Türkmeniň saýrak bilbili

22 Mart 2021
1154

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan halkymyzyň kalbynda orun alan ussatlaryň döredijiligine goýulýan sarpanyň belent derejelere galmagy netijesinde bu günki gün edebiýatda, sungatda öçmejek yz galdyran ussatlaryň mirasyna täze ömür bagyş edildi. Öz ýaşan manyly ömrüni türkmen milli opera sungatynyň ösmegine bagyş eden ussat halypalaryň biri-de Türkmenistanyň halk artisti Ýolaman Hummaýewdir.

Türkmeniň opera sungatynyň ussady Ýolaman Hummaýew 1921-nji ýylyň 10- -njy noýabrynda häzirki Wekilbazar etrabynyň Akgoňur obasynda dünýä inýär. Ý. Hummaýewiň aýdym-saz sungatyna bolan höwesi ýaşlykdan ýüze çykýar. Ol 1941-nji ýylda Aşgabatdaky opera studiýasynda okap, opera we balet teatrynda işe başlaýar. Bu sungat ussadyna ýiti zehini we milli opera sungatyny ösdürmekde eden işi üçin «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at dakylýar.

Beýleki habarlar