Agzybirligiň we gözelligiň baýramy

19 Mart 2021
855

Nowruz gadymy döwürlerden bäri Gündogar halklarynyň arasynda belli bolan ajaýyp baýramlaryň biridir. Nowruz — «Täze gün” diýmek bolup, mart aýynyň 21-ine gabat gelýär hem-de täze ýylyň täze gününiň başlanýandygyny aňladýar. «Ergenokon” dessanynda bolsa türki halklaryň garaňkylykdan ýagtylyga çykan gününiň Nowruz baýramyna gabat gelendigi hakynda birnäçe rowaýatlar hem aýdylýar. Nowruzyň gelmegi bilen goja Zemin,ene toprak juwan keşbe girýär, adamlaryň ruhyna ruh goşulýar. Şonuň üçin hem Nowruz ähli baýramlaryň arasynda tebigy baýramdyr.

Merkezi Aziýa, Kiçi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň halklarynyň arasynda asyrlaryň dowamynda Nowruz baýramynyň bellenmegi bilen baglanyşykly birnäçe däp-dessurlar döräpdir. Olaryň hatarynda öýleri, köçeleri ýa-da dükanlary bezemek, haýyrly işleri amal etmek, dogan-garyndaşlara, dost-ýarlara görme-görşe barmak, göreş tutmak, gazal aýtmak hem-de ýörite baýramçylyk tagamlaryny taýýarlamak ýaly, däp-dessurlary görkezmek bolar. Gadymy däplere görä, Nowruzyň birinji güni bahar, ikinji güni tomus, üçünji güni güýz, dördünji güni gyş hasaplanypdyr. Eger birinji güni ýagyş ýagsa, onda ýylyň hasylly geljegi hakynda ynanç döräpdir. Nowruz däpleri adamlaryň arasynda birek-birege ynanmak, ýagşylyk etmek ýaly duýgulary döredipdir.

Beýleki habarlar