"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Gutlag iberdi. «Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýetip gelen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Hoş gelipsiň, Nowruzym!

Aleme ýaraşyk, ýazdyr bu günler, aýdymdyr, mukamdyr, sazdyr bu günler Her bir günümizi toý-baýramlara besleýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Milli bahar baýramynyň toýy milli däp-dessurlarymyza laýyklykda toýlanyldy. Bu ajaýyp baýram mynasybetli Diýarymyzyň çar ýanyny aýdym-sazly dabaralar gurşap aldy. Aşgabat — Mary awtomobil ýolunyň ugrundaky açyk sähralykda ýaýbaňlandyrylan «Bahar geldi, ýaz geldi, aýdym geldi, saz geldi» atly baýramçylyk dabarasy hem Milli bahar baýramyna bagyşlanyldy.

Semeni — ýedi aşyň biri

Hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladasy bilen gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen halkynyň milli Nowruz baýramy durmuşymyza mäkäm ornaşdy. Nowruz — iň gadymy baýram bolup, ol türkmen halkynyň söýýän, hatyralaýan baýramlarynyň biridir. Bu baýramçylykda merdana türkmen halkymyzyň däp-dessurlary, urp-adatlary, yrym-ynançlary öz ajaýyplygy bilen şöhlelendirilýär. Nowruz baýramçylygy tebigatda janlanyşyň başlanýandygy bilen baglanyşdyrylýar. Täze ýylyň ilkinji güni hökmünde bellenilýän Nowruz ýere ýyly gidip, ekiş döwrüniň gelendigini, dünýäniň lälezarlyga öwrülendigini aňladýar. Nowruz güni gije bilen gündiziň deňleşýän günüdir. Nowruz baýramçylygynda türkmen halkynyň bereketli saçagy giňden ýazylýar. Ol dürli-dürli tagamlar we şirin-şeker nygmatlar bilen bezelýär. Esasan hem gök ösümliklerden taýýarlanan tagamlar uly orna eýedir.

Anyk wezipeler bellenildi

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdini gazanmakda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Olaryň arasynda adam hakdaky aladalar aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu babatda alnyp barylýan işler şu günüň talabyna laýyk ýola goýulýar. Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahat hem ýokarda ýatlan meselämize bagyşlanyldy. Maslahata edara-kärhanalaryň, bilim we saglygy goraýyş, malie, salgyt, bank we beýleki ulgamlaryň işgärleri gatnaşdylar. Onda raýatlaryň ýüztutmalary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we bu möhüm wezipäniň anyk çözgütleri kesgitlenildi. Işjeň ýagdaýda geçen maslahatda welaýat häkimliginiň umumy bölüminiň müdiri Muhammet Berkeliýew, welaýat prokuraturasynyň umumy bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist Gülşat Mergenowa, welaýat kazyýetiniň şikaýatlar we arzalar bölüminiň müdiri Jora Durdalyýew, welaýat polisiýa müdirliginiň sekretariýatynyň müdiri, polisiýanyň podpolkownigi Kakageldi Geldimuhammedow gatnaşdylar we giňişleýin çykyş etdiler.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Bagtyýar nesilleriň aladasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda okamaga, öwrenmäge, bilim almaga, ylym bilen meşgullanmaga gönükdirilen bimöçber aladalar durmuşa ornaşdyrylýar. Ýaş nesilleriň geljekde ökde hünärmen bolup ýetişmegi üçin bilim ulgamynda birnäçe işler alnyp barylýar. Bilim işgärleriniň yhlasly zähmet çekmekleri üçin milli Liderimiziň başda durmagynda amatly şertler döredilýär.

Sanly ulgam — döwrüň talaby

Oňyn çözgütler kesgitlenildi Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen tutumly işlere badalga berilýär. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynda degerli işleriň gerimi barha giňeýär. Kämil ulgamyň aragatnaşyk we maglumatlar pudagynda eýeleýän orny aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi häzirki döwürde aragatnaşyk we maglumatlar ulgamynda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine iňňän uly üns berilýär.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Welaýatymyzyň köpugurly hassahanasynyň lukmanlary we şepagat uýalary ýüz tutup gelýän näsaglara degerli maslahatlary berip, bejergi işlerini geçirýärler. Hassahananyň döwük-ýenjikli näsaglary kabul edýän bölüminiň lukmany Öwezgylyç Berkeliýew bu ýerde birnäçe ýyldan bäri zähmet çekip gelýär. Ol ýüz tutup gelýän näsaglary güler ýüz bilen garşy alyp, olaryň alkyşlaryna mynasyp bolýar. SURATDA: yhlasly lukman Öwezgylyç Berkeliýew iş pursatynda.

Türkmeniň saýrak bilbili

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan halkymyzyň kalbynda orun alan ussatlaryň döredijiligine goýulýan sarpanyň belent derejelere galmagy netijesinde bu günki gün edebiýatda, sungatda öçmejek yz galdyran ussatlaryň mirasyna täze ömür bagyş edildi. Öz ýaşan manyly ömrüni türkmen milli opera sungatynyň ösmegine bagyş eden ussat halypalaryň biri-de Türkmenistanyň halk artisti Ýolaman Hummaýewdir. Türkmeniň opera sungatynyň ussady Ýolaman Hummaýew 1921-nji ýylyň 10- -njy noýabrynda häzirki Wekilbazar etrabynyň Akgoňur obasynda dünýä inýär. Ý. Hummaýewiň aýdym-saz sungatyna bolan höwesi ýaşlykdan ýüze çykýar. Ol 1941-nji ýylda Aşgabatdaky opera studiýasynda okap, opera we balet teatrynda işe başlaýar. Bu sungat ussadyna ýiti zehini we milli opera sungatyny ösdürmekde eden işi üçin «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at dakylýar.

Ýaş zehinleriň gadamlary

Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan uly özgertmeleri zehinli ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny goldamak üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Mähriban Arkadagymyz medeniýet we sungat işgärlerine uly goldaw berýär, olaryň işlemegi, türkmen halkynyň özboluşly mirasyny wagyz etmekde täze üstünlikleri gazanmagy hem-de bu ulgamy mundan beýläk-de kämilleşdirmegi, ösüşiň täze derejesine çykarmagy üçin ähli şertleri döredýär. Şeýlelikde, milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, medeniýeti, sungaty ösdürmek işinde öňegidişlikler gazanylýar. Eziz Watanymyzyň şäherlerinde we obalarynda döwrebap medeniýet öýleriniň hem-de köşkleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň medeni maksatly beýleki desgalaryň gurulmagy bizi diýseň guwandyrýar, işimize has-da kämilleşmäge itergi berýär. Biziň çagalar sungat mekdebimiziň agzybir mugallymlary hem ýaş nesillere terbiýe bermekde, sungatyň inçe ýollaryny öwretmekde ýadawsyz zähmet çekýärler. Çagalar sungat mekdebimizde ýaş nesiller dürli ugurlar boýunça bilim alýarlar, olar ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk çärelerinde, teleýaýlymlarda, hasabat konsertlerinde çykyş edip gelýärler. Okuwçylarymyz Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly mynasybetli, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda çagalar sungat mekdeplerini 2019 — 2020- -nji okuw ýylynda tamamlan okuwçylaryň arasynda dürli hünär ugurlary

Sport syýasatynyň gadamlary

Basketbolçy gyzlar Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly mynasybetli Mary şäheriniň 5-nji sport mekdebinde sportuň dürli görnüşlerinden ýaryşlardyr sport çäreleri guralýar.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Sagdyn durmuşyň höziri başga Ajap eýýamymyzda hormatly Belent Serkerdebaşymyz sagdyn durmuşyň dabaralanmagyna gönükdirilen uly işlere badalga berdi. Neşekeşlige, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy yglan edilen aýgytly göreş ählihalk işine öwrüldi we sanlyja ýyllarda oňyn netijesini berdi. Neşe belasynyň öňüni almakda gazanylan ägirt uly üstünlik jemgyýetimizde ýokary ruhubelentligi döretdi. Munuň özi milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu örän elhenç howpuň garşysyna göreşmek üçin mümkin bolan ähli çäreleriň görülendigini subut edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Zähmet terbiýesi şahsyýetiň sazlaşykly ösmeginiň möhüm şertidir

18-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli kömekçi hojalyklarda alnyp barylýan işler we köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjege gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç. Amanow hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we

Resmi habar

“Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 17-nji martynda çykaran 819 belgili Permanyny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, goranmak ministrine, içeri işler ministrine, milli howpsuzlyk ministrine, Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy. TDH.

Agzybirligiň we gözelligiň baýramy

Nowruz gadymy döwürlerden bäri Gündogar halklarynyň arasynda belli bolan ajaýyp baýramlaryň biridir. Nowruz — «Täze gün” diýmek bolup, mart aýynyň 21-ine gabat gelýär hem-de täze ýylyň täze gününiň başlanýandygyny aňladýar. «Ergenokon” dessanynda bolsa türki halklaryň garaňkylykdan ýagtylyga çykan gününiň Nowruz baýramyna gabat gelendigi hakynda birnäçe rowaýatlar hem aýdylýar. Nowruzyň gelmegi bilen goja Zemin,ene toprak juwan keşbe girýär, adamlaryň ruhyna ruh goşulýar. Şonuň üçin hem Nowruz ähli baýramlaryň arasynda tebigy baýramdyr. Merkezi Aziýa, Kiçi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň halklarynyň arasynda asyrlaryň dowamynda Nowruz baýramynyň bellenmegi bilen baglanyşykly birnäçe däp-dessurlar döräpdir. Olaryň hatarynda öýleri, köçeleri ýa-da dükanlary bezemek, haýyrly işleri amal etmek, dogan-garyndaşlara, dost-ýarlara görme-görşe barmak, göreş tutmak, gazal aýtmak hem-de ýörite baýramçylyk tagamlaryny taýýarlamak ýaly, däp-dessurlary görkezmek bolar. Gadymy däplere görä, Nowruzyň birinji güni bahar, ikinji güni tomus, üçünji güni güýz, dördünji güni gyş hasaplanypdyr. Eger birinji güni ýagyş ýagsa, onda ýylyň hasylly geljegi hakynda ynanç döräpdir. Nowruz däpleri adamlaryň arasynda birek-birege ynanmak, ýagşylyk etmek ýaly duýgulary döredipdir.

Nowruz — rysgaldan nyşan

Halklary biri-birine golaýlaşdyrýan baýramçylyklaryň biri bolan Halkara Nowruz baýramy iň gadymy döwürlerden bäri bellidir. Nowruz gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän wagty bolup, şol günden soň gündiziň dowamlylygy gijäniňkiden uzaýar. Ygalyň mukdarynyň artmagy bilen bahar paslynyň tämiz howasyndan nemlenen sährada gögeren otlar başlaryny göge tutup, ösüp başlaýarlar. Käbir halklar ýaz paslynyň gelmegi bilen ýere ýyly gidip, 21-nji marty ýaşaýşyň nyşany diýip düşünýärler. Nowruz baýramy 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Bag — durmuşyň bezegi

Tebigat gözelligi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde has ähmiýetlidir.

Ajaýyp sene

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ajaýyp zamanamyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Ynha, gül Diýarymyzyň goýnuna ýaz paslynyň gelmegi bilen Zeminiň ýüzi üýtgeşik keşbe girdi. Dag-düzler ýaşyl begresini atynyp, baglar ak güller bilen bezeldi. Milli bahar — Halkara Nowruz baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk dabaralary guralýar. Bu baýram täzelenişiň, janlanyşyň baýramy hasaplanylýar. Nowruz baýramy gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän wagtyna gabat gelmek bilen, Gündogarda täze ýylyň gelendigi hasaplanýar. Nowruzyň gelmegi bilen eziz Watanymyzyň ähli ýerleri al-ýaşyl güllere bürenýär, ene topraga jan girýär. Şeýle ajaýyp zamanamyzda gül-gülälekli Watanymyzyň goýnunda bolelin, eşretli durmuşda ýaşamaga ruhlandyrýan Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!

Al-elwan güller içinde

Ynsan kalbyna ruhubelentlik we galkynyş, jümle-jahana diriliş hem täzeleniş paýlaýan bu nurana baýram — Milli bahar baýramy mart aýynyň 21-22-sine giňden bellenilip geçilýär. Ol gül-gülälekli Nowruz baýramy bilen utgaşyp gelýär. Milli bahar baýramy halkymyzyň alyp barýan we amala aşyrýan işleriniň özenini, geljege ynamly ýolunyň manysyny, ruhubelentligi hem täzelenişi, ýagşylygy hem berekedi, bagtyýarlygy hem abadançylygy alamatlandyrýar. Asyrlarboýy halkyň hakydasyna nur çaýyp, taryhyň synaglaryndan geçip gelen, millet hökmünde özüni tanatmakda, geçmişine, şu gününe, geljegine göz ýetirmekde, ata-babalarymyzyň synmaz ruhuny aňlara hem kalplara siňdirmekde we geljekki nesillerimize miras hökmünde geçirmekde juda uly gymmaty bolan Milli bahar we Nowruz baýramlary uly dabara we joşguna beslenýär.

Kalbymyz joşa gelýär

Tebigata jan girip, gül-gülälege beslenip, gelen bahar adamlaryň kalbyny joşa getirýär. Bahar paslyny garşylap, gözel tebigatyň gujagynda ýaýnaýan ynsan ýüregi ajaýyp gözellige beslenýär. Tebigatyň şu gözelligine syn edeniňde bahar paslynyň gözel görnüşleri haýrana goýýar. Bahar paslynyň ilkinji aýynda bolsa, toý-baýramlarymyz goşa-goşadan gelýär. Ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde aýdym-saza beslenip, bellenilýän Halkara Nowruz baýramy hem ýetip geldi. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da uludan tutulýan bu toý şatlyk-şowhuna beslenýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Halkara Nowruz baýramyna ulus ilimiz taýýarlykly barýar.