdan, ata-baba ýol-ýörelgämizden ugur alýan Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen biziň ýurdumyzda her ýyl mynasyp atlar bilen garşylanýar. 2021-nji ýyly hem “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ady bilen garşyladyk. Bu ýylyň ilkinji ädimini ädýän günlerinden başlap, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň hem ýeňişlerden, uly üstünliklerden doly ýyl boljagyna her birimiz ynandyk. Ýurdumyzy ähli babatda gülledip ösdürip, halkymyzyň ýaşaýyş durmuşyny eşrete beslemegiň giň möçberli maksatnamalaryny amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyz beýik ösüşlere badalga bermek bilen, amala aşyrýan il-ýurt bähbitli tutumly işleri biziň halkymyzyň ykbalyny düýpgöter özgertdi.

Ahlak terbiýesi

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň arassa ahlakly, Watana wepaly bolup ýetişmekleri ugrunda edýän taýsyz tagallaryndan ugur alyp, ýaşlaryň arasynda ahlak terbiýesini güçlendirmek maksady bilen TMÝG-niň etrap geňeşi beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrapda ýerleşýän S. A. Nyýazow adyndaky pagta egirme fabriginde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Ahlak terbiýesi» atly şygar astynda wagyz--nesihat duşuşygyny gurady. Duşuşykda TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Eziz Pygamow, TDP-niň etrap komitetiniň iş utgaşdyrjysy Serdar Jumageldiýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Atamyrat Garaýew duşuşygyň mowzugyna degişli täsirli çykyş edip, ýaşlara öwüt-nesihat berdiler. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň arassa ahlakly, olaryň Watana wepaly bolup ýetişmekleri ugrunda edýän bimöçber aladalaryna sagbolsun aýdýarys.

Belent sarpa

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, hukuk öwreniji zenanlaryň gatnaşmaklarynda zenanlaryň we gyzlaryň arasynda alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, zenanlaryň hukuklary we borçlary, milli maşgala däpleri we gymmatlyklary, ahlak terbiýesi barada söhbetdeşlikleri geçirmek boýunça tabşyryklary berdi. Olardan ugur alyp, TMÝG-niň etrap geňeşi etrap häkimligi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrabyň medeniýet öýünde edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň gatnaşmaklarynda maslahat geçirdi. Duşuşykda çykyş edenler türkmen jemgyýetini ösdürmekde, jemgyýetçilik aňyny kämilleşdirmekde zenanlaryň durmuşdaky uly orny barada durup geçdiler. Kiçijik gyzlarymyzyň arasynda “Iň eýjejik gyzjagaz”, talyp gyzlaryň arasynda “ Talyp gözeli” ýaly döredijilik bäsleşikleriň yzygiderli geçirilýändigini ýatladylar.

Älem ýüzi nurlanýar zenanlar bilen

Beýik ogullary, beýik şahsyýetleri mähriban eneler kemala getirýär. Eziz Arkadagymyz, Oguz han atamyz, Gorkut atamyz, Görogly begdir Magtymguly atamyz ýaly beýik ogullary beren türkmen eneleriniň dowamaty dowam bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eneleri, zenanlary döwletlidir. Şeýle eneleri bolan millet bagtlydyr. Aýal-gyzlar ýaşaýşyň, rowaçlygyň, kämilligiň, öý- -ojaklaryň şuglasy saýylýar. Türkmen halkymyz zenanlary ýüzüniň tuwagy, ary-namysy, maşgala ojagynyň eýesi hasaplap, sarpa goýup gelipdirler. Zenanlar maşgala ojagynyň ýylysyny, jemgyýetiň ahlak binýatlaryny, däplerini gorap saklapdyrlar we bu ýol-ýörelgäni biziň günlerimize çenli ýetiripdirler. Döwlet Baştutanymyzyň gelin-gyzlara goýýan hormaty biziň zenan kalbymyzy diýseň begendirýär, joşdurýar.

Başa täçdir eneler

Bu dünýädäki iň eziz barlyk enedir. Eneler barlyk zynjyrynyň iň möhüm halkalarynyň biridir. Eneler bolmasa, ynsan nesli dowam bolmazdy. Ene söýgüsi uly güýçdür. Perzendiniň sallançagyny üwräp telim gijäni ukusyz geçiren ene “Ýadadym, irdim” diýmez, gaýta “Aýlanaýyn adyňdan” diýip hüwdi aýdar. Ýer ýüzünde ene söýgüsi sähel azalsa, ony doňaklyk bürär. Çünki, Ýer togalagyny ýyladýan ene mähriniň ýylysydyr. Ene elleriniň pamyk ýaly aýasy bilen başyňy sypanda ýüregiňe siňdirýän ýylysyny başga zada deňäp bolmaz. Bizi elmydama özüniň mähri bilen bagryna basýan, durmuşda ýolumyzy arçaýan, kämil kemala gelmegimize sebäp bolýan, gözýetimimizi giňeldýän, dünýämizi gözelleşdirýän mukaddeslik enedir.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Mary etrap hassahanasynyň Peşanaly oba saglyk merkeziniň maşgala şepagat uýalary ýüz tutup gelýän oba adamlaryny güler ýüz bilen garşylaýarlar. Häzirki wagtda howanyň düzüminiň üýtgemegi sebäpli adamlaryň saglygyny goramakda düýpli işler alnyp barylýar. Şonuň ýaly-da, olara sanjym etmek işleri yzygiderli geçirilýär. Hassahanada zähmet çekýän maşgala şepagat uýasy Aýbölek Soltanowa hem gelýän näsaglara degerli maslahatlary berip, olara sanjym işlerini geçirýär. Şeýlelikde, ol oba adamlarynyň alkyşly sözlerine mynasyp bolýar.

Çagalar — biziň guwanjymyz

Ganazlyk (anemiýa) adamyň deri örtüginiň agarmagy, reňkiniň öçügsi bolmagy, içki organlarda üýtgeşikligiň bolmagy, gandaky gemoglobiniň mukdarynyň azalmagy ýaly alamatlary bolan keseldir. Biz demir ýetmezçilikli ganazlyk barada durup geçmekçi bolýarys. Demir ýetmezçilikli ganazlyk diýlip, gemoglobiniň gurluşyna gatnaşýan demriň ýetmezçiligine aýdylýar. Demir ýetmezçilikli ganazlyk wagtyndan öň doglan çagalarda, az agramda we uly agramda doglan çagalarda, şeýle hem, ekiz doglan çagalarda köp duş gelýär, sebäbi bu çagalarda demriň gory soň döreýär. Şol sebäpli hem bu çagalar doglandan 6 aýdan soň öz kadaly agramyny alýarlar we tiz ösýärler, şonuň üçin çaga demriň goşmaça mukdary gerek bolýar.

Tagalla edýäris

Bagtyýarlyk döwrümizde ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu babatynda ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Biz hem çagalar bagymyza gatnaýan körpe nesilleriň sagdyn bedenli, aň-düşünjeli bolup ýetişmekleri üçin ähli tagallalarymyzy edýäris. Biz körpeler bilen irki maşklary ýerine ýetirip, onuň adama peýdaly täsirleri barada gürrüň berýäris. Mundan başga hem arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeklerini, ellerini sabynlap ýuwmagyny yzygiderli nygtaýarys. Şu günler howada tozan bölejikleriniň kadadan artýandygy sebäpli agyz-burun örtüklerini dakynmalydygyny aýdýarys.

Sagdyn bolmak özümizden başlanýar

Ýakynda TDP-niň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi, TAP-nyň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi etrap bilim bölümi bilen bilelikde etrabymyzyň ähli edara-kärhanalarynda, orta mekdeplerinde zähmet çekýän işgärleriň arasynda “Saglyk başymyzyň täjidir” ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çärede çykyp geplänler saglyk meselelerine garadylar. Kadaly iýmitlenmegiň adamyň saglygyny berkitmekde, beden sagatlygyny üpjün etmekdäki täsiri, her bir adamyň dogry iýmitlenip, saglygyny gorap saklamagyň, ilki bilen, onuň özüne baglydygy barada täsirli gürrüň edildi. Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna girýän Garaşsyz Türkmenistanda ýaşlaryň hak-hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar. Olaryň ýaşaýyş derejesi we durmuş taýdan goraglylygy ýokarlandyrylýar.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

22-nji martda — baýramçylyk güni ir bilen özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmaga hem-de döredijilik işlerine sarp etmegi ýola goýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de döredijilik bilen meşgullandy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Milli Liderimiz öz seýisläp ýetişdiren Akhan atly bedewiniň ilkinji at taýynyň doglandygy baradaky buşluga ruhlandy we bu habary uly şatlyk bilen garşylady.

Ak şäherim Aşgabat

Aziýaň dür-merjeni, Ak şäherim Aşgabat!