Ajaýyp sene

19 Mart 2021
825

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ajaýyp zamanamyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Ynha, gül Diýarymyzyň goýnuna ýaz paslynyň gelmegi bilen Zeminiň ýüzi üýtgeşik keşbe girdi. Dag-düzler ýaşyl begresini atynyp, baglar ak güller bilen bezeldi. Milli bahar — Halkara Nowruz baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk dabaralary guralýar. Bu baýram täzelenişiň, janlanyşyň baýramy hasaplanylýar. Nowruz baýramy gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän wagtyna gabat gelmek bilen, Gündogarda täze ýylyň gelendigi hasaplanýar. Nowruzyň gelmegi bilen eziz Watanymyzyň ähli ýerleri al-ýaşyl güllere bürenýär, ene topraga jan girýär.

Şeýle ajaýyp zamanamyzda gül-gülälekli Watanymyzyň goýnunda bolelin, eşretli durmuşda ýaşamaga ruhlandyrýan Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!

Beýleki habarlar